lördag, maj 12, 2007


Milli şahyrymyz

MAGTYYMGULY

HAKYNDA:

Bibliografiýa
hem
Kä bir Tankydy Garaýyşlar

Ýazan:
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty



Magtymguly köñle gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüñi ýitirme,
Sözüm diñlän ýok diýip, öm-süm oturma,
Jahan giñdir, çendan bilende bardyr.



Giriş


Magtymguly— Bu bütin Türkmen üçin, damarlarynda Türkmen gany coşýan, çeper sözüñ ähli muştaklary üçin iñ mähriban, iñ guwançly, buýsançly at. Belli rus gündogarşynasy V.Bartoldyñ caýdar belleýşi ýaly, bütin orta Azyýa halklarynyñ arasynda diñe Türkmenlerde millin şahyr bolupdyr, ol-da Magtymgulydyr.
Magtymguly, beýik akyldar, filosof, gündogaryñ pähim-paýhasyny öñe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr, Türkmen diliniñ ösmeginde, ony reformalaşdyrmakda ägirt uly iş bitiren şahsyýet. Şahyrymyz Mämedweli Kemiýnäniñ sözleri bilen aýytsak: «Magtymguly edebiýat meýdanynyñ oraguny orup giden» şahyr. Belli Türk şahyry Nazym Hikmet Magtymgulynyñ 250 ýyllyk poizýa baýramçylygy geçýän mahalay 1975-nji ýylda Aşgabada baranda şahyrymyz hakynda şeýle diýipdir:


«Magtymguly meniñ hem şahyrym, onuñ dili meniñ hem dilim...Men Magtygulydan köp zatlar öwrenýärin, ol meniñ-de ussadym. Ýöne onuñ bir öwreden ullakan zadyny has nygtasym gelýär; ol-da öz halkyñ azatlygy üçin göreşmek.»


Türkmen halkynyñ edebiýat taryhynda ençeme klassik şahyry sanap bolar. Olardan alym Bertlesiñ aýdyşy ýaly, söz ussady, deñi-taýy bolmadyk Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly, Türkmeniñ edebiýat hazynasynyñ gymmat baha daşlarynyñ biri bolup, ol biziñ zamanamyzda täze ýüzügiñ gaşynda gözüñi gamyşdyrjy şöhlesi bilen lowurdaýar. «Magtymguly, Jemşiýdiñ jamydyr.»

Magtymguly, 18-nji asyrda ýaşap, özüniñ dürdäne döredijiligi, bar ukyýby bilen Türkmen edebiýatyny, Türkmen dilini ösdüren şahyr. Belli alym Mäti Kösäýev aýytmyşlaýyn Türkmen halkynyñ wepaly ogly Magtymguly örän kiçi göwünli, saýhally, edepli, salyhatly, sypaýy adam bolupdyr. Ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhräte kowalaşmandyr, serpaý üçin köşk şahyry bolmandyr, ol adamkärçiligiñ iñ gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir. Şahyr ulumsylyk edýänleri, tekepbiýrleri, bedasyl şöhratparazlary, açgöz hyrsy dünýäleri, elmydama rehimsiz tankyýt edip, olary «ýurdy ýykan, orramsydan bolan haramhorlar» diýip ýazgarypdyr.

Gündogaryñ çeperçilik pikriniñ ösüş taryhynda, Türkmeniñ beýik ogullarynyñ birisi Magtymguly Pyragy özboluşly şahyrana dünýäni açdy. Onuñ asyrlar aşyp gelen ajaýyp sözi, umumy adamzat bähbitli şahyrana pikirleriñ giden bir älemini ýada salýandygyndan başga-da, özünyñ ruhy taýdan çuññur milliligi bilen hem äşgär tapawutlandy.

Magtymguly, külli Türkmeniñ şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan şahsyýet, şonuñ üçin onuñ ajaýyp setirlerine, gyzylyñ gyryndysy ýaly garamak duýgusy diñe bir Türkmen halkyna häsýetli duýgy bolman, eýsem, dünýäniñ dürli halklaryna mahsus duýga öwrüldi. Özi–hem şahyryñ altyn setirleri, şeýle duýgy bilen örän irki döwürlerden bäri ünsi özüne çekip geldi. Şoña görä onuñ dana setirlerini birleşdirýän aýry-aýry şygyr diwanlarynyñ bir ujy Hindistandan çyksa, bir ujy meşhur Britan muzeýinden çykdy.


Magtymgulynyñ diwanynyñ daş basma çaplary


Baryp 1842-nji ýylda, palýak/Lehistanly alymy A.Chodozko, Magtımgulınıñ üç sanı goşgusy Londonda neşir etdi. Ol bu goşgulary 1833-nji ýylda Köpetdag etrabyna, demirgazyk Hurasana geçiren siýahaty döwründe ýygnapdyr. Neşir bolan goşgular «Duza myýhmandyr», «Galmazlar», «Sil galmaz». Şeýle-de şahyra degişli bolan «Ýaraşmaz» (...Aksakgallyk ýaraşmaz), «Olmaz»(...kebuter olmaz) ýaly şygyrlary Kemine we Aýdyñ Deregezli diýen şahslaryñ eseri diýip görkezipdir.
Gazan we Petrburg universitetleriniñ professory Brezin tarapyndan 1862-nji ýylda taýýarlanan «Türk hiristomatiýa»synda Magtymgulynyñ goşgulary ýerleşdirildi. 30-dan gowrak goşgusy bolsa belli Venger/Majar alymy, Budapest universitetiñ professory Vamberiniñ tagallasy bilen 1879-nji ýylda Leýpzikde neşir edildi. (Seret. Zeitschrift der deutschen morgenländi schen gesellschaft. Bd.33)
1907-nji ýylda professor N.P.Ostreomov «Türküstan habarlary» atly gazetiñ 54-58-nji sanlarynda şahyryñ 81 sany goşgusyny neşir edýär. Streomov şol ýylda G.H.Aryfjanonyñ litografiýasynda «Otuziki tohum kyssasy we Mahtymguly» eserini çap etdirýär. Bu kitap 1911-nji ýylda Maryly kitap söwdigäri-Mir Zahed Mir Syddykogly tarapyndan 2000 nusgada neşir edilýär. 1911-nji ýylda Ostreomov Magtymgulynyñ goşgularyny ýörite bir kitapça hökmünde, arap elip-bisinde Daşkentde neşir edýär. Şahyryñ goşgular ýygyndysy Stavropol, Ufa, Gazan, Simfropol, Urenborg we Hywa ýaly şäherlerde çap edilipdir. Magtymgulynyñ goşgular ýygyndysynyñ iñ oñat görnüsi- ençeme Türkmen alymlaryñ gatnaşmagy esasynda- 1910-nji ýylda Buharada çap bolýar. Bu gymmatly eser Özbekistanyñ Abureýhan Biýruni adyndaky gündogary öwreniş inistitutynyñ litografi çaplary saklanýan hazynasynda saklanýar.
1912-nji ýylda Astrahanda ýaşan Nurmuhommet ogly Niýazy, şahyryñ goşgular ýygyndysyny «Diwan-e Mahtumguly» ady bilen çap etdirýär. Bu barada A.Z.Welidov «Şura» jurnalynda (Nr.12-17. 1913-nji ýyl) gyzykly maglumat berýär. Niýazynyñ aýytmagyna görä şahyryñ eseriniñ çap edilmeginde «Ýagşymämet ogly Hajy Nury efendi» hem ýardam edipdir.
1914-nji ýylda Esengulyda ýaşap öten Gurbanberdi Gürgeni öz harajaty bilen Azadynyñ behişt namasy bilen «Diwan-e Magtymgulyny» neşir edýär. Bu ýygyndy-da şahyryñ jemi 189 goşgusy ýerleşipdir.
«Türküstan ýygyndysy» atly esereriñ 422-nji tomunyñ 125-135 we 446-nji tomunyñ 65-nji sahypasynda V.E.Mejov tarapynda şahyryñ 78 sany goşgusy çap bolupdyr.
Magtymgulynyñ çeperçilik mektebe öwrülen poizýasynyñ hakyky gadyr-gyýmatynyñ bütin halk tarapyndan özleşdirlen şu zamanda, onuñ şahyrana dörüdijiligine aýratyn sarpa goýulýandynyñ sebäbi hakda gürrüñ edip oturmagyñ hajaty ýok. Diñe bir zat ýörite nygtamaga degýär. Magtymgulynyñ, hem-de onuñ dörüdijilik mektebine geçen klassik şahyrlarmyzyñ ajaýyp mirasyna goýulýan hormat we sarpa munyñ aýdyñ şaýadydyr.
1944-nji ýylda Almanyñ berlin şäherinde latyn hatynda ildeşimiz Gurban tarapyndan 85 sahypada taýýarlanan Magtymgulynyñ eseri çap boldy. Eseri «Türküstanyñ azatlygy ugrunda» atly gurama çap edipdir. Oña, «Milli Türküstan komitetiñ ýanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan çykarlan 4-nji kitap» diýlipdir. Eserde 2 sahypa Almança, 8 sahypa Türkmençe söz başy ýerleşipdir. Söz başynda şeýle diýlipdir:



«Özlerini, öz milletiniñ hoşbagytly ugrunda gurban edýärler, ine biziñ meşhur Magtymgulymyz hem şeýle beýik şahsyýetiñ biridir...»


Eseri çap etmäge tagalla eden ildeşimiz Gurban hakynda şeýle maglumat bar:
Onuñ hakyky ady Remezan bolmaly, ol Gyzylarbatly Gökleñlerden. Oktober ynkylabynyñ başlarynda şahyr Gara Seýitli bilen Bakua okuwa gidip, mugallyýmçylyk terbiýe berýän ýokary okuny tamamlap, Türkmenistana gaýdyp barýar we ol ýerde taryh mugallymy bolup işleýär, ol Bakuly bir gyýza öýlenýär. 2-nji jahan urşy başlananda, fronta ýollanýar we Almanlara ýesir düşýär. Gurban Almanda döredilen «Türküstany azatediş komitete» agza edilip alynýar we baryp 1944-nji ýylda faşistlaryñ dünýä gan çaýkan döwründe Magtymgulynyñ eserini çap etdirmegi başarýar. Gurban 1960-nji ýyla çenli Inglisleriñ Kipirde guran bir radio stansiýasynda işläp, soñ Türkmenistana gaýdyp barýar we näbelli ýagdaýda aradan çykýar. (Myrat Täçmyrat/ Täçmyrat aganyñ ýatlamalaryndan alyndy)


Magtymgulynyñ ömri hakynda



Magtymguly budyr derdiñ,
Sahyby gerek her ýurduñ,
Şir zarbyn görmeýän gurduñ,
Her murty bir tire döner.

17-nji asryñ soñlarynda anyk bolmadyk belli bir senede, häzirki Garry-gala we Marawadepe etraplarynda «Giýñ-jaý» diýen bir ýerde Gökleñleriñ Gerkez tiresinden beýik Magtymgulynyñ 3-nji arkasy Döwletmämet molla ýaşapdyr. Ondan takmynan 1654-nji ýylda Magtymguly diýen perzent dünýä inýär. Ömrüni agaç ýonma we ussaçylyk bilen geçireni üçin, onuñ «Ýonaçy» lakamy bolupdyr, ol az-owlak şygyr hem aýdypdyr. Ylmy, jany-teni bilen söýýän Magtymguly ýonaçy, garyýplyk zerarly mektebe gidip bilmän, baryp orta ýaşlarynda öýlenýär we ondan 1700-nji ýylda Türkmen halkynyñ alym ogly Döwletmämet ”Azady” dünýä inýär. Döwletmämet ilkinji okuny obada tamamlap, ýokary ylym almak üçin Hywa gidýär we birnäçe ýyldan soñ uly alym bolup, pirlerinden ak pata alyp, Gerkeze öwürlip ol ýerde mektep açýar.
Garry molla lakamly Döwletmämetdan «Wagyz-el azat», «Hekaýet-e Jaber we Ensar», «Monajat nama», «Behişt nama», şeýle-de öz goly bilen ýazyp, parasatly ogly Magtymgulynyn kämilleşdirmegi bilen «Muhteser» atly dini eser ýädigär galýar. Magtymgulynyñ nebirelerinden Ata işanyñ aýytmagyna göra bu kitaby 2-nji jahan urşy ýyllarynda Orsýetiñ Gürgen şäherinde konsuly bolup işlän Gylyç Kulyýev özlerinden amanat hökmünde alypdyr, soñra bu kitap Aşgabada alnyp gidilýär.
Döwletmämet «Wagyz-e azat» eserinde dürli sosýal kyýnçylyklara garap, ylym we düşünjäniñ ösmegini, garyplardan arka çykylmagyny, ýollaryñ, köpürleiñ we akar ýaplaryñ abadanlaşdyrylmagyny öñe sürýär. Ol bir goşgusynda şeýle diýär:

«Halk üzre çün häkim olarsa bir är,
Adyl bile höküm eýlegeý leýl-o-nahar
Häkim olganlar jahanda adyl ola ,
Bezegeý är, özüni adly bile.»

Ýa-da başga bir ýerde:

«Köñül içre owwal pikir eýlegil,
Parh edip, ýagşy, ýamany söýlegil,
Ger ýaman bolarsa söz, ýumgyl dodak
Ýagşy bolsa, diýer sen ony ýagşyrak.»

Döwletmämediñ eseri köplenç «Moýin-el morid» we «Gutatgu bilik» eserleriñ äheñinde aýdylypdyr.

Döwletmämediñ ýaşaýyş we durmuşy barada şeýle maşlumat bar:
Azadyñ, Orazgül diýen aýalyndan Abdulla, Muhommetsapa, Magtymguly, Seýit, Gahyýrguly, Gulça, Zobeýde, Hurma we Orazgül bolýar.
Abdylla bilen Muhommetsapa ýaş wegtlarynda Çowdurhan bilen, Ahmatşa Dürränä kömek bermek üçin söweşe gidip, gaýdyp gelmeýärler. Magtynguly doganlaryna bagyşlap «bular gelmedi» diýen eligiýany döredýär. Döwletmämediñ Gahyrguly diýen oglundan Garaja molla, Garja molladan Bürre molla, ondan Annagurban ahun, ondan Nazarmämet işan, ondan Annagurban işan, ondan Gara işan, ondan Magtymguly häzir Türkmensähranyñ Jergelan böleginiñ Gerkez obasynda ýaşaýar. Hurmadan bolsa şahyr Gurbandurdy Zelili dünýä inýär.
Döwletmämet Azady 1760-nji ýyda pany dünýäden baky dünýä göç etýär. Magtymguly «Atamyñ» diýen goşgusynda bu waka barada şeýle diýipdir:

«Altmyş ýaşda, nowruz güni, Low ýyly,
Tusdy ajal, ýoluñ tutdy Atamyñ,
Bu dünýäniñ işi belemiş belli,
Ömrüniñ tanabyny kesdi Atamyñ.»

Belli bolan maglumatlara görä Türkmeniñ görnükli şahyry Magtimguly 1733-nji ýylda ýagty jahana inip, takmynan 1790-nji ýylda Marawa-depäniñ Aba-sary diýen çeşmäniñ kenarynda aradan çykyp, Akdokaýda atasynyñ ýanynda jaýlanypdyr.

«Bilmeýän soranlara aýdyñ bu garyp adymyz,
Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.»

Magtymguly başlangyç ylmy, atasyndan alýar, soñ bolsa Hywanyñ belli Şirgazy han medersesine okuwa gidýär. Şahyr ol ýerde üç ýyl okandan soñ, dogduk diýaryna gaýdyp gelýär. Käbir rowaýatlara göra şahyr Halajyñ Edris-baba medersesinde hem okapdyr. Rowaýatlara göra, ol Buharada okap ýören döwründe, Siýriýeli Türkmen Bahyýr ogly Nurykäzim bilen tanşyp, bilelikde Türküstanyñ köp ýelerini siýahat edip, Kabulyñ üsti bilen Lahura çenli ziýarat edenmiş. Şahyryñ «ilkinji kuwwat tapyp», gazal aýytmaga başlamagy göýä 9 ýaşynda «Turgul diýdiler» goşgusy bilen başlanan eken.

Magtymgulynyñ ýaşan döwri-18-nji asyr- Türkmen halkynyñ iñ galagowuply döwüri bolupdyr. Bu ýagdaý 1736-nji ýyldan soñ ýagny Nedirşa özüni Eýranyñ şasy hökmünde jar edenden soñ has-da çylşyrymly bolýar. Nedir tagta geçenden soñ guduzaçan ýaly goñşy halklaryñ üstüne gan döküşikli çozuşlar edýär. Onuñ ganly gylyjy Owganystanda, Hindistanda we Türküstanda şowurdap, günäsiz oturan ilatyñ üstünden iýnýär. Şol esasda Hiwa, Buhara hem tabyn edilýär. Elbette Nediriñ ganly ýörişleri Türkmen halkynyñ üstünden hem sawa geçmedi. Özüniñ siýasy özbaşdaklygyny saklamak Türkmen halky üçin ýeñil düşmedi. Magtymguly öz goşgularynda Nediriñ ganly ýörişlerini berk tankyt gamçysy astyna alýar. Şahyr, şa bilen aldym-berdimli söweşe giýrýär. Rowaýatlara görä, Magtymgulynyñ golýazmalary, Gyzylbaşlaryñ şol talañçylykly ýörişleri netijesinde ýok bolupdyr.
Nedir şa, 1747-nji ýylda öldrülýär. Ol ölenden soñ gol astynda bolan ýurtlary üstünde häkimiýet ýöretmek ugrunda ganly göreş başlanýar. şeýle göreşleriñ netijesinde Owganystanda Ahmat Dürräni özüni şa diýip yglan edýär we öz häkimiýetini berkitmek üçin iki gezek hat üsti bilen Türkmenlere ýüzlenýär. Eýranly taryhçy Saniý-et dowle صنیع الدوله öz «Mätle-ol şämes مطلع الشمس »(Dañ şapagy) atly eserinde –kitap daş basma görnüsünde Tehranda çap boldy– bu hatlary getiripdir. Hatlar Gerkez han-begleriniñ adyna ýazylypdyr. Çowdurhanyñ baştutanlygynda Döwletmämediñ iki sany ogly Muhommetsafa bilen Abdylla, söweşmäge gidýärler we gaýdyp gelmeýärler. Magtymguly Atasynda rugsat diläp, doganlarynyñ gözlegine çykmakçy bolýar, emma iki oglunyñ ýoguna ýanan Azady oña rugsat bermeýär. Şahyr öz «Oglum-Azadym» goşgusynda bu hakda ýatlapdyr.
Magtymguly ýaşlygyndan daýzasynyñ gyýzy Meñlä aşyk bolýar. Aýdylşyna göra Meñliniñ hakyky ady Ýañybeg bolup, Magtymguly yşyk syryny ile ýaýmajak bolup, onuñ adyny Meñli diýip tutupdyr. Meñli(Ýañybeg) Meded päliwanyñ gyýzy eken. Magtymguly, Hywada okap ýören döründe Meñliniñ «Şyhym Harpyga» berilýändigini eşidip, onuñ bilen eden ähdi-peýmany ýatlap, «Nowruzdan seni» diýen otly setirleri ýazýar.
Rowaýatlara görä, şahyr göýe uruşda wepat bolan agasynyñ aýaly–ýeññesine öýlenenmiş. Ýöne munuñ beýle bolup bilmejegini aýdýanlaram bar, sebäbi yslam dininyñ ähli kadalaryny oñat bilýän Döwletmämet, giden ogulundan doly habar gelýänça, onuñ maşgalasyny beýleki ogluna nykalap bermez, uruşa gidenlerden bolsa habar-hatyr bolmaýar. Magtymguly soñra Akgyýz bilen durmuş gurýar, ondan Ybraýym bilen Molla Bäbek dogýar, emme olar ir dünýäden gaýdýarlar.


Şahyryñ ady hem lakamy barada kelam agyz söz


Magtymguly diýmek näme? Bu arapça iki sözden ybarat. «Mahtum مختوم» arap dilinde tamamlanan, gutaran, hatym edilen, «gul» bolsa, gul, hyzmatkär. «y»(ی) goşulmasy-da parsça, eýelik düşümidir. onda Mahtumguly «tamamlanlarıñ guly» diymek bolýar.
Eger ol Mahdum مخدوم bolsa, Mahdum Arapça hyzmatkär, gul manysynda, onda Magtymgulu «Gullar guly» boylar. Käbir daş basmalarda ol «Mähtemguly» محطم قلی görnüşinde-de ýazylypdyr. Bu sözüñ manysy anyk däl, ýöne Arapça «magsym ماغصیم » sözi-aslynda mä:su:m معصوم günäsiz, päk diymek. Şahyryñ öz golı bilen ýazan ýekeje sözi bolmansoñ bu barada belli bir zat aýtmak mümkin däl, aýdylan ýagdaýynda ol diñe çalkama blar.
Pyragy diýmek näme? Arapçada munuñ iki görnüşi, biri-birinden tapawutly iki dürli manysy bar, hem-de «y»(ی) goşulmasy eýelik düşümidir. Pyrag eger fera:g فارغ= asuda sözünden gelyän bolsa onda ol «dünyänden, bar aladadan boş adam adam manysynda. Bir ýerde:
Magtymguly adyñ döndi pyraga,
Paryg bolup, çek özüñi gyraga.
diyen setire gabat gelýäris.
Eger Pyragy fyra:g فراق=aýralyk, hijran manysynda bolsa onda şahyr, ýaryndan, doganlaryndan ýa-da atasy Azadydan aýrylany, daşlaşany sebäpli bu lakamy alan bolmaly. Munuñ-da aslynda nähili ýazylşyny bilmänimiz üçin belli bir zat aýtmakdan saklanýarys.


Göreşjeñ şahyr

«Magtymguly...
Türkmen tireleriniñ hemmesi üçin deñ derejede
gymmatly görülýän we umumy milli şahyr hasaplanýar.»
Akademik A.Ý.Krimiski


Magtymguly öz döwrüniñ uly akyldary, döwrüniñ sosýal hem syýasy durmuşyna çuñ hem giýñ dünýä garaýyşy bilen göz ýetiren şahsyýet. Munuñ şeýledigine şahyryñ bize miras goýup giden ajaýyp setirleriniñ akyl sütünini emele getiren oýlanmalaryna göz gezdirmek ýeterlikdir. Şahyr, Türkmen halkynyñ siýasy durmuşynda ýüze çykan agyr şertlerine çeper analiz bermek bilen bu ýagdaýdan diýnmagyñ ýoluny agtarýar:

«Musulmanlar gylyç goýsa bir-birine
Döwlet dönüp, dinlar nugsana gelgeý,
Zulum eýläp, bir-birin salsa esire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

Bir-birini çapmak, ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk, aýraý ili dirilikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.»

Bu setirlerde öñe sürlen pikre, gönüden-göni, beýik şahyryñ öz döwrüniñ siýasy gurulşyny analizlemek netijesinde orta goýan jemgiýetçilik-siýasy ähmiýetli açyşy hökmünde baha bermek dogry bolar. Sebäbi Magtymgula çenli, 18-nji asyr Türkmenleriñ jemgiýetçilik-siýasy durmuşyny analizläp, şeýle dogry netijä gelen başga bir akyldarymyz ýok diýseñ boljak. Şahyr, Türkmen halkynyñ siýasy durmuşda düşen kyýn şertiniñ düýp sebäbini daşardan abanyp gelýän howplardan başga, tire-taýpalaryn arasyndaky agzalalykdan görýär. Has takyky, şahyr, öz kalbyny lerzana salan bu aýylyganç hakykaty düýp-teýkary bilen ýazgarýar. Uly pähimdar, tire-taýpa duşmançylygynyñ möwç uran döründe munuñ Türkmen halkynyñ ykbalynda ýitmez tagma bolup durandygyna aýdyñ göz ýetirýär:

«Derdim bar, diýarymdan, döwrümden,
Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy bilinmez.
Zalymlaryñ jepasyndan, jebrinden,
Yslam kaýsy, iman kaýsy bilinmez.»

Hakyýkatdan hem öz dogduk diýarynyñ derdi, ýaşan döwrüniñ derdi, hut şahyryñ öz derdi. Sebäbi Magtymguly öz ülkesiniñ, öz zamanasynyñ agysyny aglan şahyr. Şonuñ üçin ol öz töwereginde görüp-eşiden wakalaryndan, aldym-berdimli durmuş hadyýsalaryndan akylly-başly baş çykarjak bolýar, halkyñ başyna düşen agyr günlerden diýnmagyñ aladasy bilen ýaşaýar. Bu, elbette, şahyra ýeñil düşmeýär. Ol agyr oýlaran soñ, özüniñ çykalga tapman kösenýändigini, umyýtdan düşüp aljyrap oturýandygyny-da giýzlejek bolmaýar. Türkmen topragyna daşarky duşmanlaryñ talañçylykly çözuşlarynyñ dowam edýän döwründe, tire-taýpalaryñ özara oñuşman, bir-birini çapyp ýörmeginiñ hakykatyny şahyr ölüm bilen deñeýär:

«İstär elden çyka, döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,
Dilegim duş eýle gözel Allahym,
Ersgin boldy, gitdi, gyzyl başymyz.»

Gyzylbaşlaryñ ersgin almagy, şahyryñ liriki gahrymanynyñ ruhy çökgünliginiñ düýp sebäbidir. Ol, duşman ordasynyñ Türkmen topragyna ganly toýnagynyñ düşmezligi üçin gije-gündiýz doga kylmaga, nalyşly dileg etmäge hem taýýar:

«Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz, gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mes nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.»

Ol, şeýlelik bilen Türkmen tireleriniñ bir supranyñ daşyna egrilmegini arzulaýar:

«Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Guradar Gulzamy, derýaý-e Nili,
Teke, Ýomut, Gökleñ, Ýazyr, Alyly,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.»

Ýa-da
«Hor galmasyn puştder puştum,
Berkarar döwlet islärin.»

Şahyr öz öñe süren ideýasynyñ, Türkmenler bir millet hökmünde ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly dälmi diýilýän heýhatly döwür bilen baglydygyny nygtaýar. Şoña görä, şahyryñ jandan syzdyryp gaýtalaýgy ýaly, Türkmen tire-taýpalarynyñ birligi, «jan gerekmi, pyçak»– döwrüniñ öñe çykaran talaby.

Magtymgulynyñ, Kemal han Owgan diýen şahsyýeti, Ahmathan Dürräni. Sebäp, ol döwürde ol, Eýrany şaýylaryñ agalygyndan çykarmaga kasam eden kişidi. Bu waka, şaýy mezhebine eýerip, goñşy ükelere talañçylyly ýöriş geçirýän gyzylbaşlaryn çym-pytrak bolmak arzuundan gelip çykýar:

«Ýomut, Gökleñ täsiýp edip özünden,
Çekse goşun, öñi, ardy bilinmez.
Sygmaý çyka deşt-o- dahan düzünden,
Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

Üç mün naýza bazy bardyr nökerden,
Dört müñ pildary bardyr gala ýykardan,
Teke, Salyr ýöriş etse ýokardan,
Öñünde çömüç, kesek, gerdi bilinmez.»

Şahyr orta çykaran durmuş hakykatyny paýhas eleginden geçirip, zamanasynyñ betasyllygy, asylzadalykdan ileri tutýan döwür bolandygy, ýagşylygyñ egsilip, ýamanlygyñ möwç urup joşýan, Piýgambar ornunda oturan kazylaryñ-da gara nebisleriniñ guluna öwrlüp para üçin el serýän, hatta dindarlaryñ dünýä maly üçin öz dininden el göterýän, gamçysyndan gan damýan zalymlaryñ zulmundan, garyp-puharayñ horlanýan, ejir çekýän, asylsyz beglere dowran dolanyp, şumlyk, haramylygyñ artan zamanasy bolandygyny we şol zamanyñ pessat bolanyny ýazyp, «panydan, bakaýa gitmeli» bolýandygy üçin gussaly oýlaryñ girdabyndan çykyp bilmeýär. Döwrüñ kemçiliklerini düzetmek üçin, şahyýr çäre agtarýar:

«Bakyñ bu eýýamy, görün gerdişi,
Pahyýra zulum etmek, zalymyñ işi.
Hak ýolunda dogry gezen derwüşi,
Goýmadylar, öz halyna ýatmaga.»

«Ýüregim sabyrdan gitdi, karardan,
Ýaman işdir bogaz bolmak är, ärden,
Biýzara gelip men şeýle diýardan,
Jür bolup men başym alyp gitmäge.»


Milli şahyryñ medeni mirasyny öwrenmek


«Magtymguly sözle herne bileniñ,
Özüñe kemlik bil aýytman öleniñ,
Taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ,
Senden soñkulara ýädigär bolar.»

Sözümiziñ başynda belläp geçişimiz ýaly, milli şahyrymyzyñ edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan jemhuriýeti gurlan ýyllardan ýagny 1924-nji ýyldan bäri yýzy giderli dowam edip gelýäär. Şol ilkinji ýyllarda şahyryñ diñe il-güni wasp edýän goşgularyny çap edip, başga temaly goşgulary ünsden düşrüldi. Muña döwrüñ siýasaty güýçli täsir etdi. Ynsankärçilik düzgüni wada beren bolşevikler şahyrymyzyñ milli duýgulary ösdürýän goşgularyny öwrenýän we öwredýän alymlaryñ erkana işlemegine hem ýaşamagna ýol berip bilmediler, olary yýzarlap başladylar, ençemesiniñ bolsa başyna ýetdiler.
1940-nji ýylda ýazu hat, Latyndan rusça üýtgedilenden soñ Magtymgüly şynaslarmyz rus haty esasynda taýýarlanan tekstler esasynda işlemeli boldular. Bu ýagdaý bir näçe kyýnçylyga alyp geldi:

1.Şahyryñ adyna toplanan ähli golýazmalar arap hatynda, şoña görä bu haty, arap-pars dili bilmezden Magtymgülyny tanamak we tanatmak mümkin däl.

2. Doly analiz etmezden başga klassik şahyrlaryñ goşgulary Magtymgula berildi.

3. Şahyryñ arapça ýazylan teksti rus/kril hatyna geçirildi. Esasan arap sözlerini rus haty bilen doly ýazyp bolmaýar. Şol esasda bir topar sözler ýalñyş ýazylyp, köp säwlik goýberildi.

4. Kommunistik ideologiýasynyñ Türkmen gullary, Magtymgulynyñ atyna bir näçe ýasama goşgular düzüp berdiler we şahyryñ edebi mirasyny galplaşdyrdylar.

Sözümiz gurak bolmaz ýaly, kä bir mysallary alyp göreýliñ:

«Ajap kurhan gerekmes, azan gerekmes.»
Gerekmes goşgudan

«Diýerler har Dejjal jahana geler,
Ne ajap nakyldyr, kim ony biler.» Jeñ sesin añsa

«Behişt ýerden çyksa asman üstüne,
Nury bilen jümle jahan örtüner.» Jahan örtüner goşgudan

«Ýer astynd, ajap behişt rezwanda,
Dirilerge ab haýat gerekdyr.» Gerekdir goşgudan

Yslam ynanjyna görä behişt ýeriñ astyndan dä-de asmanda durýar.

«Kitap açyp ança dine duş bolup,
Yslam kaýsy, kurhan kaýsy bilmedim.»
Dini meselelere belet Magtymguly ýaly alym, heý-de şeýle sözlärmi?!

Ýa-da
«Pelek sen hem bir dem aman eýlegil,
Biz nadan ýesire döwran eýlegil.» il geçer

«Magtymguly gaýra çekgil özüñi,
Anyk bil, oýarlar gözüñi,
Diñlän ýokdur, zaýa kylma sözüñi
İndi senden habar alan bolmady.» Zaman bolmady

«Nadan menem, düşdüm pelek toruna,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.»

Ýa-da
«Hak sözüne ynanmazdym men daýym,
Hijrandan tutupdyr kerwön saraýym.» Baradyr

Ýa-da
«Magtymguly ýaryýmadym,
Perzent pohun arytmadym.» Soýüş bile
Ýa-da
«Gözi nergis, boýy şemşat,
Kirpikleri misli polad.» Güle meñzär

Heý-de Magtymguly ýaly dile baý şahyr şeýle ýeñil-ýelpaý meñzetmelerden peýdalanarmy?

Ýa-da
«Magtymguly akly çaşan,
Gözläp gidermi gardaşyn.» Seýran eýledy goşgudan

Ýa-da
«Aryp bolup, mest bolupdyr tilkiler
Magtymguly çaşyp, lala dönüpdir.» Bil indi

«İl sözüne ynandym men ýazykly biçäre.»


¤¤¤¤

«Gözel alsañ aryplara gulak goý.»
Ýa-da
«Pyragy sözüñden matamdyr iller,
Sözlemez lal boldy gör asal tiller.» Dünýä goluñdan goşgudan

Ýa-da
«Asal erdi sözlerim» sözlerimden
Ýa-da
«İstemez men ol behişti,
Behişt mekanym bar meniñ.» Bar meniñ goşgudan

Bir-birine zor bilen baglanýan beýitleri alyp göreýliñ:

«Dag başynyñ dumany bar,
Her bagyñ bagbany bar,
Adam ogly zenany bar,
Gözüm düşmer ol jenana.» Bu dahana
Ýa-da
«Gökleñ içre bir özüm,
Galyp men arman bilen.»

Magtymguly hiç mahal menlik satan şahyr bolmandyr.

Ýa-da
«Utanmaz adamdan, namart ýagşydyr,
Howtyr eýleýer, märekä barmaz,
Dendan pena, zyban dahan nagşydyr,
Lep bilen gaş her zibaga ýaraşmaz.» Märekä barmaz
Ýa-da
«Magtymguly ismiñ seniñ bolsun gerekdir pyragy,
Mar golundan dindim disem, geldi hijranyñ.» Bendi boldum

Sözlük we düşündiriş bölümi düzenler-de käbir düýpli ýalñyşlygy goýberipdirler. Mysal üçin: Aly sözüniñ düşündirşinde ony Muhammet pigamberiñ daýysy dilipdir, hakykatdan bolsa ol pigamberiñ dogan oglanydyr.
Howa! Bular ýaly mysallardan getirseñ getirip oturmaly. Beýle ýalñyşlary düzletmek üçin ýörite ylmy ýygnak we akademik konferensiýalar geçirmeli. Ýöne, gyýnansagam, milli şahyrymyz hakynda edilýän galplyklar bu günler başga görnüşde dowam edýär. Ol-da Sovet döwründe dini mazmunly goşgularyñ çap bolmagyna rugsat berilmedik bolsa, bu günler analiz galbyryndan geçirilmän, käbir dini goşgulary Magtymgulynyñ adyna berilýän halatlaryna köp duş gelinýär. Hakyky magtymguly şynaslar, şahyryñ goşgy stiline/ýoluna belet, bolmadyk bolsa öwrenmäge wagty gelendirem geçendirem.

Milli şahyrymyz Magtymguly hakynda bolan ýalñyşlyklar diñe onuñ goşglary bilen çäklenmäni, eýsem şahyryn hatta ýüz keşbine-de ýetdi. Baryp 40-nji ýyllarda Türkmenistanyñ belli suratkeşi Aýhan Hajyýeviñ çeken suratynda, şahyryñ başyna çür telpek geýdirildi. Dogurdanam Türkmenlerde şeýle telpek bolupmy, ýogsa, bu, Hurasan Kürtlerine mahsus baş börükmi? Bilmedik!
Magtymgulynyñ dogany Gahyýrgulynyñ nebirelerinde Jergelanda ýaşap öten merhum Ata işanyñ ogly merhum Gara işanyñ 1986-njy ýylda maña gürrüñ bermegine görä Magtymguly kak çekgeräk, goýun göz, çaky burun bolup, sakgaly sary, saçlary gara, sag gulagynyñ içinde tüýi bolanmyş.

Beýle galplyklara çydap bilmedik ildeşimiz Dañatar duýgusyny şeýle beýan edipdir:
«Her kim Pyragyda özün görmän.
Pyragyda, Pyragyny görmeli.
Pyragyñ ýerine özi sözlemän,
Pyragyýñ özüne söz bermeli.
Pyragydan proletariýa bolarmy,
Başyna çür telpek geýdirmek bilen
Magtymguly, Maksim Görki-de bolmaz
Dimedik sözlerini didirmek bilen
Terki dünýä ruhany-da däldir ol
Uýmadyk ýoluna uýdyrmak bilen
Magtymguly, diñe, Magtymgulydyr,
Magtimgulygyna örän uludyr.»



Magtymgulynyñ adyna berilen goşgular


İlkinji gezek aýdym-saz öwreniji rus alymy Uspinski bagşylardan ýygnan birnäçe goşguny Magtymgulynyñ adyna berýär. Olaryñ arasynda «Meñlä» degişli goşgular bar.
Rus gündogarşynas Samiloviç 10 sany golýazma duş gelipdir, onuñ pikriçe Magtymgulynyñ goşgulary 250, 260-dan köp bolmaly däl.
Sovet döwründe Magtymgulynyñ adyna giden bir topar goşy berildi. Bu işde filosofiýa ylymlaryñ doktory Gylyç Mülliýev «uly tagalla» etdi. Ol «Matemi» lakamy bilen 36 sany goşy çykarypdyr, hem-de 250-den gowrak goşguny Magtymgulynyñ adyna, ylymlar akademiýa beripdir. Gylyç Mülli bu barada öz ýatlama depderinde şeýle bellik edipdir:

« Türkmenleriñ uly ýedigen ýaly ýedi geçmiş şahyrynyñ içinde iñ ulusynyñ mirasynda jedelli ýerleriniñ bardygyny uly il bilýär. Ýöne onuñ öz wagtynda meniñ günäm bilen dörändigini bilýän kän däldir. Men ol läheñiñ/Magtymgulynyñ birnäçe müñ setiriniñ hut özüniñkidigine kepil geçip biljek däl. Onuñ adyna geçirlende bolsa, ol goşy-gazallaryñ anyk kimiñkidigini bilýän ýok, ony menem bilemok. Olaryñ asla avtory ýok. Emma öz wagtynda men olary uly Ýedigeniñ haýsy birsine beren bolsam, olam Türkmeniñ iñ uly şahyryna öwrüljekdi. Meniñ wezipäm olaryñ içinden iñ mynasybyny saýlap tapmakdy. Men şony hem etdim. Olaryñ diñe onuñkydygyna wagtal-wagtal özümem ynanýaryn. Munuñ üçin isleseñiz meni ýazgaryñ, isleseñizem ýalkañ… ol goşgular bolmadyk bolsa, «Dindar şahyr, dini wasp edipdir, söwda burjuasiýasynyñ wekili» diýip, oni «it alan sanja» dönderip barýardylar. Milli guwanjymyzy bir topar nadandan halas etjek bolup, meniñ öz halkymyñ öñünde günä iş eden bolmagym-da ahmaldyr? Men beýik şahyryñ mirasyna el gatanyma ökünýän…ol goşgulary meniñ atam pahyr… Ýeri bolýar, bu hakynda soñ bir gün…» (Mülli Tahyryñ hudaýlygy)

Ýokarda agzalan bu tema ylmy jedele açyk. Esasan şahyryñ tankydy tekstini taýýarlamagyñ wagty geldi-de geçdi. Bu meselä, ýersiz täsip bilen däl-de ylmy nokdaý nazardan sertmeli. Sebäbi beýle ýagdaý ähli klassiki şahyrlaryñ başyna gelen zat. Sivilizlenen döwletlerde bu barada eýýam ylmy işler edildi, ýöne bizde bu iş gaty gijä galdy. Bagşylar söýülen aýdymyñ goşgusyny Magtymgulyñky diýdiler, kätipler, molla-miftiler her bir dini şygry Şahyryñ adyna berdiler, şeýdibem köp bulaşyklyk emele geldi. Şoña görä Magtymgulynyñ tankydy tekstini taýýarlamak işi diýseñ derwaýys mesele.


**********


Magtymguly şahyr barada maña köp zat öwreden merhum Sapar Ensary,ýe (Sapar Ahall-a) minnetdarlygymy bildirip, sözümi jemleýärin.


Peýdalanylan çeşmeler

1. A.Chodzko: Specimens of the popular poetry of Persia. Harrison & co printers. 1864 London
2. Dañatar: Salam Pyragy. Berlin 1991.
3. Mirniýa. S: Deregezde ýaşýan ilat. Maşat. 1982
4. Bastani Parizi: Heşel-heft. 2-nji çap. Novin neşriýaty. Tehran 1989 S. 349
5. Ýüsüp Azmun: Magtymguly kim? Inglis dilinde.
6.Almaz Ýazberdi: Biblioteçno-bibliografiçeskoýe. Aşgabat. Ylym 1988
7. Makalada agzalan dürli çeşmeler we artikeller.
8. Mülli Tahyryñ hudaýlygy-ýatlamalary. Akmuhammet Welsapar. Sweden 1996
9. Şahsy barlag işlerim

Inga kommentarer: