torsdag, juli 30, 2009

”AGZYBIRLIGIÑ” BAÝRY
r
AGZALARYNYÑ BIRI, LUKMAN ZENAN
AÝGÜL TÄJIÝEWA ARADAN ÇYKDY
Aýgül Täjiýewa1944-08-27—2009-07-22

Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölümi ”Agzybirligiñ” agzasy Aýgül Täjiýewanyñ 2009 ýylyñ 22-nji iýulynda uzaga çekmedik agyr keselden soñ aradan çykandygyny çuññur gynanç bilen habar berýär.
Aýgül Täjiýewa 1944 ýylyñ 27-nji awgustynda Mary şäherinde dogulýar, orta mekdebi şol ýerde tamamlap, 1962-nji ýylda Aşgabadyñ Medisina institutyna okuwa girýär we ony 1969-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şondan soñ dürli wezipelerde işlän lukman zenan 1978-nji ýyldan tä 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine baştutanlyk edýär.
Aýgül Täjiýewa 1990-njy ýylda Daşhowuz welaýatyndan Türkmenistan Ýokary Sowetine deputat saýlanylýar. Emma nyýazowçylyk ýokary häkimiýet bilen arada dörän gapma-garşylyklar zerarly ol deputatlykdan eden-etdilik bilen yzyna çagyrylýar.
1991-nji ýylda Aýgül Täjiýewa ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketine agza bolýar. Ol geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda ”Agzybirligiñ” demokratik ideýalaryny halk arasynda ýaýratmakda mynasyp işleri bitirip, öz pikirdeşleriniñ hormatyny gazandy.
Türkmenistanda kök uran başistik diktaturany hiç bir jähtden kabul etmedik Aýgül Täjiýewa 2002-nji ýylda Türkmenistany terk edýär we soñra 2004-nji ýylda bütin maşgalasy bilen Günbatardan syýasy gaçybatalga alýar. Şondan bäri-de ol Şwesiýada ýaşap, ”Azatlyk” radiosynyñ zenan hukuklary hem saglygy bilen baglanyşykly gepleşiklerinde çykyş edip, türkmen senanlaryna degerli maslahatlary berip geldi.
Biwagt gelen ajal Aýgüli biziñ aramyzdan alyp gitdi, emma bu hoşniýetli zenan hakdaky ýakymly ýatlamalar ony tanaýan adamlaryñ ýüreklerinde ýaşamagyny dowam etdirer.


”Agzybirligiñ” Daşary ýurt bölüminiñ başlygyG.Ataýew, Pariz.Ak Welsapar, ýazyjy,Stockholm2009-07-22

Inga kommentarer: