söndag, augusti 03, 2008

Awgust aýyndaky wakalar

1-nci ýekşenbe-- Türkmenistanda gawun baýramçylygy.

1 Aug 1975- Helsinkide “Ýevropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ” jemleýji aktyna gol çekildi.

2 Aug 1970- Güllidag, Garnawa we onuñ töwereginde ýer yrandy, 32 oba weýran bolup, 175 adam öldi, 500 den gowragy ýaralandy.

4 Aug 1922 Anna güni- Belli göreşjeñ Osmanly generaly Änvär paşa bolşevikler tarapyndan şehit edildi.

6 Aug 1753- Ahmatşa Dürranynyñ Gökleñ han-beglerinden ýardam sorap, olara iberen birinji haty.

8 Aug 980- Belli Türk filosofy, medisina alymy Ibn-Sinanyñ Ürgençde doglan güni.

8 Aug 1977- Bagşy Sahy Jepbar aradan çykdy. Doglany 1905.

8 Aug 2002- Niýazow aýlaryñ we hepdäniñ günleriniñ atlaryny üýtgetdi.

11 Aug 1992- Türkmenistanyñ döwlet serhet goşuny döredildi.

11Aug1914- Ilkinji gezek Astrabad-Kümmet aralygynda ýeñilmaşynlargatnap başlady.

12 Aug 1918- Türkmenistany bolşeviklerden gutarmak üçin Mallesonyñ
baştutanlygynda Inglis goşuny Artykdan içerik girdi.

13 Aug 1990- Alym Ahmat Bekmyradov aradan çykdy.

16Aug1953-Halk gozgalañyna çydap bilmedik M.Rezaşa daşary ýurda gaçyp gitdi.

19Aug1945- Göreşceñ offiserler şol sandan Abdyrahym Nedimi(türkmen) merkezi hökümetiñ syýasatyna protest hökmünde Maşatdan ugrap,
Marawadepäni öz kontrollaryna geçirip, Kümmet şaherine geldi.

19Aug1953- Amerikanyñ “CIA” edarsy bilen Inglisleriñ “intellegent service”niñ işbirligi netijesinde Eýranda Dr.Musaddygyñ hökümeti agdarylyp, M.Rezaşa gaýtadan tagta çykdy.

19Aug1959- Gürgen şäherinde türkmen dilinde gepleşik berýän radiostansiýa ýola goyuldy.

19-21Aug 1991- Kommunistleriñ bir toparynyñ M.Garboçova garşy ýykgynçylykly hereketi. SSSR-iñ darmagy.

20 Aug 1991- Türkmenistanyñ syýasy aktivistleri “Geñeş” ady bilen ýygnanşdylar, olar:

1. Agzybirlik halk hereketi
2. Demokratik(ösüş) partyýasy
3. Studentleriñ (Nazaryýet) hereketi
4. Mary halk hereketi
5. Balkan halk hereketi
5. Kommunistlerden aýrylanlar.

21 Aug1991- “Geñeş” özüniñ birinji bildirşinde Türkmenistan döwlet
başlyklarynyñ işden çekilmegini talap etdi.

21Aug1945- Inkylabçy offiserler bilen hökümetiñ ýaragly güýçleri arasynda Kümmetde gazaply çaknaşyk boldy, offiserler ýeñldi, A.Nedimi
Äzerbegjanyñ üsti bilen Orsýete geçdi. Ol 70-nji yýllarda Ivanov diýen
şäherde aradan çykdy.

21 Aug1991-50-den gowrak Türkmenistanly intellegentleri, döwletiñ alyp barýan syýasatyna protest hökmünde Magtymgulynyñ ýadigärliginiñ öñünde açlyk oturşygyny geçirdiler.

22 Aug1977- Halk artisty, Türkmen teatrynyñ düýbüni tutujy Aman Gulmämetow ardan çykdy. Doglany 31.12.1908

22 Aug1991- Türkmenistan öz-ygtyýarly döwlet diýlip jar edildi.

25Aug1941- Benderşanyñ üsti bilen Şureviniñ goşuny Kümmetgowza girdi.

25Aug1941- Irzaşa Eýrandan gaçyp gitdi. Gyzyl goşu Türkmensähra girdi. SSSR- iñ diplomaty Gylyç Kulyýev Gürgende konsul bolup işlän wagtynda, SSSR-e garşy Göki sofy bilen Annamyrat ahun Türkmenistana alnyp gidildi.

28Aug1879-Birinji Ahal-teke ýörişi; Gökdepe galasyna rus goşununyñ hüjümi yza serpikdirildi.

30 Aug1941-Türkmenistan hökümt başlygy Hywaly Babaýev atyldy. Doglany 1902- nji yýlyñ 4-nji Aprili.

30 Aug1989- Türkmenistanda “Agzybirlik Halk Hereketi” adynda bir syýasy jemgiýet esaslandy.

31Aug1907- Rus-Inglis döwletleri, Eýrany öz aralarynda paýlaşdylar,
Türkmensähra ruslaryñ kontrolyna geçdi.

31Aug1968- “Türkmenistaniñ halk magaryfy” jurnaly çap edilip başlandy.

Inga kommentarer: