lördag, maj 31, 2008

Congratulation International KIDS Day!

اول ژؤئن روزجهانی کودک گرامی باد!ر

1-NJY İÝUN HALKARA ÇAGALAR GÜNİ ÝER
ÝÜZÜNDÄKİ BÜTİN ÇAGALARA, YLAÝTA-DA
TÜRKMEN BALALARYNA GUTLY BOLSUN!
ازبرنامه: کانون فرهنگی - سیاسی خلق تورکمن
درباره حقوق کودکان
خ- بکار گماردن کودکان و نوجوانان تا هیجده سالگی ممنوع خواهد بود. مگر در شرایط کارآموزی که آن نیز با حقوق ویژه و با نظارت وزارت کار دولت فدرال همراه خواهد بود.ر



“Bal süýji, baldan bala süýji”

Heniz ösüş ýaşynini kämillerşdirmän, 15 ýaşdan aşakada, millionlarça çaga, iş meýdanlaryna sürülýär. Muña maşgala durmuşy, sosýal we ykdysady şertler sebäp bolýar. Agyr zähmetiñ astynda çagalaryñ tenine we ruhuna agyr şikes ýetyär.
Ýer ýüzünde 246 million çaganyñ iş meýdanlaryna sürülyändigi barada Birleşen Milletler Guramasynyñ (Sazman melleiñ) UNSEF edarasy maglumat berýär. Olardan 171 milliony diýseñ agyr zähmet şertlerinde, magdanlarda, ekerançylyk meýdanlarda, fabrik, zawodlarda işlemäge mejbur bolýarlar.
Bu ýagday biziñ söwer balalarymyzñ durmuşyna-da öz öñaysyz täsirini ýetirip gelýär. Henizem müñläp-müñläp balalarymyz Türkmenistanda pagta meýdanlaryna sürülýän bolsa, ýüzlerçesi Aşgabadyñ bazalarynda purgun we galtak bilen ýük daşamaga mejbur bolýarlar. Ýurtda höküm sürüp gelýän agyr ykdysady şertler, ýokardakylaryñ doýmaz gözi we haltasy Türkmen çagalarynyñ şeýle mehnetli güne düşmegine sebäp bolup gelýär.


Pagta atyzyna sürlen Türkmen balasy

Ýagdaý, İlerki Türkmenistanda ondanam agyr, şeýle agyr zähmetleriñ ýany bilen hatsyz-sowatsyz galmaklary, dürli keselbentlige duwçar bolmaklary, üstesine neşekeşlige iterlenmekleri-de balalarymyzyñ durmuşynda uly howp bolup durýar.
Mekdep klaslarynda sapak almalay çagalarmyz, meýdanlarda işledilýär, ymgur çöllerde çoluk bolup işe çekilýär. Häkimiýetler olaryñ saglygy saklayşyna Ylym-bilim almak işine, añ-düşünjeleriniñ ösmegine düýbünden alada edenok.

Nädip çagalara hemaýat bermeli?

– Okuw mugt bolup, ol ähli çagalara elýerlikli bolmaly.

– Adam Hukularynyñ Ähliumumy we Çagalar hukugynyñ konvensiýalary esasynda, olaryñ ukyplaryny ösdürmek ugrunda hökümetler we hökümetlere degişli bolmadyk NGO-lar alada etmeli.

– Maşgalalara çagalaryñ geljegi bilen düşünjenlerini ösdürmeli.

– Çagalaryñ işlemgini gadagan edyän kanunlaryñ düzülmeli we onuñ ýerine ýetirilşine berk gözegçilik etmeli.

Biz ýer ýüzündäki çagalaryñ, ýlaýta-da Türkmen balalarymyzyñ ýaşlygyny, çagalayk döwrüni sagdayn we şadayýan geçirmeklerini dileýäris. Goý, diñe olara niýetlen bu halkara gününde olaryñ gözlerinden ýaş akmasyn. Olar geljege umytlansynlar, Sebäi çagalar bu dünýäniñ geljegidir.

Türkmen Halkynyñ Medeni-Syýasy Ojagy
1.06.2008

1 kommentar:

Anonym sa...

Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
mayocareclinic@gmail.com
Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.