Gökdepe şehitleriniñ 20 ýyllygyna bagyşlap
Gypjakly Annak mollanyñ goşgusy
Gypjakly Annak mollanyñ goşgusy
Bilşimiz ýaly, XIX asyryñ pajygaly urşy Gökdepäniñ basylyp alnyşy hakynda ençeme gaýry ýurtular bilen birlikde, ruslaryñ özleri-de kän ýazdylar. Şol ýazylan kitaplaryh biri-de rus syýahatçysy V. N. Gartvel-diñ «Ürgün çägeleriñ hem-de kesilen kelleleriñ arasynda» atly kitabydyr. O1 kitap 1913-nji ýylda Moskvada neşir edilýär. İne, şol kitabyñ bir ýerinde şeýle diýilyär:
«Gökdepe tekeler üçin keramatly ýer hasaplanylýar. O1 tekeleriñ rowaýatlarynda, aýdymlarynda-da keramatly edilip görkezilýär. Soñ-soñlar maña «Gökdepäniñ basylyp alnyşy baradaky» meşhur aýdym bilen tanyş bolmak miýesser etdi. Bu aýdymyñ sözleri durmuş babatda ähmiýetliligi bilen bir hatarda heñi, owazlylygy taýyndan-da örän sünnälenilipdir. Maña ony Aşgabadyñ etegindäki Köşi obasynda bolanymda tekeler aydyp berdiler. Aýdymyñ sözlerini yazan Gypjak obasyndan bolan merhum Annak molla eken. Aýdymy rus diline terjime eden A. Semyonov, oña kömek eden bolsa Zakaspi oblastynyñ dilmajy Ahmet bek Efendiýev bolupdyr.
Şu aýdymyñ türkmen saz gurallary bilen çalnan heñini özüm ýazga geçirdim. Ähli taraplaýyn ajaýyp bolan aýdymyñ sözlerini şu ýerde getireýin:
« Bize sap-sap bolup kapyrlar geldi,
Top-tüpeñden çarýana ok paýradyp.
Bu waka ýigrimi ýyl mundarı öñ boldy,
Musulmanyñ ganyn çar ýan ýaýradyp.
Bizlik bolmady-da penakär Tañry,
Derýany ýadyña salýar akýan gany,
Düşmanlar görenden ysgynyñ alýar.
Söweşýän gök orsam ýer garbap galýar.
Galamyza ot berdiler, ýakdylar.
Güýçleri pes boldy gerçek ärleriñ,
İl baryn gyrdylar, metjit ýykdylar,
Hojasyn-seýidin, gadym pälwanyn.
Toýlañ şagalañyn, haly, keçäni,
Nä-mähremler, gelmişekler talady.
Ap-akja keçeli ähli öýlerimiz,
Gyz-gelini bezän gyzyl şaýlarymyz.
Duşmanlarymyz üçin baý olja boldy.
Ganymlar ählisin, ählisin aldy.
Goldawsyz tekeler şeýdip talandy,
Ýetim-ýesir çagalar galdylar ýeke.
Gala partladyldy, gala ýykyldy,
Gaýradaky guma bosdy uly il.
Çölüñ sansyz çöp-çalamynyñ içinde,
Jeset bolup ýatyr, gör, nice bende.
Ajal näçe kişiñ yzyndan ýetdi,
Ganymlar kän zatdan yüklerin tutdy,
Granatmy, däri bary ýarylyp,
Ýatyr ençe bende guma garylyp.
Aýakmy-el, ýatyr çöpün içinde,
Ýas agysy çykýar köpüñ içinden.
Şeýle bir ullakan berbatlyk boldy,
Aýralyk, gyk-baklyk, başda-baratlyk.
Sözüm ýalan saýmañ, bagşydyr adym,
Gökdepede dökülen gan şaýadym.
Ýesir halda galdy bu teke şeýdip,
Öñler beýle bihal däldi bu teke».
Biz bu goşgynyñ türkmençesiniñ barlyg, ýoklugy bilen gyzyklanyp, Gökdepe
urşunyñ edebi eserlerimizdäki, ýagny şol döwürleriñ şahyrlarynyñ döredijiliklerindäki orny bilen iş salyşýan. alym, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty Atabaý Nazarowdan sorap gördük. Ol hem Gökdepe urşy bilen bagly goşgular ýygyndysyny taýýarlanda bu şygryñ türkmençesini tapmandygyny aytdy. Şuny nazara alsañ, goşgynyñ asyl nusgasynyñ başgaça görnüşde bolmagy ähtimaldyr Näme üçin diýeninde, goşgy sözme söz rusça geçirilen yazgydan tazeden türkmençä terjime edildi.
Mümkin, il içinde XX asyryñ başynda Annak mollanyñ ýazan asyl nusgasyndan habarlylar bardyr. Bu meselede goldaw eden tapylsa, örän minnetdar bolardyk.
Taýýarlan: S. HYDYROWMümkin, il içinde XX asyryñ başynda Annak mollanyñ ýazan asyl nusgasyndan habarlylar bardyr. Bu meselede goldaw eden tapylsa, örän minnetdar bolardyk.
Mugallymlar gazeti- 11.01.2008
(Ýörite Medeni-Syýasy Ojak üçin makany taýýarlap ýollan:
Akmyrat Gürgenli)
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar