måndag, september 08, 2008


ÝAZMAJAK BOLNUP
v
ÝAZYLAN GOŞGY

“İl möññürip, ýüzün tutup aglaýar:
ýesir boşamazmy? giden gelmezmi?”
Şähri-Bossan.


“Köp gülen bir aglar” bolsa,
Köp aglan bir gülmezmi?
Magtymguly aýtmyşlaýyn,
“Ajap eýýam gelmezmi”?

Hydyry “hyrs” çykan millet,
Gözün garga çokan millet,
Kül üstüne çöken millet
Bir silkinip galmazmy?

Çörek gözläp çapalanan,
Ýüzüne gum sepelenen,
Ar-namysy depelenen
Azgyndan ar almazmy?

Türkmen ady dakylanyñ,
Tumşugyna kakylanyñ,
Çynar deýin ýykylanyñ
Dikeljegi bolmazmy?

El tersine oklanan halk,
Batrak kimin saklanan halk,
Agzy-burny beklenen halk
Süllermezmi? Solmazmy?

Hakykatdan zormuş ýalan,
Köpelýämiş baýrak alan.
Bu gün başy syýpalanan
Ertir saçyn ýolmazmy?

Bir bedewdim, gopdy nalym,
Süñk gapdy ýazyjy, alym.
Adamdan mal ýasan zalym
Ýüzne gara çalmazmy?

İýr-u-giýç syýrylar perde,
Nyrh bolmaz egilen serde!
“Namart” diýp ýüzlenseñ merde,
Öldürmezmi? Ölmezmi?

şiraly
Moskva, Perlovskaýa
12.05.1995

Inga kommentarer: