Yakyn tarymyza syn
Sary kethuda
(1273-1339 ş / 1894-1960)
“Sary satanlak” lakamly Sary han Ýolma, Türkmenleriñ ýakyn taryhynda yýz galdyran şahsyýetleriniñ biri. Ylaýta-da onuñ ady Kümmetgowuz şäheriniñ döwrebaplaşmagy bilen utgaşyp giden. Sary, bu şäheriñ ilkinji kethudasy, häzirkisi ýaly aýdylandan ilkinji şäher şurasynyñ ýolbaşçylaryndan birisi.
Onuñ hakyky ady Ýegenmämet bolup, ol Etrek ýakasýnda çarwa Atabaý Türkmenlerden bolan Täçmämmet aganyñ. Täçmämet aga göçüp, gonmakdan bir ýerde otrumly bolmagy we ekerançylyk etmegi halapdyr.
Sary/Ýegenmämet ýigit çykyp öýleneden birnäçe wagt soñra, şol döwürde köp duwş gelinýän «Aköýlüçilik» urşlara gatnaşmaly bolýar. «Aköýlüçilik» düzgüni esasynda, batyr taýpalardan birisi saýlanyp, onuñ serdary öz adamlary bilen hökümetiñ bähbidini gorap, merkezden ýörite aýlyk, günlik alypdyr. Sary, öz agasy Ýegen batyr bilen başga bir atabaý toparyna garşy göreşipdir. Ýeñiş gazanyp, «Aköýlülik» derejesini gazanan Sary öz topary bilen 1298/1909-njy ýylda Kümmetgowuza gelýär. Bu bolsa onuñ durmuşynda täze bir öwrülşik nokady bolýar, şol ýylda onuñ «Oýluk» diýen ilkinji ogly dünýä inýär.
«Aköýlülik» düzgüni, Yraza şanyñ goşuny İlerli Türkmenistany/ Türkmensährany basyp alýança dowam edýär. Şondan soñra Kümmet şäheriñ umumy işleri, indi söwda işleri bilen meşgullanyp ýöran Sary aga ynanylýar we oña Atabaý tiresiniñ ýaşulsy, Kümmetdiñ ilkinji kethudasy diýen at, dereje berilýär.
1927-nji ýylda «Jüneýt han» öz atlylary bilen Kümmediñ gaýrasyndaky «Egri bogaz» we «Halatnebä» gelip ýerleşende, Tahran hökümeti olary boýun egdirmäge syýnanşýar, has bolmanda parahatçylykly ýol bilen Eýrany terk etmäge mejbur edýär. Sary kethuda bu işde aktiv rol oýnap, meseläniñ parahatçylykly ýollardan çözülmegine kömek edýär. Jüneýt han öz topary bilen Owganystana çekilýär.
1932/1306-njy ýylda Bolşevikler «Balkan» Türkmenlerini, ylaýtada-da «Dehle» gozgalañyny gana çaýkanlaryndan soñ, bir topar Türkmen, Türkmensähra geçýär. Sary olaryñ ýerleşmeginde we üpçinçilikleri hakynda köp alada edýär we olaryñ aglabasynyñ Kümmet şäherinde ýerleşmegine ýardam edýär.
İkinji jahan urşy ýyllarynda 1941-njy ýylda SSSR-iñ «Gyzyl goşuny» Türkmensähra girende, Eýran hökümetiniñ- esasan Alman faşistleriniñ içalysy/ agenti hökmünde Kümmetgowuz we Tüerkmensährandan 18 adam tussag edilýär, şolardan Annamyrat ahun (teke), Mämetnepes Gök/ Göki Sofy dagy jemi bäş adam Türkmenistana alnyp gidilýär, Sary kethuda bolsa azat edilýär.
Türkmensährada häkimiýet boşlugyndan peýdalanyp, galtamançylyga baş goşan- käbir garaýşa görä, merkezi hökümediñ žandarmasynyñ zulmuna garşy aýaga galan «Durdygylyç», «Mämettagan» ýaly adamlaryñ gozgalañynyñ basylyp ýatyrylmagynda Sary kethuda hökümet goşuny we olaryñ arasynda araçylyk edip, asudalyk bilen boýun bolmaklaryna aktiv gatnaşypdyr. Tahran hökümeti bolýun bolan ýagdaýlarynda olara zat dimejekdigi hakynda söz berse-de «Mämettagany» atyp öldürmegi, Sary kathudany gaty ynjydýar, şondan soñra onuñ göwni merkezi hökümetden sowap ugraýar.
Sary kethuda Kümmet şäheriñ abadançylygy ugrunda-da birnäçe iş bitiripdir. «Emir kebir» diýen mekdep üçin öz şahsy ýerinden bir bölegi hödürläpdir, «Gedem abad» köprüsiniñ ýanyndaky «aýt namaz» üçin ýer bagyşlapdyr, onuñ «Oýluk» diýen ogly bolsa orta mekdep/ Kaşany adyndaky rahnemaýy mekdep üçin ýer beripdir.

Sary kethudanyñ ogly Durdy Akatabaý
Kümmetgowuzdaky «Daneşseray Aşaýeri-de okap ýören döwri
(Sagdan: D.Atabaý, Omçaly Goli we Mekdebiñ müdüri Efseli. 1336.6.2)
Sary kethudanyñ saçagy açyk bolupdyr, ol märeke söýen adam bolup, onuñ ojagy bagşy-şahyrlaryñ , ylaýata-da küşüt oýnalaryñ mekanyna öwrülipdir. Sary kethuda 66 ýaşynda 1339-njy ýylyñ Azer aýynyñ 29-yna dünýäden gaýdypdyr.
Akmyrat Gürgenli
(Bu makalanyñ taýaýrlanmagynda Gürgende çap bolýan Pyragy žurnalynyñ 1380-nji ýylda neşir bolan, 2-nji ýyl, 8-nji san nomerindaky Ş.Atabaýyñ maglumatyndan peýdalandyk)
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar