Esengulyñ saýrak bilbili
Sahna ussady, Opera aýdymçysy,
SSSR-iñ halk artiskasy
Annagül Annagulyýewa
Annagül 1924-nji ýylyñ 31-nji dekabrynda Esengulyda anden boldy. Ol türkmen Sovet opera aktrisasy. SSSR-iñ halk artistkasy (1965). Annagül sahna sungatyna 1941-njy ýylda Aşgabadyñ opera we balet teatrynda başlaýar, L. Şapoşnikovyñ «Zöhre-Tahyr» operasynda Zöhräniñ obrazyny ilkinji bolup sahnada janlandyrýar. Annagül özüniñ döreden her bir gahrymanynyñ daşky sypatyny, içki gylyk-häsýetini çuññur öwrenýär, her bir obraza döredijilikli häsiýet berýär. Ol şirin sesi, tebigy talanty bilen «Şasenem-Garypda» Şasenemiñ, «Kemine we kazyda» Ogulbegiñ, «Leýli-Mejnunda» Leýliniñ, «Ýevgeni Oneginde» Tatýananyñ we başga-da ençeme obrazlaryñ aýdyñ keşbini türkmen tomaşaçylaryna ýetirmekde öz ussatlygyny görkezdi. Ol kino sungatynda-da öz döredijilikli talantyny görkezdi: «Şasenem-Garypda» şa aýalýnyñ, «Daşgaladaky waka-da» Ene Garaýewanyñ, «Keç pelekde» Dürsoltanyñ, «Derýanyñ añyrsy—Serhetda» Heseliñ we birnäçe rollary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Annagül Turkmennstanyñ medeniýetini, sungatyny ýokary götermekde bitiren hyzmatlary üçin, «Lenin», «Hormat nyşany» medallary, TSSR-iñ Ýokary Sovetiniñ Prezidumynyñ Hormat hatlary bilen sylaglandy.(Rahmanow: Türkmen Sovet Ensiklopediýasy. T.1 s.155)
********
Annagül eneden ir galypdy. Onuň dädesi Esenguly etrabynyň belli gyjakçysydy. Oba adamlary gyjak dinlemek üçin Annaguly aganyñ öýüne gelerdiler. Tä yassyna çenli saz diñläp, söhbet edip oturardylar. Annagül saz diñläp, kellesini gyjak çalyp oturan kakasynyñ dyzyna goýup uwklap galardy. Onuñ üçin bütin barlyk ajaýyp heñlere eýlenendi. Adamlar dargap, gyjagyñ sesi ýatansoñ Annagüljik oýanyp, aglap başlardy, dädesi gyjagy täzeden eline alyp, gyzjagazy uwka gidýänçä, saz çalardy.
Aýlar-ýyllar kerwen gurap geçýär. Annagül Annagulyýewa 1936-njy ýylda Aşgabatdaky Aýallar mugallymçylyk uçilisesine okuwa girýär. Ol aýdym-saz sapaklaryna, höwesjeñler gurnagyna gatnaşyp, ökde aýdymçy hökmünde tanalyp ugraýar. Horda-da, ýekelikde-de yzygiderli çykyş edýän gyz «Şäheriñ iñ ökde aýdymçysy» diýen ada eýe bolýar.
1941-nji ýylda Türkmenistanda opera we balet teatryny açmak göz öñünde tutulýar. Bu teatryñ düýbüni tutmaga kömek bermäge Moskvanyñ sazly teatryndan bilermenler çagyrylýar. Şol döwürde professional aýdym-saz, teatr ugrundan okap ýetişen ýekeje-de türkmen spesialisti ýok diýen ýalydy. A. Şapoşnikow «Zöhre- Tahyr» dessanyna saz ýazypdy. Tahyryñ sazly keşbini döretjek aýdymçy tapylypdy. Ol Ýolaman Hummaýewdi. Emma Zöhräniñ ýokary ses üçin niýetlenilen ariýalaryny aýdyp biljek aýdymçy gyz tapylanokdy. Operany sahnalaşdyrmaly režissýor T.Şaraşidze uçilişede çykyş edýän owadan sesli owadan gyzy ýatlaýar. Ol wagt Annagül okuwy tamamlap, şol wagtky Krasnowodskide komsomol işinde işleyärdi.
Režissýor hökümet işgärlerine ýüz tutup, Annagülüñ täze açyljak teatra aýdymçy bolup işe getirilmegini gazanýar. Vokal mugallymy Annagülüñ sesiniñ has durlanyp, çylşyrymly aýdymlary ussatlarça aýtmagyny gazanýar. Uly simfoniýa orkestriniñ sazlaşykly owazynyñ, köp sesli hor toparynyñ aýdymynyñ içinden geçip gidýän owadan ses saýlanyp durardy. Guýmagursak zehinli gyz islendik aýdymy emgenmän aýdyp bilýärdi. Türkmen Döwlet opera we balet teatry 1941-nji ýylyñ Sanjar (Noýabr-AG) aýynyñ 6-syna «Zöhre-Tahyr» operasy bilen açylýar. A.Annagulyýewanyñ döreden Zöhresi tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. On ýedi ýaşly, syrdam boýly, owadan gyz, hakykatdanam, dessandan çykana meñzeýärdi. Sahnadaky Zöhräniñ hoş owazy tomaşaçyny ýpsüz kökerip, özüne bendi edýärdi. Ol halkyñ dilinde dessana öwrülen, asyrlarboýy kalbyna siñdirip, aşyk bolan Zöhresidi!
Aýdymçy gyz özüne bildirilen ynamy ödejek bolup, irmän-arman ussatlardan sapak alýardy, täze kespleriñ üstünde işleýärdi, Ol özüniñ bütin ykbalyny, zehinini şu teatra bagyş etdi. «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Gül-Bilbil», «Kemine we kazy» ýaly milli mukama ýugrulan operalar teatrda yzly-yzyna sahnalaşdyryldy. Bu operalarda Annagül baş gahrymanyñ keşbini döredipdi. Ol soprano sesi bilen Leýli ýa Şasenem bolup aýdym aydanda, tomasacylar doñup diñlärdiler, Annagül meşhur režissýor Alty Garlyýew bilen halaşyp, durmuş gurupdylar. Alty Garlyýew opera we balet teatrynyñ baş režissýorydy. İki zehinli sungat işgäri agzybir maşgala bolup, ençeme täze döredijilik gözlegleri bilen sungatymyzda öçmejek yz galdyrdylar. Olaryñ öýi sungat öýi ýaly şol döwrüñ döredijilik adamlaryny magnit ýaly özüne çekýärdi. Olaryñ iki ogul perzende gözleri düşüpdi. Myrat bilen Nury Garlyýewler hem kino sungatynyñ isgärleridi, Myradyñ çagalary Serdar, atasynyñ ady dakylan Alty, Baýram, Leýli, Nurynyñ çagalary Atajan, Batyr dagy sungata sarpa goýýan, dürli ugurlardan ýokary bilimli adamlar. Häzir segseni arka atan aýdyçymyza kiçi gelni Lýubow Garlyýewa seredyär. Meşhur sungat işgärleri çagalaryna, agtyklaryna sungata söýgi bilen birlikde edep-ekram, adamkärçilik sapaklaryny hem bermegi başarypdylar.
Daşkentiñ teatr we çeperçilik institutynda okaýarkam, SSSR-iñ halk artisti A. Annagulyýewanyñ ömrüni we döredijiligini diplom işi edip alypdym. Bu iş boýunça Aşgabada gelemde, olaryñ öýüne barypdym. Olar işim bilen tanyşdylar. Annagül käte makullaýjylyk bilen baş atsa, Alty aga kagyza bellikler edýärdi. Soñra ol maña «Saz sungatyndan başyñ çykýar, syn ýazmaly bolsa aydyber» diýdi. Annagül daýza daş çykandan: «Opera režissýory hökmünde Annagulyýewanyñ sahna endikleri barada aýdaysañyz!» diýdim. Ol: «Ýok, ýok, men aýalymy öwüp biljek däl» diýip güldi.
1955-nji ýylda Moskwada türkmen medeniýet günlerinde «Şasenem-Garyp» operasy hem görkezilipdi. Bu tomaşa meşhur saz döredijiler, saz öwrenijiler, režissýorlar uly baha beripdiler. Aýratynam, Şasenemiñ keşbiniñ aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirilendigini belläpdiler. Bu barada «Pravda» gazetinde Moris Koval «Şasenemiñ kyn keşbini ýerine ýetiriji A.Annagulyýewa drama öwüşginli sesiniñ täsiri, hyjuwy bilen keşbiñ üstüni ýetirýär. Onuñ millilige ýugrulan sesiniñ owadanlygy, saza bolan ukyby diñleýjileri haýran galdyrýar» diýip ýazypdy. Meşhur kompozitor Vano Muradeli «İzvestiýa» gazetinde «Şasenemiñ keşbini ýerine ýetiren A.Annagulyýewa spektaklyñ ýüregidir» diýip belläpdi.
Tomaşaçylaryñ köpüsi «Şu gün Garyby ýa-da Şasenemi, Zöhräni ýa Tahyry kim oýnarka?» diýip, teatra jañ edýän ekenler. Her kimiñ aýdymyndan üýtgeşik lezzet alýan öz söýgüli aýdymçysy bolýar. Bu bütin dünýäde hem şeýle. Şasenemi Annagulyýewanyñ ýerine ýetirýän güni teatryñ zaly hyryn-dykyn dolardy. Aýdymçy saz ýa teatr ugrundan ýörite okuw mekdeplerinde-de, konserwatoriýada-da okamandy. Onuñ Alla tarapyn berlen tebigy sesi, saza bolan ýiti ukyby, zähmetsöýerligi bardy. Opera we balet teatrynyñ ussat sazandalary, dirižýorlary, režissýorlar bilen işleşmegi oña teatryñ çylşyrymly tärlerini ele almaga ýardam edipdi. Aýdymçynyñ döredijilik örüsi giñdi. Ol dünýä nusga bolar operalarynyñ ençemesinde baş zenan keşplerini döredipdi, Annagül Annagulyýewa daşary ýurtlaryñ ençemesinde, öñki SSSR-iñ respublikalarynda bolup, konsertler bilen çykyş edipdi. Bu zenan milli aýdymlar bilen bir hatarda dünýä saz döredijileriniñ aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirip, türkmen sungatyny şöhratlandyran aýdymçy bolup taryha girdi.
Dogduk mekany Esengula çykyşa baran Annagül çagalykda deñziñ owazyna goşup aýdym aýdan ýerlerini küýsedi. Salamlaşýan ýaly ayaklaryny öpüp gidýän tolkunlary synlady. Ene mährinden ganmadyk gyzjagazyñ ýalñyz hossary kakasyna garaşyp, ony aýdym bilen çagyrýan günlerini ýatlady. Häzir tomusky kluby hyryn-dykyn dolduran adamlar bolsa ady belli, ussat aydymça garasýardylar. Annagül ol gün Şasenemiñ, Leýliniñ, Gülüñ ariýalaryny, milli saz döredijileriñ eserlerini yzly-yzyna ýerine ýetirdi. Aýdymçynyñ obadaşlarynyñ öñünde joşup aýdýan aýdymlary çaganyñ pessaýja ses bilen aýdanja aýdymlary däldi, Ol owaz tolkunlary böwsüp geçip, Araba-Şama, Pereñe-Çyna ... ýetyärdi. Deñiz öz gyzynyñ gelenine begenýän ýaly joşýardy. Bu meşhur aýdymçynyñ sungatynyñ güýjüdi.
(Gurbansoltan Eje žurnaly 4/2008)
Makalany taýýarlap, ýörite «Medeni-Siýasy Ojak» üçin ýollan:
Akmyrat Gürgenli
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar