Islam rejiminiň terroçylykly howpy ýene bir gezek
v Türkmenleriň üstünden abandy
v
Bazar güni 3-nji iýunda Türkmensähranyň görünkli jurnalisti, SÄHRA gazetiň redaktory Abdyrahman Düýejä rejimiň guduzlan itleri namatlarça hüjüm edip ony ýaralapdyrlar. Rejimiň maksady halkyň öňde baryjy ogullarynyň gözüniň oduny alyp, olary gorkuzjak bolýany hemmeler mälim. Üstesine Gülüstan welaýatynda rejimiň howpsuzluk gullugy edenini edip ýör. Daşary ýurtlarda hereket edýän Türkmenleriň arasynda agzybirlik artdygyça, Türkmen intellegentsiýasynyň rejimi paş edýän aladalary köpeldikçe, rejim içerdäkiler bilen daşardakylaryň arasyna gorky howpuny oklamak maksady bilen şeýle namart hereketlere baş goşýar.
Şoňa görä bular ýaly terrorçy güýçleriň garşsynda hatarymyzy birikdirmek örän derwaýys mesele bolup duýar.
«Agzybire Taňry bir, agzyalany gaňrybir» diýen ata-babalarymyzyň dürdäne pähminden ugur alyp bir-birimiziň mäherli gollaryny berk gysaýlyň.
Ýene bir gezek A.Düýejä geçdigi bolsun diýip, tiz sagalmagyny dileýäris hem-de gaýraty çaýdan bolsa rejimden bu ýigide hüjüm ednleri tapyp adalata tabşyrmagyny talap edýäris.

Eýran türkmenleriniñ medeni - syýasy ojagy
2007-06-04
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar