onsdag, april 02, 2008

Geldi Bäşiýew

v
Geldi Bäşiýewiñ Nury Halmämmedow bilen döredijilikli hyzmatdaşlygynyñ ýene-de bir miwesi «Gahrymanlar hakynda balladadyr». Balladany Türkmenistanyñ sungatda at gazanan işgäri Saparmyrat Babayew zarynlap yanlandyrypdy.


Näçe gül yüz yigitler,
Ar üçin baş goydular.
Baýdak ýaly gelinleri,
Gujagyn boş goýdular...

Kalbymyzda ýaşaýar,
Dolanmadyk gerçekler.
Ýada salyrñ, baş egiñ,
İndi dünýä injekler.


Nägehan uruş zerarly oglundan jyda düşen mahrem enäniñ, ýaryny ýitiren baýdak boýly gelniñ ahy-nalasyny beýan edýän bu eser Gel­di Bäşiýew bilen Nury Halmämmedowyñ aýdymlarynyñ merjen däne­lerinin biridir.
«Goşgy çeper bolanda saz döretmegem, aýdym aýtmagam kyn bolanok. Muny Geldi Bäşi ýazypdyr. Özi dagly ýigit bolanson «Mekany dag­lar» diýip at beripdir. Geldi janyñ ýazan goşgularyna saz döretmek, äheñini-labyzyny tapyp, aydym aýtmak, özüme-de lezzet berýär».
Bu sözler bagşylar başy Sahy Jepbarowa degişli. Sahy halypa Geldi Bäşiýewiñ sözlerine şeýle hem «Näzlerinden», «Daglar», «Perzendi men», «Maralym», «Ak ýüzli Maralym meniñ» ýaly aýdymlary ýazdy.


Her ýerde waspyñ sözlener,
El degse, zülpüñ çözlener.
Asmandaky aý gizlener,
Seniñ ap-ak ýüzlerinden.

Ýañaklaryñ gül bolupdyr,
Lebiñ datly bal bolupdyr,
Bagda bibil lal bolupdyr,
Şirin-şeker dilleriñden..

* * *
Guçanda zemini baharyñ pasly,
Çeşmeler çyrpynşyp, joşarlar çasly.
Açylar läleler, jennetdir misli,
Aşyklaryñ nama okany daglar...


Şygyr zergäriniñ aýdyñ, ýönekeýlik bilen sünnäläp ýazan bu şahyrana setirleri bagşylaryñ dilin­den düşmeýär. Sahy aganyñ ýerine ýetirmegindäki bu aýdymlar halypanyñ ussatlyk nusgalary hökmünde türkmen radiosynyñ altyn-saz fondunda saklanýar.
Türkmenistanyn halk artisti Ata Ablyýew Geldi Bäşiýewin sözlerine «Ýañlananda Mylly aganyñ dutary», «Uz eýlär», «Käkilik» diýen ilhalar aýdymlary döretdi.

Silkinjiräp kümüş periñ daranda,
Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände,
Höwründen azaşyp, zaryn saýranda,
Söygüliñi ýada salar käkilik.


Türkmenistanyñ halk bagşysy Oraznepes Döwletnazarow tarapyndan ile ýetirilen bu aýdym şahyryñ ýiti synçylygyna güwä geçýär.
Ata halypa Geldi Bäşiyewiñ käkiligi taryplaýşynyñ üýtgeşikdigini, diýseñ owadan dag jandaryna şeýle belent bolup, ony şeýle çeper suratlandyrmagy her ýeteniñ başarmajakdygyny nygtaýardy. Bu aýdymy aýtmaýan bagşy ýok diýen ýalydyr. Ony dürli saz gurallarynyñ gapdalynda-da aýdyarlar. Munuñ özi onuñ sözüniñ hem, sazynyñ hem şowly çykandygyndan nyşan. Aýdymyñ jüpüne düşendiginin alamaty.
Geldi Bäşiýewiñ goşgularyna iñ köp aýdym döreden mukamçy kompozitor bolsa Türkmenistanyñ halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyñ eýesi Akmyrat Çaryýewdir. Geldi Bäşiýew bilen Akmyrat Çaryýewiñ döredijilikli hyzmatdaşlygy netijesinde birgiden aýdymlar kerweni emele gel­di. İne, olaryn doly bolmadyk sanawy: «Çynarym», «Gyzlar», «Dag jerenleri», «Dutarym», «Türkmenistan Watanym», «Çeşmeler», «Gaýalar», «Dagla­ra bar», «Seýle gelseñ bu dagla­ra», «Bedewler...».
Bu aýdymlary bagşylar Nurýagdy Baýramow, Oraznepes Döwlet­nazarow, Parahat Şyhymow, Tawus Annamyradowa ürç edip aýdýarlar.


Bu ne gudrat, gara dagyñ gatyndan,
Daşy ýaryp, gaýnap çykar çeşmeler.
Kesmer-kesmer gaýalardan inende,
Dag ýañagyñ ogşap akar çeşmeler...


* * *
Başy belent, ala garly daglarda,
Gezer agaýana dag jerenleri.
Gara daşdan çogan bal bulaklardan,
Süzer gana-gana dag jerenleri...


* * *
Ne ajap ýañlanýar Pürli agañ pendi,
Senediñ har saklan baýnamaz şindi,
Hansähet ussanyñ ussat perzendi,
Jepbar bilen baga giren dutarym...


****
Külli türkmenleriñ uçar ganaty,
Aslyny Ahaldan alan bedewler.
Üstüne müneniñ päli-niýeti,
Ýgşymy-ýamanmy, bilen bedewler...


Aýdyma öwrülen şeýl setirleri näçe getirseñ getirip oturmaly!
Biz Akmyrat Çaryýewden:
—Siz beýleki şahyrlaryñ sözleri­ne hem ençeme şowly çykan aýdymlary döretdiñiz, ýöne şahyr Geldi Bäşiýew bilen döredijilik aragatnaşygyñyz has ysnyşykly bolupdy. Munun syry nämede? — diýip soranymyzda, ol şeýle jogap berdi:
— Munuñ syry Geldi Bäşiýewiñ şygyrlarynyñ özboluşlulygynda, akgynlylygynda, baryp ýatan milliligin­de, olaryñ keremli daglarymyz, uçar ganatly bedewlerimiz, gazma dutarymyz... baradalygynda. Şonuñ üçin ol goşgular maýyl edip, ylhamyny joşdurýar, edil aý­dyma hiñlenen ýaly hiñlenibermeli. Meniñ aýdym döredijiligime Geldi şahyryñ zergärlerçe döreden şygyrlary aýgytly täsir etdi.
Geldi Bäşiýewiñ şygyrlary Türk­menistanyñ halk artisti, halypa kompozitor Aman Agajykowyn Garaşsyzlyk ýyllaryndaky döredijiliginde uly orun tutýar. Bu iki ussat Garaşsyzlyk eyýamynyñ, gülgüzar Watanymyzyñ, onuñ erkana we zähmetsöyer halkynyñ waspyny ýetiryän aýdymlar toplumyny bile­likde ýazdylar. Ol aýdymlar «Arzuw» ady bilen özbaşyna ýygyndy edilip çykaryldy. Bu ýygynda girizilen «Wtan», «Garaşsyzlyk odasy», «Diýarymyñ esgerleri», «Gurluşykçynyñ aýdymy», «Bahar gülleri», «Ekiz dagym», «Gül ýüzüñe bakaýyn» ýaly eserler Gel­di Bäşiyewiñ we Aman Agajykowyñ döredijilik örüsiniñ giñliginden habar berýär. Özüniñ manyly ömrüniñ soñky ýyllarynda Geldi Bäşiýew aýdym-saz sungatymyzyñ saýlama wekilleri Sary bagşy, Magtymguly Garly, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Sahy Jepbar, Jepbar Hansähet, Çary Täçmämmet, Annageldi Jülge, Ata Ably, Nurberdi Gul, Hommat Jelil, Orazgeldi Ylýas, Ödenýyaz Nobat, Nury Halmammet, Annaberdi Atdan barada goşgular top­lumyny döretdi. Bu goşgular şahyryñ beýleki goşgulary bilen bilelikde, onuñ bize ýadigärlik galdyran «Çynarym» kitabyna girizildi.
Geldi Bäşiýewiñ şygyrlar diwany mähriban topragymyza, il-günümize bolan mähir-muhabbetden doly:


Säher turup, şükür etsem Hudaýa,
Aman-esen ýatyp turanyñ üçin!
Dogup gelýän güni ýüzüñe sylgyn,
Şu jahanda ýaşap yöreniñ üçin.

İr säherde nur ýagarmyş asmandan,
Ýuw ýüzüñi! Ýüzüñ nury solmasyn!
Ata-baba şu mukaddes toprakdan,
Ykbal bizi hergiz aýra salmasyn!


Ykbal bizi şahyrdan aýra salsa-da, onuñ döwleili maşgalasynyñ bardygy ýüreklerimize teselli berýär. Geldi Bäşiýew Ogulabat gelnejemiz bilen, tüweleme, on çagany terbiýeläp ýetişdirdi. Onuñ gyzy Mähri «Çar tarapdan» radio ýaýlymynda işläp, şöhrat gazanan kakasynyñ asylly kärini mynasyp dowm etdirýär.

Ilmyrat Mämedow
Mugallymlar gazetı 1.11.2008

Inga kommentarer: