fredag, maj 09, 2008

İkinji jahan urşunyñ Türkmen
halkyna salan ýarasy
(1941-1945)
ر

Sowet Soýuzynyñ gahrymany Hekim Orazberdi

Sowet Soýuzynyñ gahrymanlary. Soldan saga:
Gurban Durdy- Aýdogdy Tahyrow- Annagylyç Ataýew

1941–45-nji ýalynly ýyllary... ol ýyllar bütin SSSR-de boluşy kimin Türkmenistan we Türkmen halkynyñ taryhynda sönmez yz, öçmez tyg-ýara galdyrdy. SSSR halklary faşistik hitlerçileri ýeñmek üçin 20 million ynsan pydasyny berdi. Türkmenistandan jemi 800 müñden gowrak adamynyñ urşa gatnaçandygyny görkezilýär. Eger şolardan azyndan 2/3 böleginiñ heläk bolandygyny çen etsek, onda Türkmenistanyñ uruşda çeken ýitgisi ýarym million adama barabar bolýar. Bu Türkmenistanyñ jemi ilatynyñ tas 1/3-ne golaýynyñ urşuñ gurbany bolandygyny añladýar. Her bir Türkmen maşgaladan urşa gidenlerden ortaça 1-2 hatta 3 adamynyñ gaýdyp gelmändigini nazara alsak onda urşuñ salan ýaralary aýdyñ göz öñüne gelýär. Yone bu barda dogry we anyk maglumat yok. Sebabi Turkmenistanda statistikamaglumatlar gizlin saklanyar we halk kopculigine yetirilmeyar.diyip bellik etse bolar.
Eýsem bu gandöküşiklik kim üçin, näme üçin edildi? Ol Stalin üçinmi? Sowet häkimiýetini goramak üçinmi? Watan üçinmi edildi? Başgaça aýtsak, bu urş Sowet taryhynda aýdylşy ýaly «Beýik Watançylyk urşy» boldumy? Ýa-da Sowet häkimiýeti özüni gutarmak üçin oña baş urdumy? Ýa-da «iki at depişer, arasynda eşek öler» diýlen ata sözleri ýaly iki totalitar diktatura we iki diktator aralygynda baran urşda, halklar öz ýigrenýän rejimlerini goramak üçin pyda edildimi?
1939-njy ýylyñ awgustynda Sowet-German paktini/ylalaşygyny baglaşan Stalin, Hitler bilen özara ýaranlykda 39-njy ýylda Polşany 4 gezek paýlaşdy, kiçijik Finlandiýa garşy agressiýa urşuny etdi, Ruminiýanyñ bir bölegi bolan Bessarabiýany we Bukowinany basyp aldy. 1940-njy ýylda garaşsyz Pri-Baltika döwletlerini zor bilen SSSR-e goşup aldy. Hitler Germaniýasy bilen dildüwşiklikde dünýäni «täsir ediş sferalaryna» bölüşmek boýunça söwdalaşyldy. 1939–40-njy ýylda Berlinde SSSR-iñ daşary işler ministeri Molotow bilen Germaniýaly kärdeşi Ribbentrop arasynda bolan ýaşryn gepleşiklerde, Stalynyñ, Balkanlarda, Türkiýäniñ suw bogazlary barasynda we Kawkaz bilen araçäklerinde ýer we täsir zonalary boýunça şeýle-de Eýranda we Hindistanda Britan imperýasynyñ kloniýallaryny bölüşmek boýunça talaplaryny goýdy.
1939–40-njy ýyllarda Ýewropada başlanan ikinji dünýä urşunda 2 ýyla golaý SSSR «bitarap» galan bolsa-da, hakykat ýüzünde Stalin çig mal, nebit we beýleki önümler bilen Hitler Germaniýasyny goldap geldi we onuñ Fransiýanyñ üstünden ýeñişini gutlady. Şonlukda ozal başda SSSR, anti-Hitler koalisýasynda däl-de, eýsem Hitler Germaniýasy bilen bir lagerde durýardy. Emma iki diktator, iki «Serdar» dünýäni böleşip bilmediler we biri-birini aldajak boldular. Şonlukda 1941-nji ýylyñ 22-nji iýunynda faşistik Germaniýanyñ «Serdary» Hitler ähdiýalanlyk bilen öz ýarany SSSR-iñ üstüne çozdy.
Stalin bu barada öñünden edilen anyk duýduryşlara ynanmady we oña gulak asmady. Şonda urşuñ ilkinji hepdelerinde näme etjegini bilmän, aljyrady. Hitleriñ goşunlary urşuñ alty aýynyñ içinde SSSR-iñ Ýewropa böleginiñ köpüsini eýeläp, Pri-Baltika ýurtlaryny, Ukraina, Belorussiýany aşyp, Moskwanyñ eteklerine çenli baryp ýetdi.
Gyzyl goşunyñ hatarynda söweşýän Türkmen esgerleriniñ-de sany az däldi. Türkmenistan diñe esger däl-de, eýsem urşuñ arkasynda tyl hökmümde fronta maddy kömegi gaýgyrman ýetirip durdy, ýurtda açlyk höküm sürse-de «Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñiş üçin» şygary astynda tonnalap-tonnalap azyk-imit, 7400 kg töweregi altyn-kümüş, 170 million manat pul we beýleki gymmat bahaly zatlar fronta iberildi.
[1] Atçylyk diwiziýa üçin müñläp-müñläp tohum atlar urşa iberildi, olaryñ hemmesi diýen ýaly, edil eýeleri ýaly ojaklaryna dolanyp gelmediler.


«Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñiş üçin!»

Aşgabat şäherinde fronta sowgat berilen pul we altyn-kümüşi kabul edýän edara
(TSE)

2-nji jahan urşunda näçe Türkmeniñ pida bolandygy barada henize çenli resmi maglumat ýaýradylman gelýär. Bu barada ne Sowet döwründe, ne-de Garaşsyzlyk ýyllarynda barlag işi alnyp barylmady. Ýöne çak edilşine görä 50 müñden gowrak Türkmen faşsitik Germaniýany ýok etmek üçin gurban bolup, şonça-da maýyp bolup ýurda dolanyp geldiler. Ýüzlerçe Türkmen ýesir düşýär, ýöne Staliniñ: «bizde ýesir ýok, diñe dönükler bar» diýen permanyndan howatyrlanan ýesirler, hatta urş tamam bolandan soñam, öz öýlerine dolanyp bilmeýärler. Olardan tanaýanymlardan doganlar Aman we Gurt Berdimyradowlar, Herrikgaladan Allamyrat Halmyradow, Gökdepeden Myrat Täçmyradow, Garrygaladan Gurban (Remezan Familýasyny bilmedim) we ... Şeýle-de Eýran Türkmenleriniñ görünki alymy, Türkmenistanda we Leningratda ýokary ylym alan Ahmat Ahundow Gürgenli-de 2-nji jahan urşa gatnaşyp, faşistik Germaniýany ýeñmek ugrunda gurban boldy.


«Hiç zat unudylmaz, hiç kim unudylmaz»


¤¤¤¤¤¤

Eýran türkmenleriniñ medeni - syýasy ojagy

8-nji maj 2007

[1] Siz Türkmenistanıñ tarıhını bilyärsiñizmi? Aşgabat 1990

Makalany tayyarlan: Akmyrat Gurgenli Taryh ilimlaryng kandidaty

Inga kommentarer: