måndag, augusti 18, 2008

Kerim Gurbannepes:

GUÝMAGURSAKLYK HAKDA
Sahy Jepbarowa

Ýene dört asyrdan, bäş asyrdan soñ
Tutulmaly bolsa bäş bagşyñ ady—
Şol bäşiñ birisi özuñ bolarsyñ,
Jepbar agañ zürýady.

Ýene on asyrdan, kyrk asyrdan soñ
Tutulmaly bolsa üç bagşyñ ady —
Şol üçüñ birisi özüñ bolarsyñ
Jepbar agañ zürýady.

Ýene kyrk asyrdan, ýüz asyrdan soñ
Tutulmaly bolsa bir bagşyñ ady —
Şol bir bagşy Seniñ özüñ bolarsyñ
Jepbar agañ zürýady.

Ýene ýüz asyrdan, müñ asyrdan soñ
Dünýäden ýitäýse bar bagşyñ ady —
«Bagşysyz ildenem il bormy?» diýip,
Böküp turar Jepbar agañ zürýady.

*******

SAHY JEPBAROW HAKDA
(Agtygynyñ toýunda okan goşgy)

Özi ýok bolsa-da stol başynda,
Bu toý— Sahy diýen ägirdiñ toýy.
Bu toý — müñ nygmatly saçak başynda
Ýygnanan ýüzlerçe şägirdiñ toýy.

Ýok, bu toý, diñe bir şägirtleriñ däl,
Talant diýen zady söýýänleñ toýy.
«Aramyzda ýok bolsa-da Sahymyz,
Ýaşap ýör, ýaşaram!» diýýänleñ toýy.

Bu toý — gelseler-de gelin toýuna,
«Sahyñ toýy!» diýip gelenleñ toýy.
Sahyñ özüne-de, owazyna-da
Aşyk gaýtarmalañ, gelinleñ toýy.

Heniz gitmänkäñem ýeriñ ýüzünden,
Gideniñden soñam ýeriñ ýüzünden,
Olary özüñe aşyk edäýmek —
Soñ, berilýän zat däl,
Diñe ezelden.

Bu öýe gelenler (garrymy, ýaşmy) —
Bary uçdantutma zehinlidirler.
Bu gapydan ätlän zehinsizlerem
Öýlerne gidende zehinli gider.

Sebäbi bu ojak — ýöne ojak däl,
Gudratdan çüflenen mukaddes ojak.
Bu gün ynha şol ojagyñ başynda
Biri-birisine intizar gujak —
Aýna bilen Rahymyñ gujagy
Ýaz güli dek, maý güli dek açyljak.

Toýuñ gutly bolsun, eý Soltan inim,
Toýuñ gutly bolsun, Bibeje-hanym.
Eý Bibeje, bu gün ýaş görünýäñ sen–
Bolsañ-da ak saçly köneje hanym.


Toýuñ gutly bolsun, eý beýik ussat,
Toýuñ gutly bolsun, eý Sahy dogan!

Señ toýuñ saglygna göterýäs şuny,
Señ öýüñ saglygna göterýäs şuny,
Oýan bir pursatlyk ukudan oýan!
Daýan, bir pursatlyk tirsegñe daýan!
Guvan, toýña guwan
Dastlarña guwan!

Inga kommentarer: