lördag, april 07, 2007


قيام شاهزاده ترکمن تومار خانم عليه کورش بربر هخامنشی
« تو که از خون سيراب نميشوی اینک از خون خودت سيراب شو »
سخنان تومار خانم بهنگام گذاشتن سر بریده کورش بربر در مشک خون و فرستادن آن به پاسارگارد

Türk döwletleri:1
İskitler (Saklar/ Hunlar)- Massagetler
Tumar 2 şazadanyñ barbar Kuruşa garşy göreşi

¤¤¤¤¤¤


1 Bu makala Akmyrat Gürgenliniñ doktorlyk dessertasiýasyndan alyndy.
2 Tumar henızem Türkmenlerde yürgenli söz. Ayllar bu gahryman zenanyñ adyny ebedileşdirmek üçin
boyundan asylýan bir bezeg-şaýa onuñ adyny berdiler. Sakalaryñ ady henizem bir Türkmen tiresi
hökmünde saklanyp gelyär. Olarıñ mesgen tutan ýerleri Balkan daglarynyñ üsti bilen Mañgyşlayk aralygy
bolmaly.

¤¤¤¤¤¤

Biziñ eýýamymyzdan öñ 8-nji asyrda Keýmirler we Massagetler Hazar
deñziniñ gündogarynda we günbatarynda güýçli döwleti esaslandyrýarlar.
Eýran stepinde B.ö 559-njy ýylda Akamenitler urugy häkimiýeti eýeleýärler.
B.ö 550-nji ýyllarda Kuruş(Kir 2-nji, b.ö 559-529) orta Azýanyñ köp
ýerlerini, Mezopotamiýany, kiçi Aziýany özüne tabyýn edenden soñ,
Hazaryñ gündogarynda giýñ topraklary eýelemek maksady bilen
Massagetleriñ/Skitleriñ üstüne goşun sürmegi maksat edinýär. Skitler bilen
Akamenitler 10-larça ýyllap söweşip gelipdirler. Grek/Ýunan taryhçysy
Herodotyñ aýtmagyna görä, Hazar deñziniñ gündogarynda uly meýdan
bolupdyr, ol meýdany «Arkas» (Amy derýa-Uzboý) atly derýa kesip
geçipdir. Ol ülkäniñ gaýratly, edermen şasy bolup, ol ýogalan soñ ýurdy
şanyñ dul galan aýaly Tumar (Tomaris, Tamaris) dolandyrypdyr.
Akamenit şasy Kuruş b.ö 530(529)-njy ýyllarda ol ülkä aralaşýar. Kuruş, bu
halkyñ hüjüminden wehim edip, hilegärlige baş urýar we Tumar bilen
öýlenmek hyýalynyñ bardygyny sawçy üsti bilen oña ýetirýär. Tomar:
«Siziñ ýurduñizda dul aýalam, ýaş gyýzam köp, siziñ maksadyñyz meniñ
bilen öýlenmek däl, meniñ topragymy basyp almak» diýp, sawçyny
gaýtarýar. Hilesi paşmadyk Kuruş, derýanyñ üstüne köpri saldyrmagy
buýrupdyr. Şonda Tumar oña şeýle sargyt ýollapdyr: « Eý betpäl şa!
Päliñizden gaýdyñ. Biziñ maldarlarymyz öñler derýadan suwuñ çekilen
wagty geçip, ar-namys üçin siziñ ýurduñyza ýylda bir gezek aralaşýan
bolsalar, eger-de siz köpri gursañyz, her bir öýke-kine üçin olar üstüñize
döküler durar. Eger-de size urş gutulgysyz bolsa, onda haýsy tarapam bolsa
biri üç menzil derýanyñ geçelgesinden çekilip,ikinji tarapyñam
arkaýynçylykda geçip özlerine amatly meýdança saýlamaga mümkinçilik
berilsin».
Tumar gelniñ sargydy Kuruşy ünjä goýupdyr. Şanyñ ýanynda ýesirlikde
ýören Midiýa hökümdary Kres Kuruşa şeýle mashalat berýär; eger bir bölek
goşuny hem azygy duzak hökmünde derýanyñ añyrsynda galdyryp, ýeñilen
ýaly bolup görünsek, olar bu kiçi ýeñişden serhoş bolarlar, şonda biz uly
goşun bilen olary derbi-dagyn ederis- diýpdir. Onuñ aýdany edilipdir. Bir
bölek Masseget goşuna baş bolup gelen Tumaryñ ogly Spargapis, olja alyp,
şerap içip serhoş bolupdyr, şonda Kuruşuñ goşuny ony ýesir alypdyr. Tumar,
Kuruşa ýene şeýle sargyt ýollapdyr: « Ganhor Kuruş, siz ol üstünligi mertlik
bilen açyk söweş meýdanynda güýç görkezip gazanmadyñyz. Onuñ üçin
muña buýsanmañ, hälem bir pille, gapyl galyp ýesir düşenleri boşadyñ we
meniñ oglumy goýberiñ-de öz ýurduñyza gaýdyñ. Bolmasa, Massagetleriñ
Tañrysy «Gun»den kasam edýärin, hakykatdan-da siz gandan doýraryn»
diýpdir. Spargapis huşune gelenden soñ, eliniñ çözülmegini talap edipdir we
namysa çydaman öz-özüni heläkläpdir.
Şondan soñra ýowuz urş başlanýar. Herodotyñ maglumatyna görä ilki bilen
iki tarap ok ýagdyrýarlar, soñra gylyçdyr naýza bilen garpyşypdyrlar, iki
tarapda bir ädim yýza çekilmejek bolupdyrlar, ahyry Massegetler ýeñiş
gazanýarlar, Kuruşuñ goşuny heläkçilige uçraýar, taryhçylaryñ
bellemeklerine görä onuñ başy kesilýär. Şol başy Tumar, gandan doly meşge
salyp şeýle diýenmiş: «Men diri galyp, uly ýeñiz gazananam bolsam, siz
meniñ ömrümi kül etdiñiz. Göz dikip oturan ýeke oglumy hilegärlik bilen
elimden aldyñyz. Dirikäñiz ganmadyk ganyñyzdan, belkem, indi ganarsyñz»
diýip, ganly meşge salnan Kuruşyñ kellesini ýurduna iberipdir.

Tumar hanym başy kesilen Kuruşyñ kellesini ganly meşige salyp, parsa iberýär.
Prenses Tumaryñ heýleki, elinde Kuroşiñ kesilen başy
(Terken-Terim veblag-dan)


Türkmenistanyñ görnükli arheologi Hemra Ýusupov bu urşuñ bolan ýerini
häzirki Türkmenistanyñ topragyndaky «Çilmämmetgum» bilen
«Garagumyñ» sepgidinde ýerleşýän çölüñ günorata-gündogar künjünde,
Uzboýyñ (Amy derýanyñ Araksiz) orta akymynda bolandygyny ýazýar.3
3 Gurbansoltan Eje jurnalı. Aşgabat. 11/2001 sanı

Inga kommentarer: