torsdag, augusti 23, 2007

توركمن خالقينينگ ميللی شاهيری، كريم
ر
قوربان نپه سينگ 19- نجی ييل دونيم
و
خاطيرا يادلاماسی

"Sanaşma samsyk bilen!"
(Kerim şahyr hakda oýlanma
)
Kerim agadan bize bugdaý çöregi ýaly goşgular, paýhasa hem gözel duýgulara, ýumora hem gussa ýugrulan ajaýyp eserler galdy. Dogrusy, biziñ edebi neslimiz üçinem, eger bilseler, bizden soñkular üçinem Kerim aganyñ sapaklary uly boldy.

Ýetginjeklikde biz onuñ «Ýaşlyk dramasyny» ýat tutduk, «Gumdan tapylan ýüregini» ýüregimize ýazdyk. A soñ onuñ özi bilen duşuşmak, görüşmek, öýüne barmak, işde çaýlaşmak bagtyna ýüzümiz düşdi. Ýöne biz bu eziz adamy juda ir ýitirmek betbagtlygyna-da uçradyk. Ony, meger, uly ownuklyklar, kän-kän bikemallyklar ýaralady.

1988-iñ 1-nji sentýabrynda, Kerim aga iş otagynda hiç kimiñ salamyny alman ýatyrka, hiç kime adat bolan degişmeleri bilen ýüzlenmeýärkä, onuñ geýen eşikleri bolsa howludaky ýüpe serilgi durka, bir pukara ýazyjynyñ aýdan sözleri ýadymda galypdyr. Ol ýazyjy şonda «hudaý türkmene ýazyjam, şahyram, kompozitoram, alymam, döwlet işgärinem berýär, hakykysyny berýär onda-da, ýöne türkmen olaryñ hiç birini saklap başaranok, sylap bilenok, ir aldyrýar, galp adamlary bolsa depesine çykarýar» diýipdi.

Elbetde, Kerim aga öz döwrüniñ ogludy? Kommunistik partiýanyñ boýna dakan ideologiýasyna tabyn bolmaly bolupdy. Şonuñ bilen birlikde, biziñ gören türkmen halkymyzyñ içinde Kerim aga ýaly meşhur başga bir döwürdeş türkmen şahyry ýokdy. Ol öz ildeşleriniñ içinde, alymlara hem daýhanlara, işçilere hem emeldarlara deñ derejede tanymaldy. Aslynda, Kerim aga, Kerim Gurbannepes diýseñ, tanamaýan ýokdy.

Eýsem, bu meşhurlyk ýöne ýerden däldi. Ol şahyrdy! Üýtgeşik şahyrdy. Owadan ýürekli, ýönekeý sözlere görülmedik mähir çaýyp, akyl bilen duýgyny, guwanç bilen söýgini, mylaýym ýumory öz poýeziýasyna juda ýeser halkylyk bilen siñdirip bilen şahyrdy. Onuñ poýeziýasy guwançly zatlara beýik guwanç duýgusyny, gynançly zatlara uly hasrat berip bilýänligi bilen özüne çekýärdi. Käbirleriniñ aýdyşy ýaly, ol diñe «el çarpylýan goşgulary» ýazmaýardy, diñe toslanan söýgi-pöýgi hakynda joşmaýardy, «ýazmasy agyr düşen goşgularam» ýazýardy.

Wagtynda onuñ poýeziýasy hakynda her hili gürrüñler bolupdy. Biziñ boýdan-başa Gurbannazar Ezizçi edebi neslimiziñ oturylyşyklarynda, iş ýerlerinde-de bu jedeller käte şeýle bir derejelere baryp ýeterdi. Indi seredip otursam, Gurbannazar Eziziñ Halyl Kula ýüzlenip aýdyşy ýaly, şol jedeller biziñ indiki ýazjak goşgularymyzyñ ýarasyny bitiren ekeni. Sebäbi ol döwür «Suwsuz degirmendir jedelsiz şahyr» diýen setir biziñ esasy şygarymyzdy. Şonda köplenç «Kerim aga dogrudanam halk şahyry, ol diñe halka ýakyn boljak bolýar, şondan ýokary derejede däl, Gurbannazar intelligensiýanyñ şahyry, ol duýguda-da, akylda-da has çuñluklara azy urýar» diýen ýaly gürrüñlerem edilerdi.

Elbetde, Kerim aga halk içinde meşhurlygyndan başga hökümet tarapyndanam sylanardy. Ol heniz 37 ýaşynda halk şahyry diýen derejäni alypdy. Sylagly redaktordy. Bu bolsa onuñ zehinine görüplik edýänleriñ, bahyllaryñ gonjuna gor guýardy. Ýazyjylar soýuzynyñ işiginde «edebiýatda Kerim Gurbannepesiñ kulty bar, şol kulty ýok etmeli» diýen gürrüñi gulagym bilen eşidenim şu günki ýaly ýadymda. Emma Kerim aga ol «kulty» wezipe bilen gazanmandy, poýeziýasy bilen döredipdi. Onuñ bir goşgusynda aýdylyşy ýaly, «Zehinliñ elinden zehinin alyp, zehinsize zehin bermek mümkin däldi». Emma haýp, zehiniñ hemişe ýagysy kän bolýar. Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn, «adamyñ zehini uly bolanda, bahyllar oña has agyr labyr atýarlar». Kerim aganyñam bahyllygu-içigaralyk edýänlerden ýüki ýetikdi.

Ol zaman edebiýatda açyk jedeller, metbugat sahypasyndaky diskussiýalar däl-de, eýsem, golsuz ýazylýan arzalar, Merkezi Komitete ilki satmak uly rol oýnaýardy. Şol pes usullaram ahyry türkmeniñ uly şahyryny ýykdy şekilli. Ol bu zatlary bildirmedik bolsa-da, megerem, redaktorlykdan gyrakladylyşyny, akademiklige hödürlenip, ses berlişikde garşysyna karam oýun guralyşyny ýüregine aldy. «Alla-alla, sowet döwründe kim-kimlere ýetdiren posly akademikligi ulus iliñ ýaz güli ýaly owadan poýeziýaly şahyryna rowa görmediler...» diýip, galamdaşlarymyñ biriniñ käýineni ýadymda. Bul oýunlaryñ hemmesi şahyryñ il içindäki meşhurlygynyñ garşysyna gurulýan gapanlardy, ýüregi nazarlaýan zäherli oklardy...

Kerim aga okyjy meselesinde görülmedik eserdeñlik görkezerdi. Ol hatda şygra düşünmejek okyjynam äsgermezlik etmezdi, özünden daşlaşdyrmazdy. Okyjylaryñ hatlaryna ýaltanman jogap ýazardy. «Tomus hem güýz ýazgylarynda» aýdyşy ýaly, ol egri agajyñ ýarsgynna gitjegini bilmän duranokdy, ýöne ýamanlaryñam ýagşy bolmagyny ýüreginden isleýärdi. Şonuñ üçinem olary gözellige, goşga, gowy ynsan duýgularyna ýakynrak saklajak bolýardy.
Şol maksat bilenem ol goşgularynda mümkin boldugyça ýönekeýlige, uly sadalyga, şonuñ bilen bir hatarda-da manylylyga, çuñluga üns bererdi. Bir göräýmäge onuñ goşgulary köplenç didaktika, ýagny öwüt-ündewçillige syrygýan ýalydy. Ýöne ol «Taýmaz babadan», «Gumdan tapylan ýürekden» soñ epiklikden saýlanmak bilen bolupdy.

Kerim aga edebi tankyda garaýyş babatda hem nusga goýdy. Tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiñ «Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy» atly makalasy çap edilip, şahyrlar mellegine daş zyñlan ýaly bolanda, ol sagdyn pozisiýa bilen çykyş etdi. Dogrusy, bu ýeñil däldi. Tankydy her kes kabul edip bilmeýärdi, tankydy pikir aýdan duşman bilinýärdi. Emma şol «duşmançylygy» birleri etmese, ýagny tankyt ýatyp galsa, ne edebiýat, ne sungat, ne medeniýet ösjekdi. Indi muña uly subutnama gerek däl. Ýöne muña garamazdan, şol döwürde tankydy öler ýaly gaty gören şahyrlaryñ biri tankydyñ ýok edileni üçin hökümdara minnetdarlyk bildiripdir. Emma hökümdarlar haýsydyr bir goşguçyny goramak üçin tankydy ýatyrmaýarlar, olaryñ aladasy özleri. Tankydy pikir, çekişme, jedel bolmadyk ýerinde halk ýanýar. Çäklilik, nadanlaşmak, öz-özüñden razylyk, boşluk başlanýar.

Kerim aga çuññur sowatly şahyrdy. Emma sowet döwri ony köp derejede çäklendiripdi. Ýagdaýa görä bolmak, ýazmak edebiýatda köpleri boş geçmäge alyp barýar. Hakyky şahyr bolsa diñe öz goşgularynda däl, eýsem terjime arkalam halkyna kän zat aýdyp ýetişýär. Muña Kerim aganyñ terjimeleri hem anyk mysal.
Ol amerikan şahyry Walt Witmanyñ (Walt Whitman) «Tekepbir şöhrat hakynda okan wagtym...» diýen goşgusyny şeýle terjime edipdi:
Kitaplarda okan wagtym şöhrat hem şöhrathon hakda, tekepbir prezident hakda, tekepbir general hakda -- olara gözüm gitmeýär. Ýöne weli okan wagtym adamlañ dostlugy hakda, Juwan wagty, kämil wagty, soñra bolsa garran wagty Birek-birege wepasy, mertligi, rastlygy hakda -- etimi çigligne iýip barýaryn. Sebäbi gözüm gidýär.

«Bir prezidente» diýen goşgy bolsa şeýle ýañlanýar:
Ähli edýän, ähli diýýän zadyñyz masgaralaýar Amerikañ adyny. Tebigatdan öwrenip bilmänsiñiz tebigatyñ syýasatyny: Giñligini, adyllygyny, deñlik alamatyny. Diñe şeýle syýasat bilen ýaşap biler Ştatlar. Irde-giçde ümür ýaly pytrar şondan başga syýasatlar.

«Iñ gowy sapaklaram» şol hili duşündiriş talap etmeýän terjimelerden:
Garşyña gidýänlerden, gözlerinde oky bolsa seni urjaklardan, Duşmançylyk edýänlerden, ýüz dürli ganojaklardan özüñe sapak aldyñmy? Ýa-da diñe özüñi magtaýanlardan haýran galyp başyn ýaýkaýanlardan, şanyña waspnama okaýanlardan sapak alanyñ bilen oñaýýarmyñ?
Kerim aga öz poýeziýa mekdebini döreden şahyr. Ol mekdebiñ esasy sütünleri wagtlaýyn şowhunam, owadan kapyýa-da, tehniki ussatlygam däl, pikir. Ine-de şol pikirlerden biri:

Ynam hakda, wepa hakda oýlansam -- Bir zat meni haýran edip, ýüregmi deşip barýar: Dünýädäki müñläp-müñläp adamlar özlerine ynanmaýan adamlañ yzyna düşüp barýar.

Galyberse, onuñ Puşkinden eden şujagaz terjimesi köp jedellere jogap:
Eý, Muzam, kaýyl bolgun takdyryñ permanyna, Agzyñy deñemegin özüñden egsik bile. Öwgümi ýa şyltakmy -- bolmasyn perwaýyña, Sanaşma samsyk bile.
Dogry düşüniñ, maña Kerim Gurbannepesi magtamak ýa ulaltjak bolmak gerek däl. Ol bu zatlara ne menden, ne başga birinden mätäç. Halk ony menden gowurak tanaýar, belki. Ýöne men Kerim agany ýatlap, edebiýat hem şahsyet baradaky käbir pikirlerimi aýtman bilmedim. Hytaý şahyry Li Ki «Ýazyjy güýçli hem gaýduwsyz bolmaly, sebäbi onuñ götermeli ýükem agyr, geçmeli ýolam uzak» diýipdir. Ýazyjynyñ ýüküni her men ýazyjy diýip orta gelen göterip bilenok, onuñ ýoluny geçip bilýänem gaty az. Dogry, gaýtalap aýdýaryn, Kerim aga öz döwrüniñ ogludy. Ol döwür türkmen edebiýatynda ägirtleriñ döremegi üçin mümkinçilik azdy. Arkada 37 bardy. Türkmen ýurdy kolonial ülkedi. Moskwa, Kreml, Lenin temasy baş temady. Emma şahyr şu kyn şertlerde-de halkyna gulluk etmäge çalşypdy, halkynyñ ýüregine ýol salypdy.

Megerem kynlygyny bilip-görüp, ol öz bütin döredijiliginde mertligi ündäpdi.
Ýol agyrdyr, müñ ýanylar, öçüler, Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler, Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, Sen öküz deý ýele garşy yñyp git! --
diýip pent edipdi. Bu pent şahyryñ ilki özüne, soñ öz galamdaşlaryna, şägirtlerine eden pendidi. Çünki ýazýan adamyñ sistema bir duşmany bolsa, göriplik, aýakdan aslyşýan kärdeşler iki duşmanydy, namartlyk, peslik hakykaty ýazjak bolýana iñ ullakan ýagydy. Şahyr:

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýolunda çat açmaýan polat bol, Çöl ýolunda tirkeş-tirkeş bulut bol, Teşne görseñ, dodagyna damyp git --
diýip, adamy ynsanyñ, adamkärçiligiñ beýik missiýasyna wepalylyga çagyrypdy.
Kerim şahyr hakyky halk şahyrydy. Ol bu derejä özüniñ halka juda ýakyn hem düşnükli goşgulary bilen eýe bolupdy. Kerim aga edebiýatda düşnükliligiñ, sadalygyñ tarapdarydy. Ýöne ol çylşyrymly poýeziýa-da uly gadyr goýýardy. «Bir şahyr bar, halk üçin ýazýar, bir şahyr bar, şahyrlar üçin ýazýar» diýerdi. Ol özüni şahyrlaryñ şahyry hasaplamazdy, halkyñ şahyry hasaplardy.
Köçämizde iki çaga uruşdy, Her gapydan ylgap çykdy bir aýal. Ak gapydan orta boýly Ogulşat, Gök gapydan uzyn boýly Aýjemal --
diýip, Kerim aga halkyñ durmuşynda bolýan iñ owunjak hem häsiýetli zatlary inçelik bilen tutmany başarardy.

Kerim aga öz wagtynda hemme zady döwrüñ üstüne atýanlary ýazgaryp ullakan poýema ýazypdy. Şol poýemada pikir ýöredilişine görä, döwür hemişe bir döwürdir, ol seniñ ejizligiñ üçinem, namartlygyñ üçinem günäkär däldir. Sen günäñ bar bolsa, ony döwrüñ üstüne atman, özüñden görmelisiñ. Şahyr bu beýik pikiri heniz şol döwürde, kommunistik rejim hökmürowanka aýdyp bilipdi.
Elbetde, Kerim şahyryñ döredijiliginde-de döwür, syýasat bilen baglanyşykly çäklilikler bolupdy. Emma şahyryñ kämillik ýyllarynda şol çäkliliklerden çykmaga synanyşyk edilip ýazylan goşgulary näçe diýseñ bardy. Kerim şahyr şygyrýetiñ beýik sepgitlerine, päkligine, açyklygyna, gözelligine üns berýärdi. Şahyr «Parahatlyk ilçisi» atly poýemasynda ilkinjileriñ biri bolup Gökdepe tragediýasyna ýüzlenipdi. Ýöne oña bu eserde etjegini etdirmändiler, ýüregindäkini diýdirmändiler.

Hawa, indi Kerim şahyr aramyzda ýok. Ýöne onuñ goşgulary halk bilen ýaşap ýör. Ol goşgular bizi mertlige, sadalyga, ynsan gözelligine, kämillige çagyrýar. Olar däne-däne bolup, akyl zerreleri ýaly, bir okanyñ ýadynda dur.
Öwrenip ilkinji harpy diýdiler, Gomalar şägirdiñ galpy diýdiler. Galp şägirtden boluñ hüşgär diýdiler, Emer-de, emjegiñ dişlär diýdiler...
Eýsem, şahyryñ şahyrçylyk senedini harlan häzirki zaman goşguçylarynyñ bir toparyna şundan beter baha bermek mümkinmi? Şahyr bu bahany özünden soñky edebiýat masgaraçylyklaryny görmän-bilmän berip gidipdi. Şahyr ýene, hamala, dirikä özüne daş ýadygärlik dikdirip ýören dünýä gülki «serdaryñ» dörejegini bilen ýaly, şeýle bir pendem edipdi:

Ýene bir gep, magtanmak däl, öwüt däl, Mazaryma daş oturtmak sargyt däl, Mele ýeriñ astynda-da daş gyt däl, Bakylyk şol, şol daşlara siñip git.

Bergen, 1-nji sentýabr, 1999
Yowshan Annagurban

Inga kommentarer: