1980-nji ýyllarda Sowet repressiýasyna
duçar edilen soñky pydalar
12 ýyllap dälihana tussaglygynda saklanan
we şol ýerde aradan çykan, Türkmeniñ
göreşjeñ şahyrasy Annasoltan Kekilowanyñ pajygaly ykbaly[1]Annasoltak Kekilowa
(30.11.1942- 30.11.1983)
Totalitar rejim tarapyndan zalymlarça öldürlen ýaş gelin, zehinli türkmen şahyrasy Annasoltan Seýit gyýzy Kekilowanyñ ajy ykbaly entek-entek, köp wagtlap biziñ ýüregimizi awatsa gerek. Türkmen şygryýetiniñ saýrak bilbili, 15 ýyllap kas bilen dälihana tussaglygynda saklanan, ejiz bedeni ateşli ukollar bilen persala edilen görgüli ahyr soñunda Koşi obasynyñ «Orazguly işan» gonamçylygynda karar tapdy.
Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Köpetdagy etekläp oturan Köşi obasynda eneden dogulýar. Onuñ ejesiniñ ady Ogulgerek, kakasy/dädesi bolsa Seýit, ol Şaly we Aman Keklilowlaryñ iñ uly dogany. Ejesi ýaşajyk Annasoltany «Daglar başy» diýip, söýgüläp, seslenerdi.
A.Kekilowa köp kyýnçylyklar bilen türkmen döwlet uniwersitetiniñ Türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Emma oña bu ýerde «arkaýyn» okamak meýesser etmeýär. Ony dürli sebäpler bilen okuwdan çykarýarlar. Soñra her niçik hem bolsa ony gaýtadan okuwa alýarlar. Annasoltan diplomini alandan soñ iki ýyllap mugallymçylyk edýär. Şol ýyllarda hem onuñ radioda okan käbir «syýasy taýdan yrga» goşgulary üçin «ýokaryk» çagyrýarlar. Ol 1971-nji ýyllarda «Mydam taýýar» gazetinde işläp ýörkä hem «dürli sebäpler» bilen arzasyny berip işden gitmeli bolýar.
Annasoltan 19 ýaşynda durmuşa çykýar. 1962-njy ýylda ýagny 20 ýaşynda bir ogly bolýar oña Ýagmyr diýip at dakýar.[2]Berilýän şeýle gysyşlar oña Türkmenistanda ýaşamak gaty dar hem agyr düşýär. Ol bir gezek Moskwada Britaniýanyñ ilçihanasyna baryp, özüne Angilýada ýaşamaga rugsat bermekleri barada arza berýär. Hut şol günden beýlägem ol KGB tarapyndan yýzarlanyp başlanýar.
Annasoltan Kekilowa 1969-njy ýylyñ noýabrynda Sowet Soýuzynyñ Kom partiýasynyñ MK-niñ syýasy bürosyna we partiýanyñ 24-nji gurultaýyna 56 sahypalyk uly göwrümli bir hat ýollarýar. Onda ýurtda bolup geçýän pysgy-pujurlyklar hakynda durup geçýär. Şonda Annasoltan şu aşakdaky ýaramaz zatlar hakynda ýazypdyr:
Türkmenistan kommunist partiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ apparatynyñ esasy wekilleriniñ aýal-gyýzlara bolan rehimsiz feodal gatnaşyklary hakynda öz janlaryna kast edýän aýal-gyýzlaryñ pajygaly ykbaly hakda;
Respublikda kadrlaryñ nädogry ulanylşy hakda;
Parahorlyk, tarapgöýlik, hökümet ýolbaşçylaryñ öz bähbitleri üçin birleşigi hakda;
Respublikda çykýan gazet-jurnallaryñ syýasy we çeperçilik derejesiniñ gowşaklygy hakda. Tankyýt üçin yýzarlamalar hakda, ideologik frontda garyndaşparazlyk, milletçilik hakda. Tire-taýpa seredilip, adamlara baha kesilişi hakda. Spikulýatsiýanyñ ösmegi, jenaýatçylygyñ günsaýyn artýanlygy hakda.
«Men şahyr hökmünde, respublikanyñ grajdany hökmünde bu hakda diñe lirki-goşgular ýazyp ýörmegi ýeterlik hasaplamadym. Men ýañy uniwersiteti tamaladym. Bu faktlar barada Sowet ýolbaşçylarynyñ özümden-de gowy bilýändiklerine düşünmeýärdim.»
1969-njy ýylyñ dekabrynda Sowet Soýuzynyñ Kommunist partiýasynyñ MK-inden Türkmenistana barlag komisýasy gelýär. Ýöne olary hatda agzalan faktlar däl-de haty ýazan kişi gyzylandyryp, ony bir adamynyñ ýa-da toparyñ ýazandygy hakda alada edip başlaýarlar. Şonda Annasoltan bilen bilelikde başgada bir zenan şahyra günlenýär.
Barlag komisýasy Aşgabat aýroportyndan ugran badyna Annasoltan bilen beýleki şahyry örän gazaply yýzarlap başlaýarlar. Görkezilýän gysyşlara çydaman Annasoltan işi bilen hoşlaşmaly bolýar. Howpsuzlyk gullugyñ KGB-niñ işgärleri onuñ maşgalasyna agram salmalarynyñ yýzy kesilmeýär. Annasoltanyñ ogluny okaýan sazçylyk mekdebinden çykarýarlar, çapdan çykarjak bolan kitabyny gaýtarýarlar.[3] Onuñ eserlerini respublikan we merkezi metbugatda çap etmekden goýýarlar, sözlerine döredilen aýdymlar gadagan edilýär. Annasoltanyñ şu aşakdaky setirler bilen başlanýan goşgusyny zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanow aýdym edip aýdypdy:
Bahar güller açanda,
Saýrap guşlar uçanda,
Güneş nuruñ saçanda,
Janym gözledim seni.
Şeýle-de «Gözellik gyýzlaryñ baky myýrasy» diýen sözleri aýdym edilip aýdylýardy. Ol birnäçe gezek Moskwa, Sowet Soýuzynyñ kommunistik Partiýasynyñ MK-ine baryp, Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barasynda ýazmaça habar beripdir, ýöne her gezek haýbat atyjy jogaplar berilipdir we onuñ arzalary bolsa Partiýanyñ arhywyna geçirilýär. «eger-de boýun bolmasañ, seni ýurtdan kowup çykararys» diýip, haýbat atylýar.
Tapmasam men bu tokaýdan adalat,
Geregi ýok ol tokaýyñ baýlygy,
Şahyryñ üstünden häkimlik sürýär,
Maslyk sorýan gargalaryñ şalary.
Gaýyp ýören depämde gara gargalar,
Soraýan olardan:
Nirede çeşme?
Ahyr soñy zenan şahyryñ garşysyna aýlyganç çäre görülip ol 29 ýaşyndaka zor bilen dälihana eltilýär we ömrüniñ ahyryna çenli ýagny 12 ýyllap dälihanada tussaglykda saklanýar[4]. Ogulgerek ejäniñ aýtmagyna görä 1971-nji 26-njy awgustynda çagyrylmadyk ýerden tizkömek maşyn gelip gyzyny alyp gidýärler, bu Annasoltanyñ ilkinji gezek dälihana getirilşidi. Oña «şizofreniýeden» ejir çekýänligi barada diagnoz goýulýar. Annasoltanyñ «keseliñ taryhy» diýlen hem-de oña «gizlin» diýlip möhür basylan dokumetde şeýle ýazylan:
«ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyñ aýal-gyýzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyñ 24-nji gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuñ üçinem KGB-niñ gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlary konsultatsiýasyna eltildi we olar Kekilowanyñ şizofreniýeden azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi».
Ogulgerek eje Seýidowa gyzyny dälihanadan halas etmek üçin elinde baryny edipdir. Ol Sowet Soýuzynyñ Kommunistik Partiýasynyñ MK-niñ halkara meseleler boýunça bölüme ýolbaşçylyk edýän Nikolaýew diýen birsine, KGB-niñ şol wagtky başlygy Ýuri Anderepowa şykaýat hat bilen ýüzlenip öz gyýzynyñ akyl-huşynyñ ýerindedigini, onuñ hiç wagt psihiatrlara işiniñ düşmändigini bildiripdi. Ejäniñ şykaýatnamasynda soñra şeýle diýlipdir:
«Psihiatrik kselhanada wraçlar gyýzymyñ sagdygyny aýtdylar, ýöne welin kommunistik partiýanyñ merkezi komitetine hatyny nerw dartgynlylygy ýagdaýynda ýazanlygy hakynda öz eli bilen bir dil haty ýazyp bermegini talap etdiler, ýogsa onuñ ebedilik dälihanada saklanjakdygyny bildirdiler. Şeýdip gorkuzdylar. Emma gyýzym islendik dil hatyny bermekden boýun gaçyrdy.»
Dönmerin öz pikrimden,
Atsalar-da ýanýan oda,
Ömür boýy hyzmat etjek,
Ynsan diýen belent ada.
Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni,
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalyma jan bermäni.
72 ýaşly Ogulgerek eje öz nalyşynyñ dünýä jemgiýetçiligine-de baryp ýetmegi üçin şol arzalarynyñ kopiýalaryny daşary ýurtly korrespondentlere-de gowşurypdyr. Şeýlelik bilen bu habar-hadysa daşary ýurtlaryn metbugatynda çap edildi. Protestler bildirildi. Şahyryñ boşadylmagy talap edildi. Emma Sowet hökümeti şol talaplara gulak asmady.
Annasoltan dälihanada bolan mahaly onuñ adyna ençe hatdyr sowgatlar gelýär, ýöne bu hat-sowgatlar oña berilmeýär. Orsýetli ýazyjy Nikolaý Wronowyñ aýtmagyna[5] görä, ýazyjylar Annasoltana sowgat iberipdirler. Geýim-gejim we beýleki serişdeleri ýollapdyrlar. Emma ol sowgatlary hiç mahal Annasoltana gowşurmandyrlar.
Annasoltan öz syýasy garaýyşy we dälihananyñ ýagday barasynda bir hatynda şeýle diýipdir:
«Men öz pikirleimden dänmedim, meni biderek oýunlar ýadatdy. Eger meniñ öz pikirlerim üçin özüme ölüm jezasy garaşýan-da bolsa, men ondan boýun gaçyrmazdym. Näme meniñ herketlerim kanunyñ tersine bolsa, ýa-da howply bolsa, näme üçin meni atmaýarlar? Menden belli-külli dinaýsalar bolmaýarmyka? Şahyr hökmünde-de, SSSR-iñ grajdany hökmünde-de maña hiç hili hukuk berilmeýär. Onda meniñ grajdanlygymy saklajak bolmaklary näme üçinkä? Men muña asla düşnemok. Şahyr hökmünde we öz ýuwurdymyñ grajdany hökmünde meniñ durmuşym psihiki keselleriñ üstünden sosýal nähaklylyk höküm sürýän, görlüp-eşdilmedik agyr şertlerde geçdi.
Keseller üçin berilýän goşmaça imit wraçlaryñ hususy eýeçiligine gidip, olar, mallaryna berildi. Gyşyna berilýän kömürler baş wraç, onuñ garyndaşlary öz öýleri üçin ulandylar. Köp keseliler sowukdan, açlykdan, horlukdan aradan çykdylar. Ýoldaşlarynyñ elhenç ýagdaýdaky ölümi, hapaçylyk, porsy yýs, adamyñ çydam edip bilmejek agyr şertleri, kä halatlarda keselleriñ ençemesiniñ öz janyna kast etmeklerine sebäp bolýar. Men bu zatlara şaýat bolmak bilen «Adam we kanun» jurnalynda «ölüler hukuklaryny gözleýär» atly makala ýazdym. Hakykatdan-da adamlar çekip, çydap bolmajak şertlerde gözgyny ölýärler. Haçan-da jesetleri göterip äkidenlerinde olaryñ ýatan ýerlerinde gan-koklara, sansyz gurçuklara gözüñ düşýär. Näsag Ýekaterina Çerkasowa we ýene birnäçe adam şeýle elhenç ölümi gördi. Bu betbagyt, taşlanan adamlar gör, näçe bagyr awusyna, ten we ruhy şikeslere çydam etdiler. Olar hem hakykaty gözläp, öz hukuklaryny gorajak bolup, ýene muña ýetip bilmän, aradan çykdylar. Meniñ filatonymda görkezilen faktlar tassyk boldy. Gökdepe keselhanasynyñ baş wrajyny wezipesinden boşatdylar. Olar maña: «sen hiç wagt ýazmajañ hakda aýt, onsoñ biz seni komisýadan geçmäge hödürläris» diýip, teklip edýärler. O, näme üçin men bu zatlar hakda ýazmaly dälmişim? Ýazmagymy islemeseler meni syýasy tussag hökmünde saklap ýörmän, goýberäýseler bolmaýarmy?
Menem adam ahyryn. Dogrusy adam ykbalyna bolan biparhlyklar bilen edilýän manysyz gürrüñlerden ýadadym. Bir adamyny zor bilen ýyllar boýy dälihanada saklamak bolmaz-a. Men juda syrkaw, hatta muny bildirmejek bolsam-da halys ýaramok. Her gün irden halym teñ turýar. Maña ýaşamaga ýene näçe wagt galdyka?»
Jebir gördüm bu diwardan añyrda,
Zulum gördüm bu diwardan añyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan añyrda,
Hapa boldum men bir suwa düşeýin.
Annasoltan Kekilowa 1974-nji ýylyñ ahyrynda Halkara Ýazyjylar Guramasy «Pen Klubyñ» Holland bölüminiñ hormatly agzalygyna kabul edilýär. Onuñ ady Halkara Günä Geçiş guramasy- Amnestý-niñ tussag aýallar baradaky 1975-nji ýylky sanawuna girizildi. Türkmenistanyñ KGB-siniñ ozalky bir işgäriniñ aýytmagyna görä akademik Sahrow Aşgabada gelip, Annasoltanyñ ýatan dälhanasyna baryp görmekçi bolupdyr, ýöne KGB oña rugsat bermäni, ony Moskwa ugradypdyr.[6]Annasoltan birnäçe gezek dälihanadan gaçmagy başarypdyr, ýöne ol ele salynyp, öñki ýerine getirlipdir.
1983-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda Annasoltanyñ garyndaşlary onuñ jesedini Aşgabadyñ etegindäki Bekrowa obasynyñ dälihanadan alyp gaýdýarlar. Şonda baş Wraç Zoýa Nurmämmedowanyñ görkezmesi bilen: «Annasoltan oglunyñ haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy.» diýlip dilhaty alnandan soñra Annasoltanyñ jesedi hossarlaryna berilýär. Ol Köşüniñ gonamçylygynda jaýlanýar.
Türkmenistanyñ ýazyjylar birleşigi zenan şahyryñ halas edilmegi ugrunda alada etmek-ä beýlede dursun, hatta onuñ adyny-da agzap bilmediler. Türkmen metbugaty, ozalky kärdeşleri Annasoltanyñ ölümi hakda ýekje söz-nekrolog ýazyp bilmediler, şahyrlardyr ýazyjylar ozalky galamdaşlarynyñ mazaryna ýekeje-de gül desse goýmaga milt edip bilmediler... 1983-nji ýylyñ mart aýynda SSSR ýazyjylar soýuzynyñ mejlisinde rus şahyry Ludmila Şipahina Annasoltanyñ ölendigini habar berdi we Türkmen galamdaşlaryna ýüzlenip, Kekilowanyñ işini derñemäge, eger-de kanuny bozluşyga ýol berilen bolsa onuñ ýagşy adyny gaýtadan dikeltmeklige çagyrdy. Emma Türkmen ýazyjylar birleşigi, ýazyjydyr şahyrlar seslerini çykarman, dymdylar, ýogsam şol wagt Türkmenistanyñ Kom partiýasynyñ 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurowy we sekretary Maýa Mollaýewany soraga çekmek gerekdi ahyryn. Diñe Türkmenistanyñ «Magtymguly» adyndaky ýaşlar guramasy, 1990-njy ýyl üçin Annasoltana lowurýat adyny berdi.[7]Ýöne Annasoltan edil agsy Şaly Kekil ýaly mertlerçe ýaşady we namart rejime boýun egmän buýsanç bilen dünýäsini täzeledi, ol ýüreklerde ebedi ýaşaýar, sebäbi onuñ özi aýytmyşlaýyn:
«Men ölsem-de ölmez asla asyrlar,
Men ölsem-de ölmez asla nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Diri men, diri»
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Noyaber 2008
[1] Bu bölümde M.Mämmetgurbanovyñ «Ömrizaýa ýyldyz» Aşgabat 1992-nji ýyl we onuñ tagallasy bilen Annasoltan barada surata düşürlen kinofilmden şeýle-de Täçmırat aganyñ Azatlyk Radiosy üçin ýazan makalasyndan peýdalandyk.
[2] Ony häzir Robert diýip atlandyrýarlar
[3] Annasoltanyñ 1968-nji ýylda «Gara saçlarym» we 1971-nji ýylda «Zenanlar» atly goşgular ýygyndylary çap edilipdir. 1992-nji ýylda bolsa «Türkmenistan» neşriýaty onuñ goşgulary «Ömrüzaýa ýyldyz» ady bilen neşir etdi.
[4] 1975-nji ýylyñ sentýabrynda Annasoltan babatda bir karar kabul edilýär. Şonda SSSR-iñ Jenaýat Kodeksiniñ 206-njy maddasynyñ 2-nji bölüminiñ 7-nji punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi diýilipdir.
[5] Yazyjy Hudaýberdi Hallyýewiñ ýatlamasy
[6] H.Hallyýeviñ ýatlamasy
[7] Edebiýat we Sungat gazetiniñ 1989-nji ýylyñ 9-njı iýun sanynda Mämetgurban Mämmetgurbanowyñ Annasoltana bagyşlan «Añzakda açylan gül», şeýle-de «Ýaş Kommunist» gazetiñ 1991-nji ýylyñ 20-nji iýun sanynda Hydyr Amangeldiýew «Diri ýaşasym gelýär» diýen makalalary çap edildi. H.Amangeldiýew bihaýalyk bilen Annasoltanyñ hamana öz janyna kast edendigini, munuñ musulmançylykda uly günädigini ýazdy.