tisdag, juni 17, 2008

از ادبیات بالنده و مترقی ادبیات تورکمن

کانون فرهنگی- سیاسی خلق تورکمن به سهم خود در راستای شناساندن و درسگیری از تجربیات ملی، سیاسی و فرهنگی ملت تورکمن بطور مستمر سلسله مقالاتی را تهیه و منتشر میکند. در این مقاله شما با زندگی و آثار ادیب، شاعر و نویسنده بزرگ ملت تورکمن، مؤلف کتابهای درسی، سراینده سرود ملی تورکمنستان مرحوم آمان کلیل اوف آشنا خواهید شد.ر
نام ککیل اوف ها در تورکمنستان تداعی کننده مبارزه و مقاومت علیه رژیم توتالیتار است. در این خانواده شالی ککیل اوف که مدت طولانی در سیبری در زندان کاره لیا و نیز شاعره آنناسلطان ککلیل اوا که بیش از 12 سال عمر نوجوان خود را اجبارا در تیمارستان گذرانید و در آنجا شهید شد را می شناسیم.ر

********
Edebiýatçy alym, Filologiýa ylymlarynyñ doktory,
halk ýazyjysy


Aman Kekilow

Türkmenistanyñ 2-nji jahan urşy ýylaryndan soñra ägirt uly yz galdyran edebiýatçylarymyzyñ biri Aman Kekildir. Kekilowlaryñ maşgalasy umuman Türkmenistanyñ ýakyn tarynhynda totalitar düzgüne garşy göreş bilen uwtgaşan. Olardan Şaly Kekilow we Annasoltan Kekilowa bada-bat ýadyña düşýär. Şaly neresse Siberiñ Karelia jeññelinde ömrüniñ köpüsi sowuk hem garañky türmelerde geçiren bolsa, Annasoltan edil Aşgabady alkymlap duran Bekreweniñ dälihanasyna dürli gynamalardan soñra ýagty jahan bilen hoşlaşmaly boldy.
Biz bu makalada olaryñ maşgalasyndan, şahyr, filolog, edebiýatçy, akademik Aman Kekilowy tanatmagy maksat edindik. Türkmen Sovet Ensyklopediýasynyñ 4- nji tomunda Aman aganyñ terjime haly ýerleşdirlipdir, onda şeýle diýilýär:

KEKILOW Aman (9.5.1912, Aşgabat raýonynyñ Köşi obasynda doglup, 13.12.1974-da Aşgabat aradan çykýar)- türkmen sovet edebiýatynyñ görnükli wekili, edebiýatçy alym, jemgýetçilik işgäri. Filologiýa ylymlarynyñ doktory (1959), TSSR ЫA-nyñ akademigi (1969), Türkmenistan SSR-niñ halk ýazyjysy (1967), Türkmenistai SSR-niñ ylymda at gazanan işgäri (1972), Türkmenistan SSR-niñ Magtymguly ad. döwlet baýragynyñ laureaty (1968). K. Aziýa we Afrika ýurtlary bilen raýdaşlyk komitetiniñ respublikan bölüminiñ başlygy. 1951 ýyldan başlap SSKP çleni. Ol watançy şahyr Ş. Kekilowyñ inisidir. K. garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol 1925 ýylda Aşgabat pedtehnikumyna okuwa girip, ony 1929 ýylda tamamlaýar we «Pioner» žurnalynyñ jogapkär sekretary bolup işe başlaýar. Şol ýyldan hem döredijilik işi bilen gyzyklanyp ugraýar «Oglanlar hem kitap», «Guşlar» ýaly ençeme goşgulary metbugatda peýda bolýar. 1933—35 ýyllarda «Kolhozçy» respublikan gazetiniñ jogapkär sekretary we Türkmen döwlet neşirýatynyñ çagalar edebiýaty bölüminiñ baş redaktory. Bu ýyllarda onuñ döredijiligi has-da kämilleşip, belli ýazyjylaryñ hataryna goşulýar. SSSR Ýazyjylarynyñ (1—5) gurultaýlarynyñ we TSSR ýazyjylarynyñ (1—6) gurultaýlarynyñ delegaty. K. 1935— 38 ýyllarda Moskvanyñ Taryh, filosofiýa we edebiýat institutynda okaýar. 1938—39 ýyllarda Moskvanyñ A. W. Lunaçarskiý ad. teatral institutynyñ mugallymy. 1940—47 ýyllarda M. Gorkiý ad. Aşgabat döwlet pedagogik institutyyñ dosenti, 1948—58 ýyllarda Çärjewiñ W. I. Lenin ad. pedinstitutynyñ türkmen edebiýaty kafedrasynyñ müdiri. 1959 ýyldan tä ömrüniñ ahyryna çenli TSSR YA-nyñ Magtymguly ad. Dil we edebiýat institutynda (direktor, sektor müdiri) işledi. K. 30-njy ýyllarda çuññur partiýalylyk, belent optimizm ruhy bilen ýazylan köp sanly şygyrlar bilen birlikde, «Öñe» (1935), «Soñky duşuşyk» (1940) ýaly poemalary-da döretdi. Onuñ Beýik Watançylyk. urşy ýyllarynda döreden «Egri azar, dogry ozar» (1941), «Kawkaz» (1942), «Watan» (1942), «Günbatara» (1943) ýaly eserleri ýowuz ýyllarda ýazylan iñ saýlantgy eserleriñ hatarynda durýar. Şahyra uly hormat getiren onuñ goşgy bilen ýazylan «Söýgi» (1947—57) romanydyr. Bu roman türkmen we rus dillerinde neşir edildi. K. soñky ýyllarda proza žanry bilen gyzyklanyp başlady. Onuñ iñ soñky ýazan eseri Türkmenistanda geçirilen ýer-suw reformasyna bagyşlanylan «Syrylan bulut» (1974) romanydyr. Bu roman Türkmenistan SSR-niñ hem-de Türkmenistan Kompartiýasynyñ 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konkursda baýrakly orna mynasyp boldy. K. Türkmenistan SSR-niñ Döwlet gimnniñ tekstiniñ awtorydyr. Ol türkmen sowet edebiýatynyñ ösüşiniñ ähli basgançaklarynda öz yzyny galdyrdy. K. döredijilik işini ylmy-barlag işi bilen utgaşdyryp alyp bardy. Türkmen edebiýatynyñ taryhyna we teoriýasyna degişli 100-e golaý ylmy iş ýazdy, türkmen mekdepleri üçin okuw kitaplaryny döretmek işine aktiv gatnaşdy. K-yñ «Edebiýat teoiýasy» (1961, 3 neşir), «Mollanepes» (1957) diýen kitaplary çuññur ylmy-derñew işiñ nusgasy boldy. 1970 ýylda edebiýat teoriýasy boýunça 3 tomdan ybarat uly hem düýpli işi tamamlady. Bu fundamental işiñ «Söz sungaty» diýen birinji tomy 1970 ýylda, «Söz syrlary» diýen ikinji tomy 1975 ýylda neşir edildi. Ol «Hormat Nyşany» ordeniniñ 2-si, medallar we TSSR Ýokary Sovetiniñ Prezidiuynyñ Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Edebiýat: Aşyrow N. Aman Kekilow. Aşg., 1947. (Türkmen Sovet Ensyklopedia. T.4)

ATALY GYZ

Köne durmuş, köne adat zarbyndan,
Wagt indi, meni gutar, atam jan.
Dañ sazyny çalyp, dünýä ýagtylýar,
Ýagtylykda ýaşatgyn, eý, atam jan.

Deñ-duş joralarym mekdepde okýar,
Hökumet olara köp ýagşy bakýar,
Azatlyk derýasy joşgunly akýar,
Rugsat berseñ, boýlap ýüzsem, atam jan.

Okaýanlardan biri gelip ýanyma,
Rehimi gelip meniñ agyr halyma,
Aýdan sözi lezzet berdi ýanyma.
—Oka— diýdi, men okaýyn, atam jan.

"Ýaşym on sekizde wagtym gelipdir,
Ýetişenim hemme iller bilipdir,
Täze durmuş, täzelikler bolupdyr,
Üstümde bazary gurma, atam jan.

Mundan ozal göýä lal ýaly bolduk,
Öldürlip, ýitirlip, ezilip geldik,
Täzeki durmuşy, deñligi bildik,
Deñlik paýlarymy alsam, atam jan.

Kolhoza giripsiñ uly il bilen,
Sözüme jogap ber süýji dil bilen,
Saklamasañ, gitsem dogry ýol bilen,
Ýeterdim maksadyma, käbäm, atam jan.

Men etişdim ösüp, bir gyzyl gunça,
Ysläp meni, atam, gelerler ençe,
Okadýar gyzlaryn, bardyrlar sençe,
İl deñinde menem okat, atam jan.

Görýäñ obamyzdan mekdep açyldy,
Añ-bilim şöhlesi ile saçyldy,
Köne adat durmuşyndan gaçyldy,
Täze bir durmuşa çyksam, atam jan.

Okap öwrenmäni maksatda tutsam,
Täzeki durmuşda kän işler etsem,
Sözüm kabul etseñ, maksada ýetsem,
Galmazdy janymda arman, atam jan.

Munça wagt bendi etdim men seni,
İndi öz isläniñ etgin, eý balam.
Deñ-duş joralaryñ okýan bolsalar,
Sen-de gidip oka indi, eý balam.

Nadan bolduk, horladylar kän bizi,
Şonuñ üçin kän horladyk biz sizi,
Geñ göreniñ indi goý çyksyn gözi,
Arkaýynja baryp oka, eý balam.

Sizsiñiz durmuşyñ gyzyl gülleri,
İndi okap saýradyñ, siz dilleri,
Hasap etmän, ozal geçen ýyllary,
Gurluşygyñ gahrymany bol, balam.

Güýç bilen agladyp seni satjak däl,
Gözüñ baglap, zyndan içine atjak däl,
Bahañ alyp, keýip edip ýatjak däl,
Halanyña özüñ bargyn, eý balam.

1930

Inga kommentarer: