lördag, maj 05, 2007

Oguz han ogullaryna birleşik sapagyny berýär.


Gulaş şahyr


Balkan amanmy?

Tarlanly
[1], tugunly[2], laçynly, guşly,
Howaly, belentli, altynly başly,
Jülgesi umgaly
[3], gollary[4] goçly,
Kap dagyň bölegi Balkan amanmy?

Ajy ýeli mydam öser köwlenip
[5],
Deger baran ança çaýlar towlanyp,
Jülgesinde aýrak, gulan
[6] awlanyp,
Kiçi Balkan, Boýa dagy amanmy?

Syrygar deresi, jülgesi akar,
Keýikler guzlaşar, tokarlar
[7] böker,
Çygyrşar ütelgi
[8], ganatyn kakar,
Perhadyň bölegi Gorgan
[9] amanmy?

Ümürli-dumanly, ýagmyr-ýagyşly,
Çeşmeli-çamyrly, bagly-agaçly,
Keýikli, gulanly, ütelgi guşly,
Uhydyň
[10] bölegi Küren[11] amanmy?

Kyn bolardy ýolsuz ýeriň aşmasy,
Gelişerdi bozly goýun çaşmasy,
Çendir, Summar ol jülgäniň çeşmesi,
Bedel ata, Molla jomart
[12] amanmy?

Bar suzanda
[13] barça daglar getirse,
Aýdym bilen tarypyny ýetirse,
Mydama ýazlaýyp, şonda otursa,
Gezin, Kenar, Jynly, Egren amanmy?

Çasamykda
[14] çaltja çaýlar zarlaşar,
Arwanalar, iner-maýja bozlaşar,
Ýigitler mes bolup, şonda gürleşer,
Düz meýdanly Akbaba ata amanmy ?

Galaňçadyr Sapa baýyr gizlegi,
Akja ýaýdyr boz jereniň guzlagy,
Agar, Semen, Çony, Şerep
[15] ýazlagy,
Ak kemerli, ala daglar amanmy ?

Ýigitleri keýik tutup gezermiş,
Gyz juwanlar altyn-kümüş düzermiş,
Bozly goýny çar tarapa ýazarmyş,
Ajy, Aladere jaýlar amanmy?

Degse baran çaltja başlawlar
[16] akar,
Onuň oty goýun-guzyga ýokar,
Döwletli baýlarmyz malyny bakar,
Uly diwan, Kemen jaýlar amanmy?

Otlag bolar dereleriň içleri,
Ýaýlag bolar Halwat, Haryň başlary,
Taryp etsem Soňudagy, daşlary,
İki gatda Şis
[17] pygamber amanmy?

Güýzeg bolar Töreteniň billeri,
Onda otyr igdir, köçek illeri,
Boz bulak bor, akar geler silleri,
Akbent, Masan, Alajalar amanmy?

Goýunlar mälese, maýa bozlasa,
Gyşlasa, güýzlese, mydam ýazlasa,
Eýäm döwlet berse, bärsin gözlese,
Uly diwan, Kemen jaýlar amanmy?

Gulaş şahyr garry watan ýatlasa,
Arwanalar, iner-maýa botlasa,
Kemal han dörese, kendin otlasa,
At çapylan däli meýdan amanmy?

--------------
[1] Laçyna meňzeş el guşy
[2] aw guşy
[3] Dag keýginiň tekesi (erkegi)
[4] Gol- yaşyl dere
[5] Aýlanyp
[6] ayrak (dag keýigi), gulan-Keýik, jeren
[7] Keýgiň çagasy
[8] Aw guşy
[9] Gala
[10] Ohod dagy- Arabystanda
[11] Uly- oba ady
[12] Ýer-ýurt atlary
[13] ?
[14] Ýer ady
[15] Tire-taypa atlary
[16] Çeşme, ýap
[17] Gadymy pygamberlerden

Inga kommentarer: