Dr. Ahmat Garadaglýný ýatlap
Dr.Ahmed Garadagly
(1901-- 22.11.1977)
Älke hajy dindar adam bolany üçin ogullaryny molla berýär, olaryñ ikisi-de din sapaklanry alyp arap dilini-de öwrenýärler. Ahmed 24 ýaşyndaka daýysy Söýünjalynyñ gyzy Annabagta öýlenýär. Olaryñ 1926-nji ýylda bir ogly bolýar. Onuñ adyna Hajymuhammet dakýarlar.
Ahmed 1927-nji ýylyñ Maý aýynda Kümüşdepeden Türkiýä okuwa ýola düşýär (Nazdurdy Ýomut bilen bile). Ol ilki Trabzonyñ mugallymçylyk mektebine ýollansa-da, öz haýyşy boýunça şol ýyl Konýadaky mugalllmçylyk mektebine geçýär. 1932-nji ýylda bu mektebi gutarandan soñra ol Ankararnyñ Gazy lisesine iberilýär (Abdyrahman Ýomut bilen bile). 1935-nji ýylda bu lisäni gutaran Ahmed, şol ýyl İstanbul universitesiniñ tip fakultetine girýär we 1941-nji ýylda onı gutanp Almanyñ Tübingen şäheriniñ keselhanasynda hirurg-jerrah bolup işläp başlaýar.
1946-nci ýylda Türkiýä we 1947-nji ýylda-da Eýrana gaýdyp gelen Ahmed şol ýyl Şiraz şäherine işe ýollanýar. Soñra ol 1949-nji ýylda Kazerun we 1950-nji ýylyñ ortalarynda Nişabur, 1953-nji ýylda Kümmetgowuz, 1974-nji ýylyñ ortalarynda-da Gilan welaýatynyñ merkezi bolan Reşt şäherlerinde işleýär. Reşt şäherinde işläp ýörka görme-görşe Kümmede gelen wagty Dr. Ahmed Garadaglyny tutan iran polisi ony 4 aýlap Gürgen şäherinde tussaglykda saklaýar, soñra-da Ýezd we Maşat şäherlerine sürgünçilige iberýar. Ol 1976-nji ýylda pensiýa çykarylýar. Dr Ahmad Garadagly 1977-nji ýylyñ 22-nji noýabrynda, 76 ýaşyndaka, Gürgen şäherinde aradan çykýar we ol Kümmetgowuzda jaýlanýar. Onuň ýatan ýeri ýagty bolsun.
A.Garadaglynyň Eýran häkimiýetleriniñ gahar-gazabyna duçar bolrnagy ýöne ýerden däldi. Ozaly bilen Tähran häkimiýetleri ýurtda azçylykda ýaşaýan halklaryñ şol sandan türkmenleriñ döwrebap okuwlarda okap-ýetişrneklerini islemeýärdi, ikinjiden-de Dr.Ahmad Garadagly Türkiýe we Almanýada okap-işläp ýören wagtlarynda-da, Eýrana gaýdyp baranda-da, milli-jemgiýetçilik işler bilen meşgul bolupdyr. Ol Türkiýäniñ Magarif ministerlyginiñ, asly gelip çıkışlary türki halklardan bolan daşary ýurtly okuwçylara berýän burslaryndan/stependiýalaryndan peýdalanyp, 1964-nji ýylda 15 sany Türkmen gyzy Türkmensähradan, Türkiýäniñ İstanbul şäherine okuwa ýollaýar. (Bu, Türkiýa okuwa gadan 2-nji uly kerweri bolupdy). Onuñ bu milli işi Tährarnyñ gaharyny getiripdi.
Türkmen gyzlarynyñ hemmesi, İstanbul şäheriniñ dürli mekteplerinde okadylar. Birnäçesi bolamasa, aglabasy öz okuwlaryny tamamlap ýa Eýrana gaýdyp, ol ýerde, ýa-da Türkiýe we Ýewropanyñ dürli döwletlerinde işläp-hyzmat edip ýörler. Dr. Ahmed Garadaglynyñ başladan bu haýyrly işi soñraky ýyllarda-da dowam etdi.
Türkiýä okuwa baran ilkinji gyýzlar topary. Ystanbul 1964
Merhum Dr. Ahmed Garadaglynyñ bu haýyrly işinden, açan ýolundan peýdalanyp Türkiýede we Ýewroparuñ dürli döwletlerinde okap ýetişen we işläp ýören türkmen aýdiñlary oña "Türkmenleriniñ Medeni Serdary" diýen ady berip, ony hemişe gowlukda ýatlap, minnetdarlygyny bildirýärler.
Merhum Garadaglynyñ bu haýyrly işine, Türkiýäniñ şol wagtlarda Tährandaky ilçisi bolup işlän we soñra, Vatikanda, Ermeni terroristleri tarapyndan urlyp öldürilen merhum Taha Jarmiñ, ondan soñraky başilçi, edermen adam Nejdet Kentiñ, şeýle-de ilçyhananyñ müsteşar-sekretarlary i1hami Müreniñ, ibrahim Dijleliniñ, Attaşelerden Ali Haýdar Diriöziñ, Mehmet Turhan Deniziñ, ibrahim Göktürkiñ we beýlekileriñ görkezen ýardamlarnyñ uly bolanldygyny agzap, hemmesine minnetdarlyk bildirmek gelýärler.
Bu baradaky maglumaty Dr. M.Kylyçyň «Dünyä Türkmenleri» kitabyndan aldyk.
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar