måndag, maj 19, 2008

Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Goliarne@yahoo.com
II. Bölüm:
v
GURULTAÝA TARAP !

İlerki Türkmenistan Jemhuriýetine ýolbaşçylyk eden prezident Osman ahun
1917-njy ýylda Türkmenleriñ uly möçberdäki gozgalañy general Madritow tarapyndan gana çaýlayp ýatyrlandan soñ, maslyga gonan gargalar ýaly Tahran hökümeti, halkymyza soñky we öldüriji zarbany urmak maksat bilen olaryñ üstüne goşun sürmegi planlaşdyrýar. Ýöne 1918-nji ýylda birinji Dünýä söweşiniñ tamam bolup, Bolşevik ynkylabynyñ ýeñiş gazanmagy, ýene bir gezek halklaryñ azatediş hereketlerine itergi berdi. Şol esasda Türkmenler bu gezek bar güýji bilen jebisleşip, göreşlerini ýygjamlaşdyrýarlar. Eýranyñ içinde bolup geçýän syýasy gapma-garşylyklar, Britaniýanyñ öz bähbitleri ugrunda hem-de Şurevi režimine garşy planlary esasynda, bu ýurtda merkezleşen hökümet döretmegi planlaşdyrýar. Şol esasda Gajarlaryñ soñky patyşasy Ahmad şanyñ garşysyna öz geljekgi dikmesi boljak Reza hany taýýarlaşýardy. Ýöne onuñ patyşalyk tagtyna çykmagynda Horasanda Pesýanyñ, Araplarda Hazeliñ, Tebrizde Muhammet Hiýabanynyñ we Türkmenlerde Osman ahunyñ ýolbaşçylygyndaky gozgalañlar böwet döredýärdi. Bu böwetleri aradan aýyrmak maksady bilen Britaniýanyñ gullaryna öwrülen generallar şol sandan seheng Zahedi, serleşker Jahanbany we Horasan leşgeriniñ başlygy Janmuhammet han Türkmenleriñ gozgalañyny basyp ýatyrmak ugrundaky harby operasiyalara ýolbaşçy edilip bellenýärler.
Soldan saga: Janmuhammet han-Zahedi- Jahanbany

Merkezi hökümet Türkmenleriñ gozgalañyny kesä sowmak maksady bilen başda olara käbir mümkinçilikleriñ berilmegi ylalaşyar. Hatta Kümmetgowza häkim edip Osman ahunyñ bellenmegini-de ykrar edyär.
Osman ahunyñ Kümmetgowza we Aköýli etrabyna häkim edilip bellenmeginden
soñra onuñ ol ýere gelmeginiñ islenýändigi barada Tahrana ýollan haty.
(Eýranyñ merkezi arhiwnden)

GOZGALAÑ MÖWÇ ALÝAR

1924-nji ýyldan başlap, Türkmenleriñ ähliumumy gozlañy, gündogarda Bujnurt kürtleriñ hereketleri bilen bilelikde Tahran režiminiñ gonjyna gor guýýar. Hökümet aldaw ýoly bilen kürtleriñ hany Muazizi tussag edip, 28 sany türkmen bilelikde Maşatda dardan asýar. Şondan soñ bütin demirgazyk-gündogar eýranda halk gozgalañy başlanýar. Bu gozlaña Türkmenler Hazar kenaryndan başlap, tä Gökleñ jülgelerine çenli agzybir gatnaşýlar. Şonuñ netijesinde 1924-nji ýylyñ 20-nji maýynda Omçaly oabasynda uly gurultaý geçirilip jemhuriýet yglan edilýär
Gozgalañçylaryñ esasy merkezleri.
Eýranyñ ýaragly güýçleriniñ baş karargähi tarapyndan
taýýarlanan karta (Tarih Erteş Iran. 1-jild)

İlerki Türkmenistanda Jemhuriýet düzgüniñ jar edilmegi, hem içeri hem-de daşary ýurt metbugatynda öz beýanyny tapýar. 1924-nji ýylyñ 31-nji awgustynda SSSR-iñ Halk Komisserler Şurasynyñ Orta Aziyadaky daşary işleri boýunça wekili German Moskwa telegaramma arkaly bu ýagdaýy bildirip, şeýle diýipdir:“Merkezi hökümetiñ oltimatomyna garamazdan, şeýle-de hökümetiñ ýollan goşunyna ençeme gezek zarba uranlarynda soñ, Eýran çäginde ýaşaýan Türkmenler jemhuriýet düzgünini jar etdiler.” Halk komisseler Şurasynyñ Aşgabatdaky wekili-de şol ýylyñ 28-nji awgustynda Moskwa ýollan raportynda Türkmensährada jemhuriýet gurlup, Osman ahunyñ prezidentlige saýlanandygy hem-de 10 adamdan ybarat aksakgallar Şurasynyñ ondan hemaýet edýändigi habar berlipdir. (H.Ataýew. Eýran Türkmenleriniñ gozgalañy 1916-1924)

*********************
Bu wakalaryñ jikme-jigi barada öz wagtynda Türkmenleriñ gozgalañyny ýakyndan ýzarlan rus taryhçysy Berezkiniñ 1931-nji ýylda Daşkentde rus dilinde çap bolan kitabynyñ 3-nji bölümini ünsüñize hödürleyäris. Mälim boluşy ýaly merhum H.Ataýew öz işinden bu kitaba esasy çeşme hökmünde salgylanypdy. Bu kitabyñ doly terjimesi ýakyn günlerde şu aşakdaky görnüşde okyjylaryñ dykgatyna ýetiriler.
БЕРЕЗКИН Р.В.
В ГЮРГЕНСКОЙ ДОЛИНЕ...
ТАШКЕНТ 1931 г.

بریـوُزکین. ر. ب
گــۆرگـن جـۆلگه سـینده

داشکنت 1931

ترجمه: ر

آقمیرات گـۆرگـنلی

نشر:ر
کانون فــرهنگــی- سیـاسـی خـلـق تـورکمـن
III. 1925-NJİ ÝYLYÑ GYŞYNA ÇENLİ ...
Bu gezekki boljak söweşe artillerýa polkunyñ komandiri polkovnik/ tophana sehengi/ Mehdi han ýolbaşçylyk edýär. Şeyle hem oña Bujnurt hanyna garşy durjak bütin Gündogar divizýasyna/leşgere/ ýolbaşçylyk etmek tabşyrylýar. Dviziýaniñ komandovaniesi/ýolbaşçysy/ türkmen topary bilen söweşmegi niýet edindi. 22-nji fewralda 50 atlynyñ goragynda Gündogar dviziýa komandovaniesi ýagdaýlary ýerinde öwrenmek hem-de ýoly goramak maksady bilen Maşatdan Şahruda ugradylar. Ýüzlerçe piýada goşundan ybarat bolan esgerler Sebzewar we Şahrut aralygyndaky stansiýada saklaw garawuly edilip goýlupdy. Emma bu ýagdaý oñaýly netije bermedi. Ýol öñküleri ýaly türkmenleriñ elindedi. Şol bir wagtda türkmenleriñ syýasy topary birleşýärdi. Türkmenleriñ arasyndaky tire-taýpa gapma-garşylygy aradan aýryldy. Çünki Eýran hökümeti türkmenleriñ umumy ýagysydy. Ahyry-da türkmen hereketiniñ ýolbaşçylary özara geneşip, 20-nji mayda Kümüşdepäniñ günorta-gündogaryndaky Omçaly obasynda gurultaý çagyrdylar. Gurultaý japarbaý, atabaý, gökleñ türkmenleriniñ arasynda ýüze çykyan agzalalygy ýok etmek kararyna geldi. Şeýle-de gurultaý Eýrandan düýpgöter ayrylyp, garaşsyz Türkmenistan Respublikasyny döretmäge karar berdi. Respublikanyñ prezidenti edilip, japarbaýlardan bolan iñ meşhur adam-Osman ahun bellendi. Ähli möhüm meseleleri çözmek üçin prezidentiñ ýanynda esasy organ döredildi. Ol organ «aksakallaryñ geñeşi» adyny alan ähliumumy parlamentdi. Aksakallar geñeşine Körlerden molla Rejep, Aryk-kellerden Arazgurban, Tumaçlardan İmanguly, Çükkänlerden Eziz hojamyradow, Garynjyklerden Hojanýaz han[1], Keltelerden Esen han saýlandylar.
Olaryñ köpüsi japarbaýlardandy. Atabaýlar, gökleñler azdy. Az sanly bolany üçin olar «ak sakallylaryñ» geñeşinde ýer alyp bilmediler. Bu bolsa parlamentde oñaýsyzlyk döretdi.
Türkmen hökümetiniñ döredilmegini Sovet Soýuzy dostlukly kabul etdi. Hatda Kreml Türkmenistan SSR-ne öz wekilini iberip, Eýrandaky türkmenleriñ SSSR-iñ düzümine girizmek meselesini ýola goýjak hem boldy. Emma SSSR goñşy döwlertiñ we onuñ halklarynyñ içki işlerine goşulmaly däldir diýen gürrüñ ýaýrap, Kremlden iberiljek şol wekiller ýollanman galdy.
Garşydaşlarynyñ esasy güýçleri bilen çaknyşmajak bolan türkmen otryadlary hereket edip başlaýarlar. Pars goşunlarynyñ aragatnaşygyna, harbylaryñ söwda kerwenininiñ üstüne hüjyme geçýärler. Olar bolsa Tahran ýolunda- Gündogar diviziýa aralygyndady.
Tahranyñ görkezmesi bilen Gündogar diviziýa mart aýynyñ ahyrynda Mehdi hana Bujnurtdan çykyp, her edip-hesip edip, türkmenleri ýaragsyzlandyrmak baradaky buýrugy berýär.
Mehdi han aprel we may aýlarynda ekspedisiýany taýýarlap, iýun aýynyñ başynda türkmen sährasyna girýär.
Ekspedisiýa başda uly üstünlige eýe bolýar. Öz üstünligi barada magtanyp, Gündogar diviziýasynyñ komandovaniýesine telegraf arkaly «Fikr- e azad»
/145, 27-nji iýun, 1924 -nji ýyl/ gazetinde raportyny çap etdirýär. "17-nji iýunda on sagatlap bolan söweşlerden soñ Myratdepe eýelendi. Ol Kümmet-kabusdan demirgazyk-gündogar aralygyndaky 4 kilometrlike ýerleşýär. Galtamanlar çar tarapa ýaýrapdyrlar. Şol töwerekler, ýomutlaryñ, gökleñleriñ goranyş ýerleri. Şyhy han ähli garyndaş başlyklary bilen ýesir alyndy. Türkmenler talap alan bir bölek emlägii gaýtaryp berdiler. Galan bölekleri-de on günüñ içinde getirmäge dil hatyny ýazdylar. «Myrat depäniñ eýelenmegi ýomutlar bilen gökleñleriñ arasynda gorky döretdi. Şol sebäpden ýomutlaryñ we gökleñleriñ hormat goýýan adamsy Kerim işan käbir hanlary yanyna alyp, meniñ bilen gepleşik geçirmäge geldi. Garabalkan, Igdir ýaly toparlar ýok edilenden soñ imamyñ kömegi bilen beýleki başbozarlar maña boýun boldular. Indi türkmen leşgerleri-de maña boýun. Tahran ýoly doly açyldy, ýolda asudalyk bar. Maşada zyýarata gidijiler we syýahat edijiler bu ýola arkaýyn düşüp bilerler". Mehdi hanyñ gözüniñ öñünde generallyk derejesi janlanýardy. Emma iýul aýynyñ ilkinji gününde türkmenler duýdansyz çozuş edip, Mehdi hanyñ otryadlaryny ikä böldüler. Ortrýad goşun düzüminiñ köp bölegini ýitirip, yza çekildi. 2 sany dagda atýan topuny, 4 sany luis, 1 sany kolta we 1 sany maksim pulemetlaryny türkmenler tarapyndan ýoga çykardan Mehdi han 30 atlysy bilen Bujnurda tarap ökjäni göterdi. Bu söweşiñ jikme-jigini biz bilmeýäris. Mehdi hanyñ ýeñilşi hakda hem aýdynlyk ýok. Emma Mehdi hanyñ öwünjeñligi, türkmenlere kembaha garamagy onuñ türkmenlerden ýeñilmegine sebäp bolandyr diýen çaklama bar. Galyberse-de türkmenleriñ razvedkasy örän güýçli bolupdyr. Duşmanyñ haýsy tarapyndan baranynda üstünlige eýe bolunjagyny öüñnden añypdyrlar.
Pars komandovaniesiniñ ýagdaýy asgynlyga tarap üýtgäpdir. Gündogar diviziyanyñ oklary, top oklary dolulygyna gutarypdyr. Merkezden ok almaga mümkinçilik ýok eken. Onsoñam merkeziñ özünde-de artykmaç ok ýokdy. Kommunikasiýa dolulygyna türkmenleriñ eline geçipdir. Adam sanlary-da ýeterlik däl eken.
Maşatda bar bolan esgerler Mehdi hana iberilipdir. Şunlukda Maşat şäheriniñ özi goragsyz galypdyr.
Gain-Sistan brigadasynyñ komandiri 14-nji-16-njy iýul aralygynda Gündogar diviziýadan 1 eskadrony, 2 rota we 2 batereýaly topy, 8 sany luis pelemetyny ýanyna aldy. 23-nji iýulda şu brigadanyñ 400 sany ştukli piýada we 200 sany atly esgerleri Maşada geldiler. Olar derrew geýindirilip, Bujnurt frontuna iberildiler.
Hereket ediji goşun ýeterlik däldi. Frontdaky ýagdaý adatdan daşary agyrdy. Gündogar diviziýanyñ komandiri atly goşun diläp, Berber, Teýmuri, we Hezara hanlyklaryna ýüz tutdy.
Mehdi hanyñ goýberen hatalaryny derñemek üçin Maşadyñ atly polkunyñ komandiri Bagyr han iberildi. Mehdi han tussag edilenden soñ onuñ deregine Bagyr han bellendi.
Ähliumumy türkmen hökümedini döreden we halkara duşmançylgy ýok eden türkmenler öz söweşjeñ işlerini işeññir alyp bardylar.
Türkmenler batyrgaý atly goşun bilen aýry-aýry ýeñişleri gazanyp biljeklerine gowy düşünseler-de hemme taraplaýyn tejribeli komandirleriñ ýok ýerinde ýeñişiñ bolmajagyny oñat bilýärdiler. Şu bolmasa urşuñ soñuna çykylmajagyna düşünýärdiler.
Ýorite harby mekdebini döretmek meselesi örboýuna galdy. Türkmen hökümeti mugallymçylyk eder ýaly türk harby ofiserlerini- Kadyr efendini, Jamalbeyi, Mehdi efendini, Mustafa beyi, Hudaýar efendini, Murat beyi we Soltan paşany çagyrdylar.
Olar Enver paşanyñ gündogar-Buhara avanturasyna/söweşine gatnaşan ekenler. Enver paşa ýeñilenden we öldürlenden soñ türk ofiserleri Eýrana gaçypdyrlar.
Okuwlar giýñ programma esasynda gündelik alynyp barylýardy. Mekdep döredilen badyna syýasy buro/edara hem döredildi.
Molla her günki okaýan dogalarynda pars hökümetiniñ türkmenleri özüne bakna etmekden el çekýänça göreşi dowam etdirmelidigini ündeýärdi.
Türkmen hökümeti türk ofiserler arkaly Türkiye bilen gatnaşyk etmek üçin ol döwlete öz wekilini iberdi. Türkmen otryadlary özlerini işeññir alyp barýardylar.

*********
[1] Belli göreşjeñ ýigit, Hajyhan Oguzynyñ dädesi (AG).

Inga kommentarer: