lördag, juni 23, 2007

Akmýrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Golia@rferl.org

«Kel tebip bolsady öz başyna em ederdi ! »
(Türkmenistanyñ prezidenti G.Berdimuhammedovyñ
Eýrana saparýna syýn)

Ustümizdäki ýylyñ iýun aýynyñ 15-ine Türkmenistanyñ prezidenti G.Berdimuhammedov iki günlik resmi vizit bilen Eýrana bardy. Bu onuñ prezidentlik kürsüsini eýeländen soñ goñşy döwlete, Eýran ilkinji saparydy. Berdimuhammediñ Eýrana barjakdygyny eşiden Türkmensähraly Türkmenler onuñ öz aralaryna gelmegini, Magtymgulynyñ guburyny zyýarat emegini ondan haýyş edip, ýörite tellegrammalar ýolladylar. Emma ýer şaryndaky ýeke täk Türkmen döwletiniñ lideri olaryñ bu islegini kanahatlandyryp bilmedi. Belki-de jenap prezidentiñ Tahrandaky programmasy doly bolandyr, belki-de ol, avtobus öndürýän Eýranyñ “İran hodro” kärhanasynyñ, Türkmenistana avtobus satmak üçin gerekli kontrakta gol çekmek üçin özüne sowgat beriljek-has dogrusy para berjek ýeñil avtomobilini almaga howlugandyr... belki-de jenap prezident uçar bilen Tahran-Kümmetgowuz aralygyna 40 minudyny we ildeşleriniñ arasynda sarp etjek 2-3 sagady aýryp bilen däldir. Onda näme üçin «Dünýä Türkmenleriniñ Gumanitar Bileleşigi» diýip, agyzlaryny dolduryp, Aşgabatda goh-galmagal baryny turzup gelýärler. Ýogsa bu guramadan edil diktator Nyýazov ýaly Dünýä Türkmenleriniñ “wekillerini” çagyryp özlerine at-abraý gözleýärlermi? Esasan täze prezidentde “Dünýä Türkmenleri” diýen düşünje barmyka? Häkimiýet başyna geçeli bäri biz onuñ agzyndan bu barada ýekeje-de söz eşitmedik. Bolýar, sabyr edeýli, wagt, zaman muny aýdyñlaşdyrar. Ýöne biz G.Berdimuhammedovda “Dünýä Türkmenlerini” jebisleşdirip biljek ukyýbyñ bardygyna şüphe bilen garaýarys.

Dünýki diş doktor, bu günki prezident!
Garaşsyzlyk ýyllaryñ içinde, şu geçen 16 ýylyñ dowamynda Türkmenistanyñ syýasy arenasynda tanalmadyk birsiniñ Nyýazovyñ ýerine geçmegi bir topary serpmeden gaýdan ýaly etdi. Nyýazovyñ döwründe birnäçe ýyllap onuñ saglyk ministeri bolup gulluk eden Berdimuhammedov, hiç mahal öñ plana durmady, televidniýada görkezilmedi, metbugat çykyş etmedi. Ol beýleki ministerler ýaly Nyýazovdan kaýyç almady, il masgarasy bolup, tele ekranda üstünden abanylmady. Ol mydama Nyýazovyñ kölgesinde “aýalyp” saklandy. Säbäbi belli däl, belki-de bellidir...

Berdimuhammedov, Nyýazovyñ elini öpýär


Diktator Nyýazov özüniñ ýurt ýykar permanlary bilen günde Watanyñ bir ýerine gemiriji dişini salardy. Bu gemiriji syýasatdan saglyk pudagy-da aman-da galmady. «Türkmenbaşynyñ» permany bilen müñläp-müñläp lukmanlar işden kowuldy, raýon we etrap keselhanalar ýapyldy, gidip ýatan şepagat uýalar işsiz galdy, onuñ ýerine hatta iññe sanjyp bilmeýän esgerlerden poliklinakalarda mugtyna peýdalanmak gullugy gyryzyldy... Nyýazovyñ saglyk pudagyndaky bu gödek syýasatyny onuñ ministeri G.Berdimuhammedov iki elläp goldady we býuruklery ýerine ýetirdi, ýa-da bolmanda dymyp, gytaklaýyn onuñ bilen ylalaşypdy. Bu gün bolsa G.Berdimuhammedov «ýurtda saglyk pudagynda reforma geçirýäris» diýip, goh-galmagal baryny turzyp gelýär we saglyk barada ýazan “kitabyny” propaganda etdirýär, edil ozalkyñ ýazdym diýýän “Ruhnamasy” ýaly. G.Berdimuhammedov özüne “professorlyk” titulyny hem-de “Türkmenistanyñ goşun serkerde başysy, generaly” derejesini-de aldy. Näme «Eşek, eşekden galsa gulagyny-de kes, burnuny-da» diýip, ýersiz ýere aýdan däldir atalarymyz.

G.Berdimuhammedov nädip häkimiýeti eýeledi?


Bilşiñiz ýaly 2006-njy ýylyñ 21-nji dekabrynda özüni ýerdäki tañry hasaplap gelen, “ýele-güne, oda-suwa hökmüm ýöreýär” diýen S.M.Nyýazov, ýokardaky Tañry bilen bäsleşip bilmän amanadyny tabşyrdy. Onuñ ölüminiñ şüphelidigini we onuñ ölüm habarynyñ birnäçe günläp gizlenip saklanandygyny aýdýanlar-da bar.
Türkmenistanyñ howpsuzlyk ministeri, ýaragly güýçleriñ baş generaly we beýleki gulluklaryñ we gizlin hem gizlin bolmadyk gulluklar haýal edmän «Howpsuzlyk geñşiñ» diýen topary döretdiler. Toparyñ karary bilen Nyýazovy jaýlmak dabarasyna G.Berdimuhammedovy bellediler, ýogsan konistitutsiýa bolýunça mejlisiñ başlygy Öwezgeldi Ataýev bu wezipä bellenmelidi. Sovet Soýuzy döwründe kim bu wezipä bellense, onuñ geljekgi lider boljagy ikujsuzdy. Bu Türkmenistanda-da Nyýazovdan soñra şeýle boldy.
Nyýazovyñ 7-si sowlup, sowulmanka, G.Berdimuhammedov ýaragly güýçleriñ we KNB-niñ (ozalky KGB-niñ) ýolbaşçylary bilen bilelikde mejlisiñ binasyna kürsäp girdi. Adatdan daşary ýagdaýda geçirlen “maslahatda” parlamentiñ başlygy, esasy kanun boýunça Nyýazovdan soñra onuñ wagtlaýyn orunbasary Ö.Ataýevi wezipesinden boşatdy. Baryp 2006-njy ýylyñ sentýabrynda heniz Nyýazov dirikä, surata düşürlen bir video ýazgy deputatlara görkezildi. Şonda Nyaýzov, Ataýeviñ üstünden gygyrýar: «Näme üçin ogluñ plan gyýz bilen gezýär, näme diýip, siz ony gelin edip almaýarsyñyz» diýip, bir topar bolugsyz hem şahsy meseleler bilen Ataýevyñ üstünden abanýar hem ony kemsidýär. Bu video ýazgynyñ näme üçin şondan bäri gizlenip saklanandygy, indi bolsa ondan belli bir maksat üçin peýdalanylýandygyny köre hasa bolsa gerek. G.Berdimuhammedov bu töhmet bilen kanun boýunça Nyýazovyñ ýerine wagtlaýyn geçmeli adamy wezipesinden boşatdy, mejlisiñ zalyndan kowdy, hem garşysyna “jenaýat işini” gozgady. 10-20 minutlap uzaga çeken bu “şow-tomaşa” ozal ady Türkmenistanyñ syýasy arenasynda eşlmedik, syýasat älemeninde tanalmadyk, hukuk we ýuridiki taýdan sowadynyñ näderejededigi belli bolmadyk Akja Nurberdiýeva diýen “lepbeý agany” birsiniñ mejlisiñ başlygyna bellenmek bilen tamamlandy.
Aşgabatda adatdan daşary “Halk maslahatynyñ” 20-nji mejilisi geçirilip, esasy kanuna “düzedişler” girizildi we wagtlaýyn prezident hökmünde G.Berdimuhammedov bellendi hem-de prezidentlige saýlawlaryñ geçiriljegi yglan edildi.
Oppozisýada durýan syýasy partiýalar ýurda baryp, saýlawlara aktiv gatnaşjagyny yglan eden badyna, G.Berdimuhammedovyñ permany bilen olar gelen ýagdaýynda airoportda tussag ediljegi habar berildi. Şeýdip oppozisýanyñ ýurda dolanyp barmagyna we saýlawlara gatnaşmagyna rugsat berilmedi. Hatta ýurduñ içinde hereket edýän “Agyzbirlik Demokratik Halk Hereketiniñ” lideri Nurberdi Nurmuhammedovy howpsuzlyk güýçleri ogurlap 10 günden soñra azat etdiler.

N.Nurmuhammedov

Dünýä jemgiýetçiligi, Ynsan Hukuklaryny goraýan Halkara Guramlar Nyýazovyñ türmelerinde günäsiz oturan syýasy bendileriñ şol sandan Muhammetguly Aýmyradovlaryñ(ol 94-nji ýyldan bäri otyr), ýurduñ ozalky daşary işler ministerleri Boris Şyýmyradovyñ we Batyr Berdiýeviñ... azatlygy goýberilmegi diýen talabyna-da G.Berdimuhammedov äsgermezçilik edip gelýär. Kurhany Türkmen diline terjime eden we entejik bahana bilen Nyýazovyñ gazabyna duçar bolup sürgüne iberilen Hoja Ahmat ahuna ojagyna dolanyp gelmegine rugsat berilmän gelýär (Nyýazovyñ permany bilen şol kurhanlar ýakyldy, ol öz Ruhnamasyna bäsdeş etjek hiç kitaba çydam edip bilmeýärdi). Gepiñ gyýsgasy, ýagdaý öñki-öñküsine galdy. Ne söz azatlygyna, ne-de azat-erkin metbugata, ne syýasy, ne-de hökümete degişli bomadyk syýasy däl gurluşlara ýol berilmän gelýär. İntenternet kafeler ýola goýuldy diýip, reklama edilýär, emma ondan peýdalanmak üçin sagady 4 dollar tölemeli, kimde bar beýle pul, goñşy döwletlerde bolsa ol 1 dollara-da ýetenok.
Mart aýynyñ 23-inde Mary-da geçirlen “Halk maslahatynyñ” 21-nji mejlisinde ýene-de baş kanun/konistitutsiýa bozuldy. Mejlise ýaşy 50-den aşakdaky adamynyñ ýolbaşçy bolup bilmeýän maddasyny üýtgedip, 49 ýaşyndaky G.Berdimuhammedovy mejlisiñ başy edip bellediler. Bu işde ýurduñ saýlaw komisýasynyñ başlygy Myratberdi Sopyýev, ýaranjañ ýaşuly sumak Myrat Garryýev we il masgarasy Onjuk Musaýev ýalylar ellerinden gelenini gaýgyrmadylar. Şol mejlisde prezidentlige saýlawlara 5 tamakyýn bellendi, olar G.Berdimuhammedov bilen bäsleşmelidi. Elbetde arkasynda KNB (ozalky KGB), ýaragly güýçler... duran G.Berdimuhammedovyñ ýeñiji bolup çykjagy iküçsyzdy, ol şeýle hem boldy.


Çärjewiñ bir meýdanyndan Nyýazovyñ heýkeliniñ ýerine
“häzirlikçe” G.Berdimuhammedovyñ uly protreti goýuldy.

G.Berdimuhammedov häkimiýet başyna geçer, geçmez özüni bu wezipä ýetiren hojaýynlaryny ýok edip başlady. Nyýazovyñ baş goragçysy, jenaýatçylykda ýakasy gaýyşly Akmyrat Rejepovy, Milli Howpsuzlyk Ministeri Geldimuhammet Aşyrovy we İçeri İşler Ministeri Akmuhammet Rahmanovy işlerinden kowdy, indi gezek Nyýzovyñ döwründen galan ýeke-täk adam, ýagny Goranmak Ministeri Agageldi Muhammetgeldiýeviñki diýilýär.

Akmyrat Rejepov

Ugur niräk?

Prezident G.Berdimuhammedov ilkinji resmi saparyny Saud Arabystanyna etdi, soñra Orsýete ondan soñ bolsa Eýrana bardy. Emma ilkinji bolup Türkmenistanyñ garaşsyzlygyny ykrar eden doganlyk Türkiýe jemhuriýetine henize çenli sapar etmän gelýär. Käşki ol ilkinji gezek dünýä Türkmenleriñ buýsanjy bolan Magtymgulynyñ mukaddes topragyny zyýarat edip, onuñ päk ruhundan ak pata alan bolsady... Onuñ ady agzalan ýurtlara sapar etmegi, onuñ daşary syýasatda ugrunyñ/ orientatsiýasynyñ haýsy tarapa barýandygyny düşündirmän duranok. Ol bir tarapdan edil Nyýazov ýaly halkyñ dini ynançlaryny eksplotirlemek üçin Mekkä, Haj zyýratyna gidip, özüni hakyky musulman edip görkezmäge syýnanşdy, aýry tarapdan Norvegiýanyñ paýtagtynda bosgunlykda aradan çykan Türkmenistanyñ ilkinji daşary işler ministeri, “Birleşen Türkmen Oppozisýasynyñ” lideri merhum Abdy Kulyýeva öz watanyndan topraga berilmegine, jaýlanmagyna rugsat bermedi. Onuñ bu işi ne musulmançylyga ne-da adamkärçilige sygdy.
2007-nji ýylyñ Maý aýynyñ başlarynda Türkmenistanyñ, Orsýetiñ we Gazagystanyñ prezidentleri Hazar ýaka Şagadam (häzirki ady Türkmenbaşy) şäherinde, Türkmen gazyny Gazagystanyñ üsti bilen deñziñ kenaryndan çekiljak täze geçirijiden, Orsýete aşyrmak baradaky deslapky ylalaşyga gol çekildi, başgaça aýdylanda Türkmenistanyñ tebigi baýlygyny Orsýete eksport etmekde, ony talatmakda G.Berdimuhammedov, Nyýazovdanam ozdurdy.
Heniz baş ogry Nyýazovyñ halkyñ bokurdagyndan kesip, talap alan we Alman hem-de Swiss banklarynda ýatyran milýardça dollar pullaryñ ykbaly näbelli. Ol pullar Türkmenistana beriljekmi, berilmejekmi, bu barada täze prezident halka bir zat aýtman gelýär. Häzirki wagtda gazyñ puly nirä gidýär? Näme üçin halkyñ saçagynda bol-elin çörek ýok?...

Türkmenistan-Eýran gatnaşygy

Baryp 1991-nji ýylda Nyýazov Türkmensährali Türkmenleriñ baş şäheri Kümmetgowuza baranda, adamlar edil “ýer süýşen ýaly”, siý ýaly akyp, köçelerde onuñ geljek ýoluna garaşypdylar, hatta Kelala aýroporty-K.gowuz aralygyny paý-piýada aşyp, ony garşy alypdylar. Bu buýsançly ýagdaýy göre bilmedik käbir parslar, Türkmenlere: “prezidentiñiz geldi, indi arka daýanjyñyz bar” diýipdiler. Nyýazov Akdokaýa baryp Magtymgulynyñ mazaryny-da ziýarat etdi. Elbetde diktator ol mukaddes guburyñ başynda-da özüne wepaly bolmak barada ministerlerine ant içdirmegi-de unutmady.
Dörän ýagdaýdan peýdalanan Eýran rejimi Türkmenistandaky ilçi hanasynyñ ýanyndaky medeniýet öýüniñ işiniñ germini köpeldip, her gün diýen ýaly yslamy propagandirlemekde dek oturmady. Mary, Nebit-dag ýaly şäherlerde konsul hanalaryny açdy. Pars dilini sapak berýän mekdepleri ýola goýdy, garaz yslamy rejimi propandirlemekde pul-para sarp etmekden gaýytmady we gaýytman gelýär. “Türkmenistan öz konsul hanasyny Türkmenleriñ ýaşaýan şäheriniñ birsinde açsyn, Türkmenleriñ arasynda Türkmen dilini öwredýän kurslar ýola goýsyn, Türkmenistanyñ metbugat öýi, has bolmanda gazet satýan bir kioski bolsun” diýen Türkmensähraly Türkmenleriñ islesine ne Nyýazov gulak gabartdy, ne-de Berdimuhammedovyñ ýadyna düşýär, edil “eşegiñ gulagyna ýasyn okalan” ýaly. Ýogsam diplomatik gatnaşyklar edil küşüt oýuny ýaly ahyryn, garşy tarapyñ göçüm etdimi, sen-de göçmeli, ýogsa utuldygyñ bolýar.
2000-nji ýylyñ 14-nji sentýabrynda Nyýazov Balkan welaýatyna baranda Eýranyñ çäginde ýaşaýan Türkmenler barasynda şeýle diýdi:

«Jafarbaýlar bilen Atabaýlaryñ arasynda oñşuksyzlyklar bar. Tire parazlyk bularyñ galynda bar-da. Balkanlylaryñ ikä bölüneni hem şol sebäpden. Bir bölegi ol tarapda [Eýranda-AG] galdy, deñiz kenarynda ýaşaýan tiräñiziñ iki bölünenini bilýärmisiñiz ýaşulylar? Biz indi birleşdirjek hem bolamyzok, indi taryh her kimiñ arasyny kesgitledi. Añyrda ýaşaýan añyrda ýaşabersin, bärde ýaşaýan bärdi. İndi hiç kim topragy, ýer, serhedi üýtgedip bilmez...»

Nyýazov şol ýylyñ oktiýaber aýynda Aşgabadyñ Ruhiýet köşginde, milli mirasy öwreniş konferensiýada eden çykyşynda:

«Eýranlylar bilen ýedi arka ganymyz birdir» diýdi.

Nyýazov Türkmensährada ýaşaýan Türkmenler barada şeýle garaýardy. Şonuñ üçin onuñ ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirjek diýip gelýän G.Berdimuhammedov, Eýrana baranda öz ildeşleriniñ arasyna barmagy özüne kemçilik saýdy.
Eýranyñ çäginde ýaşaýan Türkmen halky 10 ýyllyklaryñ dowamynda merkezi hökümetiñ zalym hem jenaýatçylykly syýasatynyñ gurbany bolup gelýärler, baýlygy talanýar, ruhy taýdan kemsidilýär... Olaryñ sany indi 3 million töweregi. Türkmenistan garaşsyzlygyny jar edenden soñra olar buýsanmak buýsandylar. Başda araçägiñ iki tarapynda ýaşaýan Türkmenleriñ gatnaşmaklaryna ýeñillik döredildi, soñra olam ýatyryldy, diñe parslar, söwda, biznes bahanasy bilen islän wagty Türkmenistana gelip gidýärler. Türkmen görgüli bolsa Türkmenistana giriş vizasyny almak üçin ilki bilen çagyryş hat getirtmeli, soñra 400, 500 km ýol söküp, Tahrana ýa-da Maşada gidip, pasportyna viza bellegini basdyrmaly, bu iş bitýänçä otel we beýleki çykdajylary boýun almaly...
Türkmensähraly Türkmenleriñ öz ene dillerinde hatly sowatly bolmak, milli hak-hukuklaryna hormat goýulmak ýaly talaplaryny G.Berdimuhammedov diplomatik ýollar bilen, hatta gerek bolan ýagdaýynda ykdysady gysyş arkaly-mysal üçin «gaz bermeris, elekterik toguny satmarys» diýen ýaly faktorlardan peýdalanyp, Tahran resmilerine duýduryp, öz ildeşleriniñ derdine melhem edip bilerdi, bu henizem giç däl, sebäbi Eýrana sanksiýa girizildi, “hiçden giç ýagşy” diýilipdir. Ýöne atalyk mähri bilen Türkmenistanyñ içinde ýaşaýan Türkmenleriñ başyny syýpamadyk bu prezidentden, Türkmensährada ýaşaýanlar nämäni tama edýärler?!
G.Berdimuhammedovyñ Eýrana baryp-da ruhy taýdan goldaw bolar ýaly Türkmensähraly Türkmenleriñ arasyna barmanlygy, edil birsiniñ başga obada ýaşaýan doganynyñ obasyna baryp, doganynyñ öýüne barman, onnuñ goñşusyna myhman bolup gaýdana meñzeýär.
Sözümizi milli şahyrymyzy, ruhy buýsanjymyz Magtymgulynyñ dürdänleri bilen jemleýäris:

«Her emiriñ, ger weziriñ akly kutah, ham olar,
Ol weziriñ ady ahyr, halk ara betnam bolar.
...
Dogay salam Magtymguly guludan baky bolgan beglere,
Aý dolar, enjüm batar, roswaýy aam u haas bolar.»

Prag- Çek jemhuriýeti
23.06.2007

1 kommentar:

Anonym sa...

Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
mayocareclinic@gmail.com
Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.