måndag, september 15, 2008


Aşgabatdaky atyşyklar barada

4-5 gün öñ Aşgabatda Hitrowkada atyşyk boldy. Hemme ýerde uly barlag başlandy. Postlarda polisiýalar ýaragly durýarlar. Maşynlary barlaýarlar. Şu gün/13-nji sentýabr nahardan soñ ýene-de obyezdnoyyñ ugrundaky metal maş magazynlaryñ ýanynda atyşyk boldy, ýollary ýapdylar. Telewizorda hiç zat aýdanoklar welin, her kim bir zat diýýär. Teroristler diýýärler, vehhabiler diýýänler hem bar, Gazagystandan syzypdyrlar diýip hem variant bar. Bäherdeniñ Durun obasyny hem organ işgärleri gabapdyrlar. Aslynda şu aýyñ içinde bir näçe ýerde zapravkalary ýardylar. Bu hem şolaryñ işi diýäler. Öldürülen polisiýanyñ işgärleri bar, soldatlardan ölenler hem bar. Tutulanlar hic zat aytman şehit boljak diýip kellelerini stena urup durlar diýýänler hem bar. Garaz ýagdaýlar şeýle. Düýn 12-13 ne geçilýän gije bärde ýene-de atyşyk bolupdyr. Obyezdnoyyñ ugrundaky Çeşme Agyz Suw kärhanasyny 40-50 adam bolup alypdyrlar. Zalojnikler hem bar. Polisiýanyñ işgärlerinden ölenler kän. Şu gün o tarapa gitdim welin hemme ýoly ýapypdyrlar. Atyşyk dowam edip otyr. Diñe skoralary, voyennyy maşynlary goýberýärler. Awtomatlaryñ sesi hem eşidilýär... Hemme organyñ işgärleri şo ýerde....
12-13 geçilýän gije bolan atyşykda hökümet tarapy uly ýaraglary tanky hem ulanypdyr ony şol töwerekde ýaşaýanlar görüpdirler we onuñ sesini hem eşidipdirler. Yaraglaryñ sesi Aşgabadyñ köp ýerlerine eşidilipdir. Bu wakalar eýýam birnäçe gün bäri dowam edýär. Wakany kim tarapyndan gurnalandygy häzirlikçe belli däl ýöne käbir maglumatlara görä ony dini topar vahhabiler edipdirler diýilýär.





Medeni – Syýasy Ojak (Habar bölümi)

Inga kommentarer: