torsdag, maj 24, 2007

Bildiriş
Hormatly ildeşler!

http://www.turkmentaryh.com diýen internet sitymyz ýola goýuldy. Onda Türkmen taryhy we milli medeniýeti barada maglumat bermäge synanşýarys. Esasan her dürli ýaşda bolanlaryñ hem-de sowat derjeleri taýdan dürli tapgyrlarda bolan ildeşlerimiziñ taryhy wakalary añsat düşüner ýaly maglumat bermegi-de göz öñünde tutuduk.

İnternet sit hem-de web-log eýlerinden etjek hayşymyz öz sitlarynda biziñ adresimizi «link» berip, onuñ tanadylmagyma kömek etmekleri.

Elbetde Taryh bilimi bar bolan ýa-da Türkmen taryhy bilen gyzyklanýan ildeşlerimizden hem berjek goldawlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Hormatly ildeşler!

Eger-de sizi Türkmen taryhyna degişli haysydyr bir mesele gyzyklandyrýan bolsa ýa-da taryhy wakalar barada soraglaryñyz bar bolsa hokman bize hat ýazyñ. Biz siziñ soraglaryñyzy kanahatlandyrmaga synanşarys.

Siz biziñ saytymyzda ýerleşdiriljek baý kitaphanamyzdan, ses hem video ýazgy esasly arhıwımyzdan-da peýdalanyp bilersiñiz. Ýa-da beýleki ildeşlerimiz peýdalanar ýaly ýollan kitapdyr beýleki materiallaryñyzy ýerleşdirip bilersiñiz.

Biziñ esasy maksadymyz Türkmen taryhyny akademik usulda, faktlar hem deliller bilen öwrenmek we ony tanatmak.

Nesip bolsa her hepdede ýa-da aýda bir gezek «paltalk» arkaly ýörite gepleşikleri-de duwşuşarys.

Gadyrly ildeşler!

«Taryhyny bilmedikler ony gaýtalamaga mejburdyr» diýlip ýöne ýere aýdylan däldir. Eger biz ata-babalarymyzyñ myras galdyran düzgünlerini öwrenmesek nädip ony gorararys? Eger biz serdarlarmyzyñ ene topragymyzyñ, ata ýurdumyzy goramak ugrundaky göreşlerinden bi-habar bolup otursak, onda nädip geljekgi nesiliñ ýüzüne bakyp bereris. Eger-de bolan ýalñyşlyklardan sapak almasak, onda biz ýene-de şol ýalñyşlary gaýtalamaga mejbur bolarys.

Onda; geliñ el-ele berip Türkmen taryhyny, milli medeniýetini öwrenmäge gaýrat edeýliñ.

Hormat bilen sityñ müdüri
A. Goli
Taryh ylymlaryñ kandidaty

Inga kommentarer: