Eýran hökümetiniñ hileleri!!
«Eger garşynyza bolýan hereketiñ öñi alyp bilmeseñiz, özüñizi onuñ goldawçysy hökmünde görkezip, içden dargadyñ.» V.Lenin
İndi birnäçe ýyldan bäri Eýran yslam rejimi Türkmenleriñ milli şahyry Magtymgulynyñ poizýa baýramçylygynyñ geçirilmeginde özlerini şeýle bir aktiv görkezýärler welin, Türkmenleri gaýra oturdýarlar. Göýe olar 1980-njy ýylda milli şahyrymyzyñ 250-njy ýyllyny bellemek üçin Akdokaýa ýygnanşan märekäni kowlap, sadaka bişip duran gazanlary depip agdarandyklaryny unudana meñzeýärler.
Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyny jar edenden soñra-hatta ondan birnäçe aý öñ Türkmenistanyñ prezidenti Nyýazov ýokary derejeli Türkmen deligatsiýasyna ýolbaşçylyk edip, Akdokaýa Magtymgulynyñ hem Döwletmämet Azadynyñ guburlaryny zyýarat edip başlandan soñra, Eýran hökümetiniñ «2 ryýallygy» düşüp, mekirlige ýüz urup başlady.
Eýranda indi Magtymgulyny «musulman şahyr», «Eýran şahyry» diýip arrygyny gynaýarlar. Olar Türkmenleriñ Magtymgulynyñ ündewlerini diñläp, gözleri açylmylmagynyñ öler ýaly gorkýarlar, öñüni almak üçin milli şahyrymyza başga don geýdirmäge syýnanşýarlar. Türkmenistanda-da 70 ýyllap milli şahyrymyzy proletar edip görkezmäge synanşylypdy.
Eger Eýran yslam rejimi dogrudanam Magtymgulynyñ dosty bolýan bolsa, Magtymgula hormat goýýan bolsa onda Magtymgulynyñ dilini kesmezdi, 3 million Türkmene öz ene dilinde hatly-sowatly bolmagyny gadagan etmezdi.
Akmyrat Gürgenli
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar