måndag, augusti 18, 2008

Halypa bagşy,
v
Sahy Jepbaryñ ýagty
v
hatyrasyna!

Türkmen sazyny öwreniji rus alymlar

viktor Uspenskiý - Viktor Belýaýew

Rus alymlary Uspenski bilen Belýaýew üç ýyllap (1925-1928) Türkmenistanyñ ähli ýerlerini aýlanyp çykyp, milli sungatymyzyñ esasy bolan aýdym-saz hakynda ylmy-monografik işi taýýarladylar. Alymlaryñ işiniñ üstünlikli bolmagy üçin Gaýgysyz Atabaýew olara doly goldow berýär. Rus alymlary şol döwürde höküm sürýän dürli kynçylyklara- garakçylaryñ hüjümi we ... garamazdan yhlas edip bu işe baş goşýarlar, sazlary nota geçirýärler, bagşylaryñ sesini ýazgy edýärler. Olaryñ taýýarlan materialy «Türkmen sazy» diýen kitapda jemlenýär. Kitapda şol döwrüñ bagşylarynyñ suratlary-da ýerleşdirilipdir.
Aýdym-sazymyzy öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak bu işiniñ nähili ýola goýlandygy hakyndaky aşakda hödürlän makalamyzy üns berip okarsyñyz diýip tama edýäris. Bu makalany Sahy aganyñ (1905- 18 awgust1978) aradan çykmagynyñ 30 ýyllygyna bagyşlaýarys.

Akmyrat Gürgenli

***************

Saz taryhymyza ýüzlensek, ol bäri-bäriniñ salgysny berenok. Umman ýaly añyrsy görünmeýän sazymyzyñ döreýşi bilen bagdanyşykly bolan gadymy rowaýatlaryñ il içinde biziñ günlerimize çenli aýdylyp gelinmegi tötänleýin bir waka bolman, onuñ köpüsiniñ ayrasynda janly hakykat ýatyr. Hut şonuñ üçin-de türkmen sazy ýyllaryñ dowamynda dünýäniñ alymlaryny gyzyklandyryp gelipdir.
Meşhur wenger alymy Arminiý Wamberi geçen asyryñ ortalarynda Orta Aziýa, şol sanda türkmen topragyna hem syýahat edipdir. Türkmeniñ taryhy, edebiýaty, sunngaty Wamberini diýseñ gyzyklandyrypdyr. Ol halk bagşylarymyzyñ, meşhur sazandalarymyzyñ sungatyny ýakyndan synlapdyr.
Türkmen edebiýaty, taryhy bilen gyzyklanan rus alymlary Samoýlowiçiñ, Bertelsiñ bu ugurda geçiren düýpli ylmy gözlegleri, agtaryşlary gowy netijeler berýär. Rus alymlarynyñ ýene bir toparynyñ türkmen sazy bilen gyzyklanmagyna sebäp bolýar.
Orta Aziýa halklarynyñ, şol sanda türkmen halkynyñ halk döredijiliginiñ baý genji-hazynasyny gozgamak we ony ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen bu ýere gelen rus alymlarynyñ arasynda Viktor Aleksandrowiç Uspenskiniñ we Viktor Mihaýlowiç Belýaýewin aýratyn uly hyzmatlary görkezendiklerini bellemelidiris.

İlkinji konserwatoriýanyñ halyplary

V. Uspenskiý 1917-nji ýylyñ ahyrlarynda Türküstana gitmegi we ol ýerde bar bolan şahyrana halk döredijiligine we saz sungatyna degişli bolan materiallary toplamagy, öwrenmegi planlaşdyrypdy. Muña bolsa Petrograd konservatoriýasynyñ çeperçnlik sowetiniñ agzalary Glazunow hem-de Viktor Belýaýew sebäp bolupdy. Bu ýerde esasy maksat halk aýdymlaryny, sazlaryny ylmy jehtden öwrenmekden ybaratdy. Çünki türkmen halkynyñ bu inçe sungaty, bendi ediji aýdym-sazy, meşhur Oraz Salyr ýaly halk bagşylary öwrenilmäge diýseñ mynasypdy.
Rus alymlary Viktor Uspenskidir Viktor Belýaýewiñ türkmen saz sungaty bilen ymykly meşgul bolan ýyllary 1925—28-nji ýyllara gabat gelýär. Elbetde, Türkmenistana gelip, bu ýerde ýörite ekspedisiýa/ ylmy syýahat gurmak, respublikamyzyñ giñişliklerine aýlanyp, halk bagşydyr sazandalaryny gözläp tapmak, olaryñ sungatyny ylmy taýdan öwrenmek birbada añsat düşmeýär. Ol ýyllar Türkmenistanda ýer-suw reformasynyñ geçirilýän ýyllarydy. Onuñ üstesine-de tomsuñ agyr şertlerini, yssy günlerini başyndan geçirmeli bolan Uspenskiý işdeş ýoldaşy Belýaýewe ýazan hatlarynyñ birinde şeýle diýýär:
«Merw, gör neneñsilik bilen bu ýere düşdüm. İşlemegiñ we ýaşamagyñ şerti hakykatdanda agyr. İş kyn. Kim bilýär. Sabyr-kararym ýetse, bu işi dowam ederin. Teke, ýomut, soñ bolsa deñiz ýakalaryna, Hywa taraplaryna giderin.
29-njy awgust, 1925-nji ýyl».

Hawa, alymyñ sabyr-karary ýetdi. Ol ýerli alymlaryñ birnäçesini, aýdym-sazymyzy, halk döredijiligimizi, halk bagşydyr sazandalarymyzy öwrenijileri, şolar bilen içgin gyzyklanýanlary öz töweregine toplady. Olaryñ hemmesini daşyna üýşürdi. Olar bilen türkmen sazyny ylmy nukdaý nazardan göwnejaý öwrenmegi planlaşdyrdy. Türkmen sazy hakdaky ylmy monografiýanyñ taýýarlanmagyny tizleşdirmäge bolsa ýerli-ýerden kömek berildi. Professor A. Poseluewskiý, Beki Berdiýew, P. Garabekow, Bäşim Pereñliýew, Kümüşaly Böriýew, V. Stepanow, Gaýgysyz Atabaýew, Muhammetmyrat Nepesliýew we bulardan başga-da sungat bilen iş salyşýan ençeme adamyñ degişli kömeginiñ bolandygyny olaryñ özleri guwanç bilen ýatlaýarlar.
Alymlar Uspenskidir Belýaýewiñ «Turkmen sazy» diýen ylmy monografiýasynda esasan halk bagşylarynyñ, sazandalarynyñ asyrlara hemra bolan sungatyny öwrenmäge çynlakaý synanyşyk edildi. On-da esasan türkmen sazynyñ döreýşi, ösüş taryhy ylmy taýdan derñeldi.
Türkien sazynyñ uly sungatdygy, egsilmez baýlykdygy, saz sun-gatymyzyñ orny, onuñ giñden ýaýraýşy, halypa bagşylar, olaryñ öz sungatyny ösdürişi, edebiýatymyz bilen saz sungatymyzyñ gatnaşygy, olaryñ aýrylmaz arabaglanyşygy, türkmen sazyna goñşy halklaryñ sazynyñ täsiri «Türkmen sazynda» giñden beýan edildi.
«Türkmen sazy» atly kitaby taýýarlamak üçin ilkinji guralan ylmy saz-etnografiki ekspedisiýasynyñ nähili başlanandygy hakda Viktor Uspenskiý: «Türkmen saz ýazgylaryny toplamak baradaky işleri men 1925-nji ýylyñ awgust aýynyñ ortalarynda Maryda başlapdym. Men ol ýerde tä sentýabryñ aýaklaryna çenli boldum» diýip ýazýar. V. Uspenskiý bu ýerde bagşylaryñ uly dosty, howandary. Marynyñ etegindäki obada ýaşaýan Muhametmyrat Nepesliýew bilen tanyşýar. Ony bu möhüm işe çekýär.
Diýsen medeniýetli, rus dilini gowy bilýän, türkmen obalaryna we halk bagşydyr sazandalaryna belet Nepesliýew rus alymyny türkmen topragynyñ ähli giñişliklerine aýlaýar. Halkyñ içinden gaýnap çykan. ýanyp duran talantlar bilen tanyş edýär. Ata-baba halypalardan ýadygär galan goja tüýdügiñ naýbaşy mukamlaryny diñledýär. Meşhur Döwletdurdy tüýdükçiniñ, Peýda tüýdükçiniñ, Annaguly Sary, Atda Gara, Sähet Torly, Ýazmuhammet Köse ýaly ýene onlap ussadyñ tüýdüginde ýañlanyp gelen mukamlar rus alymlarynda türkmen sazyny öwrenmäge bolan höwesi, hyjuwy hasam artdyrýar.
V.Uspenskiý Maryda bolanda Muhammetmyrat Nepesliýewiñ öýünde ýaşaýar. Ol ýere bolsa her gün bagşy bary gelýär, Muhammetmyrat Nepesliýewiñ öýüniñ bagşysyz gün ýok eken. Munuñ şeýledigini V. Uspenskiý örän geñ galmak bilen ýatlaýar. Ol Muhametmyrat Nepesliýewiñ üsti bilen Marynyñ taryhy arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşýar. 94 ýaşly meşhur Şükür bagşy bilen duşuşýar. Şükür bagşydan dutarya döreýşine degişli halk rowaýatyny diñleýär. 94 ýaşly halypanyñ ussatlyk bilen dutar çalşyny synlaýar

[1].
Şükür bagşy
Şu wakalara belet adamlaryñ gürrüñ bermeklerine görä, V.Uspenskiý bir gün obalara aýlanyp ýygnanan materiallaryny birin-birin gözden geçirip, giç ýatýar. Ertesi bolsa Marynyñ bazary eken. Bagşylaryñ köpüsi bazara gelýän bolmaga çemeli. İr säher Muhammetmyradyñ gapysyndz paýtun gelip saklanýar. Paýtundan düşen iki adamynyñ biri eli dutarly eken. Muhammetmyrat Nepesliýew myhmanlary gujak açyp garşylaýar.
—Tüweleme, tüweleme, şeýdiñ ahñry — diýip, soñra salam-aleýk alyşýar.
Olaryñ biri bütin Pendini baglan Saçly Garly eken. Garly öýe girip barýarka, peşanada biriniñ heniz uklap ýatanyny görüpdir. Ol Muhammetmyradyñ ýüzune seredip-dir-de:
— Bu ýatan kimdir? — diýen manyda ümläpdir. Muhammetmyrat:
— Ol meniñ myhmanym. Özi rus adamsy, siziñ, bagşylaryñ howandary. Viktor Uspenskiý — diýip jogap beripdir. Garly bagşy oña gaty begenipdir.
— Be, şol Uspenskiý diýilýän diýsene, hany ony oýarsana. Bir salym söhbet edeli—diýip, egnindäki hywa donuny, howalanyp duran gara telpegini çykarypdyr-da, geýim asylýandan asypdyr—Ýa, bolsa-da, Muhammetmyrat, sen zat tanýasyñ-aýt. Bi geýim asylýan haşamly zatlary. Ýaýly oturgyçlary nireden tapýasyñ diýsene.
Aradan uzak wagt geçmänkä, ýuwnup-ardynyp bolan Viktor Aleksandrowiç salam berip, myhmanlaryñ otagyna giripdir.
Muhammetmyrat Nepesliýew olary tanyşdyrypdyr. – İne, şol geljek, basym geler— diýip, garaşýan rus gardaşymyz Uspenskiý. Siziñ sungatynyzyñ muşdagy. Örän täsin adam. İşeññir, diýseñ ýönekeý, sada adam. Eýýäm ol biziñ ençe gün bäri arzyly myhmanymyz. İşdeş ýoldaşym diýsemem bolman durjak däl.
— Soñra ol Uspenskini Garly bagşy bilen tanyşdyrýar. — Ol ýerleriñem aýlanyp göreris. Pendi diýlenem bir ýurdumyz bar. İne, bular şol ýeriniñ aýdym-sazynyñ eýeleri. Garly bagşyñ ýanyndaky ýigit bolsa onuñ sazandasy Bäşim gyjakçy. Ol ýerde ýene bir meşhur bagşymyz bar. Nobat bagşy diýýärler. Bäşim, ana şol Nobadyñ inisi...
Muhammetmyrat Nepesliýew olar hakda başga-da köp gürüñler beripdir. Soñra ol Garly bagşynyñ ýuzüne seredipdir-de:
— Bagşy, «gürrüñ süýji, saman-ça ýok güýji» diýipdirler. Bu gürrüñlerem gowy welin, seniñ bir aýdymyñ onuñ hemmesindenem gowy — diýip, Garly bagşa dutaryny uzadypdyr. Garly bagşy pessaýja hiñlenip ugrapdyr. Muhammetmyrat Nepesliýew Uspenskä garap:
— İne, bu ýapbyldak diýilýän— diýip düşündiripdir.
Muhammetmyrat Nepesliýewlerde şeýle oturyşyklaryñ, bagşylaryñ duşuşygynyñ häli-şindi bolup durýandygyny onuñ deñ-duşlary guwanç bilen ýatlaýar.
V. Belýaýew halk bagşylarynyñ repertuaryny synlap, onuñ agramly böleginiñ gadymdan gelýän halk döredijiliginiñ baý materiallary yşky-liriki hem-de gahrymançylykly dessanlardygyny ylmy taýdan analizleýär. «Saýatly—Hemra», «Hüýrlukga—Hemra», «Şasenem—Garyp», «Zöhre—Tahyr», «Leýli—Mejnun» ýaly yşky-liriki dessanlardan başga-da, «Gorogly» atly gahrymançylykly dessanyñ hem ýörgünlidigini nygtaýar. Bulardan başga-da, türkmen klassyk şahyrlarynyñ goşgularynyñ hem aýdyma öwrülen nusgalarynyñ bagşylaryñ ençemesinis repertuarynda bardygyny anyklaýar.
Hawa, rus alymy Marynyñ bagşydyr sazandalarynyñ iñ ökdeleriniñ birnäçesi bilen duşuşyp, olardan gerekli hasap eden materiallaryny ýazyp alýar. Annaguly Sary, Sähet Torly, Hojanazar Berdi, Ýazmuhammet Köse ýaly meşhur tüýdükçiler oña ylmy çeşme bolup hyzmat edýärler.
[1]

Şükür bagşy (1831-1928) Şükür bagşynyñ ady rowaýata öwrüldi.Ol saz çalyjy – dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyñ taryhynda uly yz galdyran adam.Onuñ Eýran Hanynyñ bagşysy bilen ýaryşyp,agasyny halas edişi dilden-dile geçip,biziñ günlerimize ýetdi. Dewamybar.

Inga kommentarer: