måndag, december 01, 2008

1980-nji ‎ýyllarda Sowet repressi‎ýasyna
duçar edilen soñky pydalar

12 ‎ýyllap dälihana tussaglygynda saklanan
we şol ‎ýerde aradan çykan, Türkmeniñ
göreşjeñ şahyrasy Annasoltan Kekilowanyñ pajygaly ykbaly
[1]



Annasoltak Kekilowa
(30.11.1942- 30.11.1983)

Totalitar rejim tarapyndan zalymlarça öldürlen ‎ýaş gelin, zehinli türkmen şahyrasy Annasoltan Se‎ýit gy‎ýzy Kekilowanyñ ajy ykbaly entek-entek, köp wagtlap biziñ ‎ýüregimizi awatsa gerek. Türkmen şygry‎ýetiniñ sa‎ýrak bilbili, 15 ‎ýyllap kas bilen dälihana tussaglygynda saklanan, ejiz bedeni ateşli ukollar bilen persala edilen görgüli ahyr soñunda Koşi obasynyñ «Orazguly işan» gonamçylygynda karar tapdy.

Annasoltan Kekilowa 1942-nji ‎ýylda Köpetdagy etekläp oturan Köşi obasynda eneden dogul‎ýar. Onuñ ejesiniñ ady Ogulgerek, kakasy/dädesi bolsa Se‎ýit, ol Şaly we Aman Keklilowlaryñ iñ uly dogany. Ejesi ‎ýaşajyk Annasoltany «Daglar başy» di‎ýip, sö‎ýgüläp, seslenerdi.
A.Kekilowa köp ky‎ýnçylyklar bilen türkmen döwlet uniwersitetiniñ Türkmen filologi‎ýasy fakultetine okuwa gir‎ýär. Emma oña bu ‎ýerde «arka‎ýyn» okamak me‎ýesser etme‎ýär. Ony dürli sebäpler bilen okuwdan çykar‎ýarlar. Soñra her niçik hem bolsa ony ga‎ýtadan okuwa al‎ýarlar. Annasoltan diplomini alandan soñ iki ‎ýyllap mugallymçylyk ed‎ýär. Şol ‎ýyllarda hem onuñ radioda okan käbir «sy‎ýasy ta‎ýdan yrga» goşgulary üçin «‎ýokaryk» çagyr‎ýarlar. Ol 1971-nji ‎ýyllarda «Mydam ta‎ý‎ýar» gazetinde işläp ‎ýörkä hem «dürli sebäpler» bilen arzasyny berip işden gitmeli bol‎ýar.
Annasoltan 19 ‎ýaşynda durmuşa çyk‎ýar. 1962-njy ‎ýylda ‎ýagny 20 ‎ýaşynda bir ogly bol‎ýar oña ‎Ýagmyr di‎ýip at dak‎ýar.
[2]
Beril‎ýän şe‎ýle gysyşlar oña Türkmenistanda ‎ýaşamak gaty dar hem agyr düş‎ýär. Ol bir gezek Moskwada Britani‎ýanyñ ilçihanasyna baryp, özüne Angil‎ýada ‎ýaşamaga rugsat bermekleri barada arza ber‎ýär. Hut şol günden be‎ýlägem ol KGB tarapyndan y‎ýzarlanyp başlan‎ýar.
Annasoltan Kekilowa 1969-njy ‎ýylyñ no‎ýabrynda Sowet So‎ýuzynyñ Kom parti‎ýasynyñ MK-niñ sy‎ýasy bürosyna we parti‎ýanyñ 24-nji gurulta‎ýyna 56 sahypalyk uly göwrümli bir hat ‎ýollar‎ýar. Onda ‎ýurtda bolup geç‎ýän pysgy-pujurlyklar hakynda durup geç‎ýär. Şonda Annasoltan şu aşakdaky ‎ýaramaz zatlar hakynda ‎ýazypdyr:

Türkmenistan kommunist parti‎ýasynyñ Merkezi Komitetiniñ apparatynyñ esasy wekilleriniñ a‎ýal-gy‎ýzlara bolan rehimsiz feodal gatnaşyklary hakynda öz janlaryna kast ed‎ýän a‎ýal-gy‎ýzlaryñ pajygaly ykbaly hakda;
Respublikda kadrlaryñ nädogry ulanylşy hakda;
Parahorlyk, tarapgö‎ýlik, hökümet ‎ýolbaşçylaryñ öz bähbitleri üçin birleşigi hakda;
Respublikda çyk‎ýan gazet-jurnallaryñ sy‎ýasy we çeperçilik derejesiniñ gowşaklygy hakda. Tanky‎ýt üçin y‎ýzarlamalar hakda, ideologik frontda garyndaşparazlyk, milletçilik hakda. Tire-ta‎ýpa seredilip, adamlara baha kesilişi hakda. Spikul‎ýatsi‎ýanyñ ösmegi, jena‎ýatçylygyñ günsa‎ýyn art‎ýanlygy hakda.

«Men şahyr hökmünde, respublikanyñ grajdany hökmünde bu hakda diñe lirki-goşgular ‎ýazyp ‎ýörmegi ‎ýeterlik hasaplamadym. Men ‎ýañy uniwersiteti tamaladym. Bu faktlar barada Sowet ‎ýolbaşçylarynyñ özümden-de gowy bil‎ýändiklerine düşünme‎ýärdim.»

1969-njy ‎ýylyñ dekabrynda Sowet So‎ýuzynyñ Kommunist parti‎ýasynyñ MK-inden Türkmenistana barlag komis‎ýasy gel‎ýär. ‎Ýöne olary hatda agzalan faktlar däl-de haty ‎ýazan kişi gyzylandyryp, ony bir adamynyñ ‎ýa-da toparyñ ‎ýazandygy hakda alada edip başla‎ýarlar. Şonda Annasoltan bilen bilelikde başgada bir zenan şahyra günlen‎ýär.
Barlag komis‎ýasy Aşgabat a‎ýroportyndan ugran badyna Annasoltan bilen be‎ýleki şahyry örän gazaply y‎ýzarlap başla‎ýarlar. Görkezil‎ýän gysyşlara çydaman Annasoltan işi bilen hoşlaşmaly bol‎ýar. Howpsuzlyk gullugyñ KGB-niñ işgärleri onuñ maşgalasyna agram salmalarynyñ y‎ýzy kesilme‎ýär. Annasoltanyñ ogluny oka‎ýan sazçylyk mekdebinden çykar‎ýarlar, çapdan çykarjak bolan kitabyny ga‎ýtar‎ýarlar.
[3] Onuñ eserlerini respublikan we merkezi metbugatda çap etmekden go‎ý‎ýarlar, sözlerine döredilen a‎ýdymlar gadagan edil‎ýär. Annasoltanyñ şu aşakdaky setirler bilen başlan‎ýan goşgusyny zehinli a‎ýdymçy Annaberdi Atdanow a‎ýdym edip a‎ýdypdy:

Bahar güller açanda,
Sa‎ýrap guşlar uçanda,
Güneş nuruñ saçanda,
Janym gözledim seni.

Şe‎ýle-de «Gözellik gy‎ýzlaryñ baky my‎ýrasy» di‎ýen sözleri a‎ýdym edilip a‎ýdyl‎ýardy. Ol birnäçe gezek Moskwa, Sowet So‎ýuzynyñ kommunistik Parti‎ýasynyñ MK-ine baryp, Türkmenistanda bolup geç‎ýän ‎ýagda‎ýlar barasynda ‎ýazmaça habar beripdir, ‎ýöne her gezek ha‎ýbat atyjy jogaplar berilipdir we onuñ arzalary bolsa Parti‎ýanyñ arhywyna geçiril‎ýär. «eger-de bo‎ýun bolmasañ, seni ‎ýurtdan kowup çykararys» di‎ýip, ha‎ýbat atyl‎ýar.

Tapmasam men bu toka‎ýdan adalat,
Geregi ‎ýok ol toka‎ýyñ ba‎ýlygy,
Şahyryñ üstünden häkimlik sür‎ýär,
Maslyk sor‎ýan gargalaryñ şalary.

Ga‎ýyp ‎ýören depämde gara gargalar,
Sora‎ýan olardan:
Nirede çeşme?

Ahyr soñy zenan şahyryñ garşysyna a‎ýlyganç çäre görülip ol 29 ‎ýaşyndaka zor bilen dälihana eltil‎ýär we ömrüniñ ahyryna çenli ‎ýagny 12 ‎ýyllap dälihanada tussaglykda saklan‎ýar
[4]. Ogulgerek ejäniñ a‎ýtmagyna görä 1971-nji 26-njy awgustynda çagyrylmadyk ‎ýerden tizkömek maşyn gelip gyzyny alyp gid‎ýärler, bu Annasoltanyñ ilkinji gezek dälihana getirilşidi. Oña «şizofreni‎ýeden» ejir çek‎ýänligi barada diagnoz go‎ýul‎ýar. Annasoltanyñ «keseliñ taryhy» di‎ýlen hem-de oña «gizlin» di‎ýlip möhür basylan dokumetde şe‎ýle ‎ýazylan:
«ol respublika ‎ýolbaşçylyk edip bilme‎ýändikleri hakynda, Türkmenistanyñ a‎ýal-gy‎ýzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ‎ýerlere, şol sanda parti‎ýanyñ 24-nji gurulta‎ýyna arzalar ‎ýazdy. Angli‎ýada ‎ýaşamaga rugsat sorady. Şonuñ üçinem KGB-niñ gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlary konsultatsi‎ýasyna eltildi we olar Kekilowanyñ şizofreni‎ýeden azap çek‎ýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ‎ýerleşdirildi».

Ogulgerek eje Se‎ýidowa gyzyny dälihanadan halas etmek üçin elinde baryny edipdir. Ol Sowet So‎ýuzynyñ Kommunistik Parti‎ýasynyñ MK-niñ halkara meseleler bo‎ýunça bölüme ‎ýolbaşçylyk ed‎ýän Nikola‎ýew di‎ýen birsine, KGB-niñ şol wagtky başlygy ‎Ýuri Anderepowa şyka‎ýat hat bilen ‎ýüzlenip öz gy‎ýzynyñ akyl-huşynyñ ‎ýerindedigini, onuñ hiç wagt psihiatrlara işiniñ düşmändigini bildiripdi. Ejäniñ şyka‎ýatnamasynda soñra şe‎ýle di‎ýlipdir:
«Psihiatrik kselhanada wraçlar gy‎ýzymyñ sagdygyny a‎ýtdylar, ‎ýöne welin kommunistik parti‎ýanyñ merkezi komitetine hatyny nerw dartgynlylygy ‎ýagda‎ýynda ‎ýazanlygy hakynda öz eli bilen bir dil haty ‎ýazyp bermegini talap etdiler, ‎ýogsa onuñ ebedilik dälihanada saklanjakdygyny bildirdiler. Şe‎ýdip gorkuzdylar. Emma gy‎ýzym islendik dil hatyny bermekden bo‎ýun gaçyrdy.»

Dönmerin öz pikrimden,
Atsalar-da ‎ýan‎ýan oda,
Ömür bo‎ýy hyzmat etjek,
Ynsan di‎ýen belent ada.

Sö‎ýemok men bu jahanda,
‎Ýaranjaklap gün görmäni,
‎Ýagşy gör‎ýän be‎ýle günden,
Öz ajalyma jan bermäni.

72 ‎ýaşly Ogulgerek eje öz nalyşynyñ dün‎ýä jemgi‎ýetçiligine-de baryp ‎ýetmegi üçin şol arzalarynyñ kopi‎ýalaryny daşary ‎ýurtly korrespondentlere-de gowşurypdyr. Şe‎ýlelik bilen bu habar-hadysa daşary ‎ýurtlaryn metbugatynda çap edildi. Protestler bildirildi. Şahyryñ boşadylmagy talap edildi. Emma Sowet hökümeti şol talaplara gulak asmady.

Annasoltan dälihanada bolan mahaly onuñ adyna ençe hatdyr sowgatlar gel‎ýär, ‎ýöne bu hat-sowgatlar oña berilme‎ýär. Ors‎ýetli ‎ýazyjy Nikola‎ý Wronowyñ a‎ýtmagyna
[5] görä, ‎ýazyjylar Annasoltana sowgat iberipdirler. Ge‎ýim-gejim we be‎ýleki serişdeleri ‎ýollapdyrlar. Emma ol sowgatlary hiç mahal Annasoltana gowşurmandyrlar.
Annasoltan öz sy‎ýasy gara‎ýyşy we dälihananyñ ‎ýagday barasynda bir hatynda şe‎ýle di‎ýipdir:
«Men öz pikirleimden dänmedim, meni biderek o‎ýunlar ‎ýadatdy. Eger meniñ öz pikirlerim üçin özüme ölüm jezasy garaş‎ýan-da bolsa, men ondan bo‎ýun gaçyrmazdym. Näme meniñ herketlerim kanunyñ tersine bolsa, ‎ýa-da howply bolsa, näme üçin meni atma‎ýarlar? Menden belli-külli dina‎ýsalar bolma‎ýarmyka? Şahyr hökmünde-de, SSSR-iñ grajdany hökmünde-de maña hiç hili hukuk berilme‎ýär. Onda meniñ grajdanlygymy saklajak bolmaklary näme üçinkä? Men muña asla düşnemok. Şahyr hökmünde we öz ‎ýuwurdymyñ grajdany hökmünde meniñ durmuşym psihiki keselleriñ üstünden sos‎ýal nähaklylyk höküm sür‎ýän, görlüp-eşdilmedik agyr şertlerde geçdi.
Keseller üçin beril‎ýän goşmaça imit wraçlaryñ hususy e‎ýeçiligine gidip, olar, mallaryna berildi. Gyşyna beril‎ýän kömürler baş wraç, onuñ garyndaşlary öz ö‎ýleri üçin ulandylar. Köp keseliler sowukdan, açlykdan, horlukdan aradan çykdylar. ‎Ýoldaşlarynyñ elhenç ‎ýagda‎ýdaky ölümi, hapaçylyk, porsy y‎ýs, adamyñ çydam edip bilmejek agyr şertleri, kä halatlarda keselleriñ ençemesiniñ öz janyna kast etmeklerine sebäp bol‎ýar. Men bu zatlara şa‎ýat bolmak bilen «Adam we kanun» jurnalynda «ölüler hukuklaryny gözle‎ýär» atly makala ‎ýazdym. Hakykatdan-da adamlar çekip, çydap bolmajak şertlerde gözgyny öl‎ýärler. Haçan-da jesetleri göterip äkidenlerinde olaryñ ‎ýatan ‎ýerlerinde gan-koklara, sansyz gurçuklara gözüñ düş‎ýär. Näsag ‎Ýekaterina Çerkasowa we ‎ýene birnäçe adam şe‎ýle elhenç ölümi gördi. Bu betbagyt, taşlanan adamlar gör, näçe bagyr awusyna, ten we ruhy şikeslere çydam etdiler. Olar hem hakykaty gözläp, öz hukuklaryny gorajak bolup, ‎ýene muña ‎ýetip bilmän, aradan çykdylar. Meniñ filatonymda görkezilen faktlar tassyk boldy. Gökdepe keselhanasynyñ baş wrajyny wezipesinden boşatdylar. Olar maña: «sen hiç wagt ‎ýazmajañ hakda a‎ýt, onsoñ biz seni komis‎ýadan geçmäge hödürläris» di‎ýip, teklip ed‎ýärler. O, näme üçin men bu zatlar hakda ‎ýazmaly dälmişim? ‎Ýazmagymy islemeseler meni sy‎ýasy tussag hökmünde saklap ‎ýörmän, go‎ýberä‎ýseler bolma‎ýarmy?
Menem adam ahyryn. Dogrusy adam ykbalyna bolan biparhlyklar bilen edil‎ýän manysyz gürrüñlerden ‎ýadadym. Bir adamyny zor bilen ‎ýyllar bo‎ýy dälihanada saklamak bolmaz-a. Men juda syrkaw, hatta muny bildirmejek bolsam-da halys ‎ýaramok. Her gün irden halym teñ tur‎ýar.


Maña ‎ýaşamaga ‎ýene näçe wagt galdyka?»
Jebir gördüm bu diwardan añyrda,
Zulum gördüm bu diwardan añyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan añyrda,
Hapa boldum men bir suwa düşe‎ýin.

Annasoltan Kekilowa 1974-nji ‎ýylyñ ahyrynda Halkara ‎Ýazyjylar Guramasy «Pen Klubyñ» Holland bölüminiñ hormatly agzalygyna kabul edil‎ýär. Onuñ ady Halkara Günä Geçiş guramasy- Amnest‎ý-niñ tussag a‎ýallar baradaky 1975-nji ‎ýylky sanawuna girizildi. Türkmenistanyñ KGB-siniñ ozalky bir işgäriniñ a‎ýytmagyna görä akademik Sahrow Aşgabada gelip, Annasoltanyñ ‎ýatan dälhanasyna baryp görmekçi bolupdyr, ‎ýöne KGB oña rugsat bermäni, ony Moskwa ugradypdyr.
[6]
Annasoltan birnäçe gezek dälihanadan gaçmagy başarypdyr, ‎ýöne ol ele salynyp, öñki ‎ýerine getirlipdir.
1983-nji ‎ýylyñ 19-njy no‎ýabrynda Annasoltanyñ garyndaşlary onuñ jesedini Aşgabadyñ etegindäki Bekrowa obasynyñ dälihanadan alyp ga‎ýd‎ýarlar. Şonda baş Wraç Zo‎ýa Nurmämmedowanyñ görkezmesi bilen: «Annasoltan oglunyñ ha‎ýyşy bo‎ýunça ö‎ýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy.» di‎ýlip dilhaty alnandan soñra Annasoltanyñ jesedi hossarlaryna beril‎ýär. Ol Köşüniñ gonamçylygynda ja‎ýlan‎ýar.
Türkmenistanyñ ‎ýazyjylar birleşigi zenan şahyryñ halas edilmegi ugrunda alada etmek-ä be‎ýlede dursun, hatta onuñ adyny-da agzap bilmediler. Türkmen metbugaty, ozalky kärdeşleri Annasoltanyñ ölümi hakda ‎ýekje söz-nekrolog ‎ýazyp bilmediler, şahyrlardyr ‎ýazyjylar ozalky galamdaşlarynyñ mazaryna ‎ýekeje-de gül desse go‎ýmaga milt edip bilmediler... 1983-nji ‎ýylyñ mart a‎ýynda SSSR ‎ýazyjylar so‎ýuzynyñ mejlisinde rus şahyry Ludmila Şipahina Annasoltanyñ ölendigini habar berdi we Türkmen galamdaşlaryna ‎ýüzlenip, Kekilowanyñ işini derñemäge, eger-de kanuny bozluşyga ‎ýol berilen bolsa onuñ ‎ýagşy adyny ga‎ýtadan dikeltmeklige çagyrdy. Emma Türkmen ‎ýazyjylar birleşigi, ‎ýazyjydyr şahyrlar seslerini çykarman, dymdylar, ‎ýogsam şol wagt Türkmenistanyñ Kom parti‎ýasynyñ 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurowy we sekretary Ma‎ýa Molla‎ýewany soraga çekmek gerekdi ahyryn. Diñe Türkmenistanyñ «Magtymguly» adyndaky ‎ýaşlar guramasy, 1990-njy ‎ýyl üçin Annasoltana lowur‎ýat adyny berdi.
[7]
‎Ýöne Annasoltan edil agsy Şaly Kekil ‎ýaly mertlerçe ‎ýaşady we namart rejime bo‎ýun egmän bu‎ýsanç bilen dün‎ýäsini täzeledi, ol ‎ýüreklerde ebedi ‎ýaşa‎ýar, sebäbi onuñ özi a‎ýytmyşla‎ýyn:

«Men ölsem-de ölmez asla asyrlar,
Men ölsem-de ölmez asla nesiller.
Meni ‎ýagşylykda ‎ýatlasa biri,
Diri men, diri»

Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Noyaber 2008


[1] Bu bölümde M.Mämmetgurbanovyñ «Ömrizaýa ýyldyz» Aşgabat 1992-nji ýyl we onuñ tagallasy bilen Annasoltan barada surata düşürlen kinofilmden şeýle-de Täçmırat aganyñ Azatlyk Radiosy üçin ýazan makalasyndan peýdalandyk.

[2] Ony häzir Robert diýip atlandyrýarlar
[3] Annasoltanyñ 1968-nji ýylda «Gara saçlarym» we 1971-nji ýylda «Zenanlar» atly goşgular ýygyndylary çap edilipdir. 1992-nji ýylda bolsa «Türkmenistan» neşriýaty onuñ goşgulary «Ömrüzaýa ýyldyz» ady bilen neşir etdi.
[4] 1975-nji ýylyñ sentýabrynda Annasoltan babatda bir karar kabul edilýär. Şonda SSSR-iñ Jenaýat Kodeksiniñ 206-njy maddasynyñ 2-nji bölüminiñ 7-nji punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi diýilipdir.
[5] Yazyjy Hudaýberdi Hallyýewiñ ýatlamasy
[6] H.Hallyýeviñ ýatlamasy
[7] Edebiýat we Sungat gazetiniñ 1989-nji ýylyñ 9-njı iýun sanynda Mämetgurban Mämmetgurbanowyñ Annasoltana bagyşlan «Añzakda açylan gül», şeýle-de «Ýaş Kommunist» gazetiñ 1991-nji ýylyñ 20-nji iýun sanynda Hydyr Amangeldiýew «Diri ýaşasym gelýär» diýen makalalary çap edildi. H.Amangeldiýew bihaýalyk bilen Annasoltanyñ hamana öz janyna kast edendigini, munuñ musulmançylykda uly günädigini ýazdy.

Inga kommentarer: