torsdag, augusti 21, 2008

Halypa bagşy, Sahy Jepbaryñ
v
ýagty hatyrasyna!

Annaguly Saryýew
Rus alymy Maryda bolanda Muhammetmyrat Nepesliýewden we onuñ aýaly Gözel Nepesliýewadan hem ençeme aýdymy ýanynyñ rowaýatlary bilen bile ýazyp alýar. Soñra V. Uspenskiniñ bu saz-etnografik ekspedisiýasy Tagtabazar raýonyna tarap ugraýar. Tagtabazar, gadymy Pendi. Aýdym-sazyñ mesgeni. Bagşy baryny dünýä inderen gözel obalar rus alymynyñ gözüne diýseñ ýakymly görünýär. Ol bu ýere gelenden soñ Garly İlaman oglundan başga-da atly bagşylaryñ birnäçesini görýär. Tagtebazaryñ Gulja obasynda meşhur Soltan tüýdükçiniñ ogly Garly Soltanow bilen duşuşýar, onuñ aýdym-sazyny diñleýär. Şol ýyllar 32 ýaşa gadam basan kiçi Garly Soltan oglunyñ aýdym-saz ýerine ýetirijilik ussatlygy Uspenskini haýran galdyrýar. Şonda bagşynyñ şeýle belent ussatlygyny synlap, Uspenskiý ona:
— Garly bagşy, meniñ saña şeýle bir sowalym bar, jogap ber. Eger-de, seniñ eliñden dutaryñy alyp, ondan mahrum edilseñ, sen näme edersiñ? — diýipdir. Garly bagşy eglenmän:
— Eger-de şeýle edilse. men diñe ölerin — diýip jogap beripdir.
Sungata şeýle berlen adamyñ belent owazy Uspenskini özüne bendi edip goýýar, Rus alymy Tagtabazarda ýene bir uly halypalaryñ biri bilen tanyşýar. Ol meşhur Amansähet bagşynyñ ogly Nobat bagşydy. Şol wagtlar Nobat bagşy 25 ýaşyndady. Tagtabazaryñ Baýraç obasyndaky nesilme-nesil gelýän bagşylar maşgalasy Uspenskini haýran edýär. Ol ençeme günläp Nobat bagşynyñ aýdymly sandygyny ýapdyrmandyr.


Nobat-aman Sähet bagşy

Garly bagşy Soltanow

Tagtabazardaky gözlegler, bagşylar bilen gurýlan duşuşyklar Uspenskide uly, öçmejek täsir galdyrýar. Ol bu hakda şeýle ýazýar: «Nobat bagşy örän ýokary derejeli sazanda. Ýedi ýaşyndan dutar çalyp, aýdym aýdyp gelýän bagşynyñ örän täsin saz çalyş tehnikasy bar. Ol maña diýsen. ýaraýar.
Bagşy Garly Soltanowam, bagşy Nobat Amansähet oglam, olaryñ ikisem añyrbaş türkmen artistleri. Men häzire çenli olaryñ haýsysynyñ has ökdedigini ýa asgyndygyny saýgaryp bilmedim. İkisiniñ ellerem edil ýalaw ýaly...»
Ussat bagşylary öwran-öwran diñlän rus alymy üçin Tagtabazar, Pendi çöli misli aýdym-sazyñ giden bir ýaýlasy ýaly bolup görünýär.
Meşhur Körgojaly, Gurban bagşy, Jepbar bagşy we başgalaryñ atlary bilen baglanyşykly aýdylýan ençeme rowaýatdyr halk aýdym-sazlaryndan mazaly ýüküni tutan Uspenskiý 1925-nji ýylyñ oktýabr aýynyñ aýaklarynda Mara dolanýar.


Sapargylyç tüýdükçi we M.Nepesliýew (sagda)

Ylmy gözlegler dowam edýär. Ylmy-etnografik ekspedisiýa indi Saragta bakan hereket etmelidi. Rus alymy Muhammetmyrat Nepesliýewi ýanyna alýar-da, Saragta tarap ýola rowana bolýar. Kynçylykly ýollary külterläp, olar 1926-njy ýylyñ 24-nji fewralynda dañdanlar Saragta gelýärler. Rus alymy Saragtda diýseñ gowy garşy alynýar. Olara bagşylaryñ her gün topar tutup üýşýän ýeri bolan gyzyl çaýhanadan ýer berýärler. Muhammetmyrat Nepesliýew ol ýeriniñ bagşylaryna beletdi. Oraz Salyr, Anna bagşy, Rejep Gylyç, Muhy bagşy, Sapargylyç tüýdükçi — bularyñ hemmesini öwran-öwran diñläpdi. Şonuñ üçinem ilden soraman, baran gününden başlap, bagşylaryñ gözlegine özi çykýar. Ara uzak wagt duşmänkä-de ýerli bagşylar Rejep Gylyçdyr, Muhy Aman ogly dagy saz öwrenijileriñ ýanyna gelýär. Saz öwreniji Muhy bagşy bilen içgin tanyşlyk açýar. Ony esasanam Muhy bagşynyñ meşhur Aman bagşynyñ ogly bolanlygy, Aman bagşynyñ ussatlygy hakda bolsa akademik Samoýlowiçiñ 1908-nji ýylda gymmatly
maglumatlary berenligi gyzyklandyrýardy. Şonuñ üçin-de Muhy bagşyny şeýle içgin öwrenesi gelýärdi. Ol Muhy bagşynyñ kakasy Aman bagşynyñ dosty Soltannyýaz bagşy hakda-da köp maglumatlary ýazyp alýar. Uspenskä duşanyndan on bäş ýyl ozal özüniñ owazyny ýitirip, aýdym aýtmasyny bes eden Muhy bagşy köp zatlary gürrüñ berýär. Ol janly kitapdy. Uspenskiý ýazyp ýetişse, ol gyzykly gürrüñleri aýdyp berýärdi. Kakasy Aman bagşynyñ deñ-duşlary, dost-ýarlary hakda-da kän zatlary aýdyp beripdi.
Hawa, Muhy bagşy öwrenilmäge mynasyp bagşydy. Ol soñraky ýyllardaky duşuşyklarymyzda meşhur Oraz Salyr hakda, saz öweniji alymlar Uspenskiý, Belýaýew, olaryñ ýany bilen bile aýlanyp ýören meşhur sungat söýüji Muhammetmyrat Nepesliýew hakda gyzykly gürrüñler bererdi.
1969—1970-nji ýyllaryñ sepgidinde Muhy bagşy Aşgabada çagyrylyp getirilýär. Şonda onuñ togsana basalykly ýaşy bardy. Emma diýseñ ýatkeş goja ýalñyşman arkaýyn gürrüñem berip otyr, sazam çalyp otyr, aýdymam aýdyp otyr. Muhy bagşy Aman ogly köp ýyllaryñ dowamynda respublikamyzyñ halk bagşysy Oraz Salyr bilen bile tirkeşip, onuñ ýanynda sazanda bolup gezipdir,
Ol Uspenskä aýdyp beren gürrünlerini birin-birin ýatlaýar. Muhammetmyrat Nepesliýew ýaly hertaraplaýyn zehinli adamy bolsa heniz görmändigini aýdýardy. Ol şeýle gürrüñ bererdi:
— Muhammetmyrat Nepesliniñ asla başy çykmaýan zady ýokdy. Ol sagat ussasy, tikin maşynynam bejererdi, aýdym maşynymam bejerip oturandyr. Bir görseñem, tikin maşynynda heniz görülmedik owadan keşdeler edip oturandyr. Ol ökde tüýdükçidi, gopuzam şirin çalardy. Ezber dutarçydy, aýdymam aýdybererdi, pionino-da çalybererdi. Eline näme düşse çalardy. Ol bagşylara uly sarpa goýardy. Ol şeýle täsin adamdy. Ýüzuñe seredip, ýylyñam öwrer oturardy...
Hawa, Muhy bagşy Muhammetmyrat Nepesliýew barada gyzykly gürrüñler bererdi.
Saz öwreniji rus alymlaryny ýigriminji ýyllaryñ ortalaryn-da şeýle gyzyklandyran Muhy bagşydan telewizoryñ mawy ekrany üçin «Apat», «Torgaý guşlar» we «Gojaýdym» atly jemi üç sany aýdym ýadygärlik alnyp galynypdy. Radio üçinem jemi bäş sany aýdym alnyp galynypdy. Şol aýdymlary aýdanda Muhy bagşa respublikamyzyñ halk artisti Çary Täçmämmedow sazandarlyk edipdi.
Respublikamyzyñ at gazanan medeniýet işgäri Muhy bagşy togsany dolduryp, ýüzüñ çetinden girende aradan çykdy. Onuñ alyslaryñ ussatlygyny habar berýän aýdymlary welin häli-şindi ýañlanyp dur.
Uspenskiý bilen duşuşanda Rejep Gylyjowyñ otuz-otuz iki ýaşy bardy. Rejep Gylyjow öz ýaşan zamanynyñ gowy bagşylarynyñ biridi. Diýseñ degişgendi. Öz ugruna hörpli bagşydy. Ýigriminji ýyllarda özüni bagşy hökmünde tanadan Rejep Gylyjow bütin ömrüne halka hyzmat etdi. Ol Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynda işledi. Ussatlar bilen tirkeşdi, konsertlerde bile çykyşlar etdi. Respublikamyzyñ halk artistleri Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, Çary Tetmämmedow, Ata Ablyýew, respublikamyzyñ at gazanan artistleri Garýagdy Alyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Saparguly Işangulyýew, Tugur Berdinyýazow, ussat sazanda Jepbar Hansähedow dagy onuñ işdeş ýoldýaşlarydy.
Rejep Gylyjowa soñra respublikamyzyñ at gazanan artisti diýen ho1rmatly at berildi. Ondan ýadygär galan «Amman-amman», «Gyzylgül», «Tüni derýa», «Görünmez», «Badysaba» ýaly aýdymlar radio-da häli-şindi ýañlanyp dur.
Uspenskiý Sapargylyç tüýdükçk bilenem duşuşyp, ondan aýdym-saza degişli materiallaryñ ençemesini ýazyp alýar. Ol meşhur Anna bagşydanam dutar üçin saz ýazyp alýar. Saz öwreniji alymyñ nazaryndan sypan zat örän az. Ol şo ýyllar 36 ýaşly Sapargylyç tüýdükçiden, 40 ýaşly Anna bagşydan ýazyp alan sazlaryny birin-birin ýatlaýar. Ony esasy gyzyklandyran zat-da bu sungatyñ türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýänligidi. Ol ýazgylarynyñ bir ýerinde Anna bagşynyñ-da meşhur Täçmämmet bagşynyñ ogludygyny belläp geçýär.
Saz öwreniji alymyñ halk bagşydyr oazandalary bilen duşuşmagy gadymdan bäri çalnyp gelinýän mukamlaryñ uly toplumynyñ üstünden eltdi. Ol täze mukamlaryñ tapgyryny diñledi. Bagşylaryñ repertuarynyñ şeýle baýlygy, olaryñ ýerine ýetirijilik ussatlygynyñ şeýleki täsinligi rus alymyny haýran galdyrýar. Añyrsynda Alyşir Nowaýynyñ ady bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlar ýatan «Soltansöýun», «Baýkara» ýaly aýdym-sazlar türkmen sazy hakdaky taýýarlanjak ylmy kitabyñ uly bezegine öwrülip gidýär.
Saragtda bolan wagtlary saz öwreniji alym meşhur Nobatnyýaz Saýylynyñ sungaty bilen baglanyşykly bolan gürrünleriñ, matlumatlaryñ hem birnäçesini ýazyp alýar. Hatda «Ýar gara gözli», «Saltyk», «Köçe bagy», «Hajygolak», «Garryhan», «Leýli gelin», «Şelepli durna», «Bar gideý janym balam» ýaly aýdymlaryñ goşgy tekstlerini-de bagşylaryñ dilinden ýazyp alyp, «Türkmen sazy» atly kitabyna ýerleşdirýär.
Ýöne, şol diñlän bagşylarynyñ arasynda meşhur Oraz Salyr Mäti oglunyñ aýdan aýdymlary Uspenskide aýratyn täsir galdyrypdyr. «Oraz Salyr bilen tanyşmagym meniñ üçin diýseñ guwançly, örän gyzykly. Ol bize aýdym baryny aýdyp berdi. Ol aýdym aýdyp bereni üçin pul almady. Ol daýhançylyk bilen gyzyklanýan ekeni. Oraz Salyryñ aýdymlarynda başga bagşylarya meñzemeýän bir aýratynlyk bar. Ol jukguldyny başga-başga zatlar bilen, säkdirmeler bilen çalyşýar. Özem meşhur Mäti bagşynyñ ogly ekeni. Dogany Çerkezem bagşy.
Dewamybar

Inga kommentarer: