Ýurdy bir ýandan ýyka başlady.»
Magtymguly
Gazsyz Türkmenistan kime gerek?
Dünýki diş doktor bu gün 5-6 millionlyk halkyñ üstünden höküm sürürýär. Ol Türkmeniñ jan damaryny halka geñeşmezden, sala salmazdan, ile-güne maslahat etmezden söwdalaşýar, etme düýýänem ýok. Näme üçin şeýle strategik ähmiýetli mesele barasynda ýurtda referandom geçirilmeýär? Öñ Saparmyrat Nyýazow indi bolsa bu, ýurdy talaýar hem taladýar. Hojayýnlary jyñklary çykmaz ýaly, gapar ýaly öñlerine birki döwüm süñk atýar, halkyñ hal-ýagdaýy, gün-güzerany bolsa günsaýyn agyrlaşýar.
Gaz söwdasyndan gelýän girdiji niräk sarp edilýär, ol haýsy mafiýa toparyñ şahsy hasap banklarynda ýatyrylýar? Näme üçin halkyñ saçagy elmydama boş? Näme üçin ýurtda uwundyr- galla gytçylyk edýär? Näme üçin 1-2 manat gazanjak düýp aýal-gýzlarymyz daşary ýurtlara söwda-satyga gitmäge mejbur bolýarlar? Näme üçin Türkmenistanda neşe söwdasy, neşekeşlik giýñ ýaýrady? Näme üçin yaş gelinler, hatta gyzlar jelepçilik etmäge, tenlerini satmaga mejbur bolýarlar. Näme üçin ýurtda düzüwli saglygy saklaýyş sistema, magaryf, ylym-bilim ýola goýulman gelýär we ýene-de müñlerçe Näme üçin...
Eger şeýle talañçylyk bilen, ýurdy talatmak bilen Türkmenistanyñ gaz zapaslary gutarsa, onda gazsyz Türkmenistan kime gerek. Bu günki ýalym-ýulym edýänleriñ birsi-de gapyñdan sekmez.
Şoña görä eger Türkmenistanda hakyky ýaşullaryñ nesili tamam bolmadyk bolsa, eger-de ýurtda Goroglynyñ gerçeklerinden tohumlyk galan bolsa, onda bu wurdum-şalyga, talañçylyga;
«DUR» diýmeli wagt geldi.
Bellik: 12-nji maýdaky Hazar ýaka Şagadam şäherinde bolan maslahatdan telewidniýe arkalay görkezilen sujetlerde Berdimuhammedowiñ edil Nyýazow ýaly saçyny gara reñke boýandygy, edil ozalky diktator ýaly suratyny hol ýokardan asandygyny, edil ozalky ýurt gemirijisi ýaly myhmanlaryñ öñe yaşajyk gyzlary çykardandygyny gördük.
Ýörite «Türkmenleriñ Medeni-Syýasy Ojagy» üçin
Akmyrat Gürgenli
Prag. 13.05.07
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar