«Eger bizi ýedi gat ýere gömseñiz almaza öwrüleris,
eger-de bizi kül-owram etseñiz, ýyldyzlara dönüp, dünýä ýagty saçarys.»
Eme Sezer. Afrikan şahyry
Türkmen intellegentsiýasyñ
ر
şu günki ýagdaýyna syýný
Jemgiýeti herekete getierýänligi üçin syýasy adalgada/terminologiýada intellegentsiýa “lokomotiv” hökmünde baha berilýär. Biziñ intellegentsiýamyz şeýle baha mynasyp bolup bildilermi? Olar boýunlaryna düşýän agyr ýükden habarlymyka, iliñ-günüñ öñe gitmegine, täze menzillere aşmagyna ýardam edip bilýärlermi? Ýa-da halkyñ arkasyna “hopba” bolup, iliñ gerşini ýagyr gelýärlermi? Biz bu makalada Türkmen integellentsiýasynyñ geçmiş ýoluna ser salmaga syýnanşýarys.
Näme üçin Türkmen intellegentsiýasy
öz syýasy hereketini/partiýasyny döredip bilmediler ?
Ýakyn taryhymyzda ylaýta-da Orsýetde we Eýranda öwrüliş nokat hasaplanýan «konistitutsiýon revolutsiýasy/ meşrute ynkylaby» Türkmen topragyna-da gelip ýetdi. Aşgabatda we Kümüşdepede emele gelen şertlerden peýdalanan öñde baryjy güýçler Türkmen halkynyñ ýagty geljegi ugrunda göreşe girişdiler. Mugallým Muhammetguly Atabaýev Aşgabatda «Roozname-ýe mavera-ýe Hazar» gazetine redaktorlyk etmek bilen halkyñ dünýäde bolup geçýän waklarardan ylaýta-da 1-nji jahan urşuna gatnaşmaga mejbur edilen Türkmenler barada maglumat bermek bilen öz halkynyñ gözýetiminiñ ösmeginde uly rol oýnady. Edil şol döwürde Gürgen ýaýlasynda Kümüşdepede, Bäşýusgada, Omçaly ýaly ilatly ýerlerde Eýranda barýan ynkylaby hereketiñ täsiriniñ artmagy netijesinde Osman ahun, Rejep ahun, Annajan ahun Ýaraly ýaly öñde barjy Türkmenler öz halkynyñ bähbidini goramak ugrunda billerini guşadylar. Bu hereketleriñ netijesinde 1924-nji ýylda Türkmenistan Sovet Sosýalistik Respublikasynyñ (TSSR) hem-de Türkmensähra jemhuriýetiniñ düýbi tutulýar.
Şondan soñra bu iki milli hereket özboluşly akym bilen akmaga mejbur edilýär. TSSR Moskvanyñ penjesine düşýär, Türkmensähra jemhuriýetini bolsa Britanlaryñ dikmesi Yrza şah gana çaýkaýar.
Biz bu wakalaryñ jikme-jigine girmek islämizok, sebäbi ol bir makala sygmaýar. Esasy belläp geçmek isleýän meselämiz bu hereketlerde intellegentsiýamyzyñ halkymyzyñ peýdasyna oýnan roly hakynda. Mysal üçin şol döwürde äzerbegjanlylar, Kafkazdan gelýän ynkylaby tolkunlardan ylham alyp «Sosýal Demokrat» ýaly öz syýasy partiýalaryny esaslandyr magy başardylar. Emma biziñ Türkmenlerimiz Türkmenistanda bolup geçýän revolutsiýon hereketlerden täsir alyp bilmediler-elbetde munuñ ýene-de özüne mahsus sebäpleri bar, şeýlelik bilen Türkmensähraly Türkmen intellegentsiýasy kürtler ýa-da äzeriler ýaly özlerine degişli syýasy partiýany döredip bilmediler. Muña sebäp bolan esasy zat, Yrza şanyñ Türkmensährany gana çaýkap, olaryñ gözlerinde ot ýakandygy esasy sebäp bolsa gerek.
1944-nji ýylda Eýranda Gyzyl goşunyñ saýasynda dörän atmosferadan peýdalanyp, parslar «Tudeh» partiýasy esaslandyrýarlar. Özlerini sosýal-demokrat we azçylykda ýaşaýan halklaryñ tarapdary saýyp, olaryñ isleglerini-de şygar arkaly beýan eden bu partiýanyñ hataryna Gaýyp Bähelke, Sapar Ensary, Nurmuhammet Aşyrpur...ýaly Türkmen intellegentsiýasy topar-topar bolup girdiler. Ýöne bu pursatdan peýdalanyp bilmedik Türkmen liderleri, Tudeh partiýa «lepbeý aga» diýmekden başga roly oýnap bilmediler.
1950-nji ýyllardan soñra Eýranda SAVAK(rejimiñ ynkylaby hereketlere garşy ýörite gullugy سازمان امنیت و اطلاعات کشور) azatediş hereketlere goşulýanlary berk darap başlady. Şol döwürde partizanlyk hereketler bilen Mämetreza şanyñ rejimini agdarmak ugrunda göreş alyp baran «Halkyñ Fedaýylary» we «Halkyñ Mujahidleri» diýen gizlin hereketler esaslandy. Universitetlerde okap ýören Türkmen studentleri bu toparlar bilen tanyşyp, olar bilen gatnaşyp, azda-kände olaryñ bu ideýasyny Türkmenleriñ arasynda ýaýyp başladylar. Şanyñ howpsuzlyk gullugy bu hereketiñ köküne palta urmak maksady bilen 1971-nji ýylda 20-den gowrak Türkmen intellegentsiýasyny tussag edip, gyýnag astyna çekdi. Türkmenleriñ medeni ugurlardaky hereketleri, ylaýta-da Türkmenistandan ýarym gizlin getirilýän gazet-jurnallar bilen dowam etdi. Elbetde ol neşirlerde syýasatdan habar ýokdy, diñe ene diliñ ösmeginde kömek etdi diýýämeseñ, olarda revelutsiýon ideýalardan nam-nyşan ýokdy. Mysal üçin Eýranyñ çäginde ýaşaýan Türkmenleriñ milli azatediş hereketine, olaryñ avtonomiýa ugrundaky talaplaryna nädip ýardam bermeli diýen garaýyşlardan damja eser ýokdy. Esasan Eýran bilen SSSR Türkmen halkyny öz penjesinde gysyp saklamakda birmeñzeş syýasaty alyp geldiler.
1979-nji ýylda Eýranda monarhiýa rejimi agdarylýança Türkmenler özlerine degişli syýasy hereketi esaslandyryp bilmediler. Diñe şa tagytdan agdarylndan soñra Türkmenleriñ intellegetsiýa wekilleri şol sandan Şirmuhammet Tumaç, Hajytuwak Wahedi, Abdulhekim Magtym we Söýün Jürjäni...dagy «Medeni we Syýasy Ojak» diýen hereketi döretdiler. Muña bir söz bilen Türkmenleriñ ilkinji milli-syýasy guramsy diýip aýtsa bolýar. Biraz soñra ekerançylyk ýerleriñ daýhanlaryñ arasyna paýlanmak meselesi, feodallaryñ basyp alan ýerlerini gaýtaryp daýhanlara alyp bermek we ýer-suwda reforma geçirmek ýaly çäreleri guramaçylykly amala aşyrmak üçin «oba şuralar», olary bir ýere birigdirýän «daýhan birleşigi- it-tihadiýe rustaýy اتحادیه روستایی» we bularyñ hemmesiniñ bir merkezden dolandyrylmagy üçin «Şuralaryñ merkezi kargähi ستاد مرکزی شوراهای ترکمنصحرا» diýen sosýo-ykdysady gurama esalandyryldy. Ýöne mör-möjek ýaly çyrpynşyp ýören fedaýylar bu hereketleri haýal edmän öz ellerine almagy başardylar, ony mazmundan boşadyp, öz syýasy bähbitlerine öwürdiler. Muña Türkmen intellegentsiýasynyñ gözýetimiñ darlygy, olaryñ ýoñ bolup gelýän agzalalyk keseli, fedaýylaryñ köşgünde ýokary wezipelere eýe bolmak isleýänleriñ hyýanaty sebäp boldy. Avanturist Fedaýylar öz syýasy teoriýalaryny syýnagdan geçirmek üçin Türkmensährany laberatoriýa, Türkmen halkyny bolsa laberatoriýa şyçany hökmünde ulandylar. Bu syýnagda feadaýylaryñ «gany arassa bolan, olaryñ kesellidigi aýan boldy, ýöne olar öz keselini bütin Türkmensähra ýaýradyp, Türkmen intellegentsiýasyna bulaşdyrdylar, ahyrky netijede bir topar goç-goç ýigitlerimiziñ ölümine sebäp boldular.
1978-nji ýylyñ 26-njy martynda/6 ferverdin 1358 we 1979-njy ýylyñ 11-nji fevralynda/ 22 behmen 1358-da Eýran yslam rejimi iki gezek Türkmen topragyny gana çaýkady. 100-den gowrak halkymyzy şehit etdi. Rejimiñ ganly penjesine düşen ýok edildi, sürgüne iberildi, düşmejek bolanlar bolsa daşary ýurtlara, esasan-da Sovet Türkmenistana sygyndylar. Bu syýgynma prossesi 1983-nji ýyldan başlap 1999-njy ýyla çenli dowam etdi. Şeýlelik bilen 1924-nji ýylda Osman ahunyñ ýolbaşçylygyndaky hereket basylyp ýatyrlandan soñra TSSR-e başlanan bosgunlyk hereketi, 1945-nji ýylda Tudeh partiýasynyñ basylyp ýatyrylmagy netijesinde ýene-de dowam etdi, 1983-nji ýylda bolsa ýene bir gezek gaýtalandy.
Bosa-bosluk eden Türkmensähraly Türkmenler daşary ýurtda-da Fedaýylaryñ duzagyndan halas bolup bilmediler. Duzaga düşen bu Türkmenleri ellerinden sypdyrmajak bolup olar: «siziñ azatlygyñyz, bütün eýranlylaryñ azat bolmagy netijesinde hasyl bolar», «ýaşasyn eýran halkynyñ göreşjeñ ogul-gyýzlary»... diýen şygarlary öñe sürüp, bu Türkmenleri öz gullaryna öwürip, mañkurtlaşdyrdylar. Türkmenistanda-da parslar Türkmensähraly Türkmenlere agalyk etdiler, sebäbi öz Türkmen iline-gününe kem göz bilen garaýan käbir Türkmenler, fedaýylara öz halkyndan köp hormat goýýardylar.
Şeýdip ýene-de «Medeni we Syýasy Ojak» Fedaýylaryñ oýnawajyna öwrüldi we bu ýagdaýy 1986-njy ýyla çenly dowam etdi. Şondan soñra özbaşyna hereket etmeli diýen Türkmen topary bilen Fedaýylardan göbeklerini kesip bilmedikleriñ arasyna tow düşdi we ol henize çenli dowam edip gelýär.
Biri çykypde: «Ne bu toparyñ, ne-de ol tarapyñ aýdýanlary dogry, M.S.O/ KANUN kyýn şertde, agyr pursatda, onçakly oýlanşykly bolmadyk ýagdaýda döredilipdi, şoña göra munuñ ýerine ähli Türkmen intellegentsiýasy, esasan-da bosgunlykda ýörenler geliñ “Bosgunlykdaky Türkmen Demokrat Partiýasyny” ýa-da şoña meñzeş syýasy topar döredeýliñ.» diýmeýär, diýýän bar bolsa-da oña gulak asylmaýar. Gaýtam «Medeni we Syýasy Ojagy», «Medeni–Syýasy» ojagyñ dürli görnüşdäki ýazylşynyñ üstünde uly goh-galmagal turuzylýar, “Ojagy” edil “Ependiñ ýorganyna” öwrüp, hersi bir çetinden çekip, ony diýdýärler.
Häzirki höküm sürüp gelýän ýagdaý biziñ intellegentsiýamyzyñ gözgyny, ejizligini ýagdaýyny ýene bir gezek aç-açan subut etdi. Bir söz bilen aýdylandan obýektiv hem subýektiv sebäplere görä Türkmen intellegentsiýasy öz milli-syýasy guramasyny döredip bilmedi ýa-da döretmäge oña pursat berilmedi.
Birek-birege çydam edip bilmedik,
toleranssyz integellentsiýamyz
Gündogaryñ beýleki halklar ýaly biz Türkmenler-de gyzmaç millet. Ozal gürläp, aýtjak zadymyzy aýdyp soñra oýlanýarys. Biz Türkmenler örän tiz duýgulanýan, gyzyşy ýaly, tiz gahary ýataşan adamlar bolmaly. Elbetde beýle edim-gylymlar hakynda psihiki alymlar anyk maglumatlary aýdyp biler, biziñki diñe göze ilýärn we durmuşda özüni görkezip gelýän ýagdaýlardan ugur alyp bir zat aýytmak.
Garaz, biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ arasynda şeýle bir gyzmaçlyk, şeýle bir men-menlik, pañlyk, beýlekilerden öñ wezipä dyrmaşmak ýaly köp ýaramaz häsýetler ýaýrap kök urdy. Hemme zady özi bilermen, beýlekilere ynamsyzlyk, ýeke-mezeklik/individuallyk, toparlaýyn/kollektiv herekete kem baha bermek olaryñ oñaýsyz taraplarydyr.
Şeýle keselden saplanyp bilen ýagdaýynda, şahsy bähbitden milli bähbidi öñde goýan ýagdaýynda Türkmen intellegentsiýasy boýun alan il garamatyny maksada ýetirip biler, ýogsa başda agzap geçişimiz ýaly, iliñ boýnuna hopba bolmakdan başga zada ýaramaz.
Meniñ pikrimçe biziñ intellegentsiýamyz özleriniñ haýsy ugra, haýsy maksada doly hyzmat edýändigine doly göz ýetirip bilen ýagdaýynda negativ häsýetlerden daşlaşyp biler. Gyýnansagam biziñkiler nirä barýandyklaryny, nämä gulluk edýändiklerini özleri-de bilenoklar. “Türkmen-Türkmen” diýip, bir topary fedaýylaryñ, başga bir topary bolsa beýleki bir pars toparyñ guluna öwrülip, olara “ak ýürek” bilen hyzmat! edýändiklerini duýman ýörler.
Türkmen intellegentsiýasynyñ iñ uly keçiligi öz taryhyndan, milli däp-dessurlaryndan iñ ýamany ene dilinden habarsyzlygy ondan şermendeligidir. Olaryñ bir topary Ýefram han ermenini, Ysmaýyl han Semitgo kürdi, Kolenel Pesýany, Miraza Küçek hany, baryp Afrikadaky Nelson Mandellany, Latin Amerikadaky Çegovarany düýp-türşegi bilen tanaýarlar-has dogrusy olara oñat tanadyplar, emma Muhammetgulý Atabaýevi, Gaýgysyz Atabaýevi, Nedirbaý Aýtakovy, Arazmuhammet Wepaýevy, Kümşaly Böriýevi, Allaguly Garahanovy, Abdulhekim Gulmuhammedovy, Annadoltan Kekilovany, Paýzy Orazovy, Osman ahuny, Güllidag şiri Meredaly batyry, Annageldy Ajy, Aşyr Kütini, Çopan serdary... tanamaýarlar, hatta atlaryny hem eşiden bolmaly däl. Ýogsa ýokarda agzalan bu Türkmenler Stanlinçilik ýa-da pähleviçilik rejimine garşy göreşde gurban bolupdylar. Biziñkiler öz milli taryhyny öwrenmäge syýnanşyp, bu gerçekleriñ göreş ýoly bilen tanyş bolan ýagdaýynda özlerine dolanyp, öz halkynyñ bähbidini gorap bilerler diýip çak edýäris. Edil şonda intellegentsiýamyz bir ten, bir jan bolup, bir-birlerini göz göreji ýaly söýerler, gorarlar hem syýlap hormatlarlar, başgaça aýdylanda «Bir çukura tüýkürerler».
Milli mentalitetden,
ata-baba identitetinden daşlaşan intellegentsiýamyz
Geñ galmaly, diýseñ geñ galmaly, biziñ “intellegentsiýamyz” öz başarmadyk, başarmaýarn we başaryp bilmän gelýän işlerini, boýun agyr borçlaryny, ýüklerini başgalaryñ üstüne atmagy gowý öwrenipdirler. Olar ýokardan buýruk beriji komada düzgünden, sistemada daşlaşyp, ondan el üzüp bilmän gelýändiklerini her bir ädimlerinde, sözlerine aç-açan görkezýärler.
İntellegentsiýa gatlagy bir tarapdan ene dilimize eýe çykmaly, milli kimligimizi, identitetimiz, barlygymyzy goramaly diýýärler, aýry tarapdan bar güýji, “jany-teni” bilen Türkmen diliniñ köküne palta urup gelýän pars diline we medeniýetine gulluk edip, olaryñ dilinde gürleýärler, olaryñ dilinde ýazýarlar, muny görüp haýran galyp, otrup-oturyp geñ galyp, näme diýjegiñi bilenok. Käşki bular gödek söz bilen aýdylanda maýmyn ýaly bu üýkünmäniñ howpuny bilmeýän adamlar bolsady, bilýänleri “doñuz beter” bilýärler. Biziñ dilimiziñ, medeniýetimiziñ niresi parslaryñkydan pes diýesiñ gelýär. Baryp 15-njy asyrda alym Alyşir Nowaýy «Muhakimet ul logateýin محاکمه الغـتـین diýen eserinde Türki diliniñ pars dilinden üstündigini, söze baý dildigini subut etdi. Pars dilçileri şondan bäri muña jogap berip bilmän gelýärler, dogrusy näme jogap bersinler, hak söze jogap bolarmy? Bu zatlary bilip, bir tarapdan «aý, el çeksene näme etseler şony etsinler-de, gepe-ha gulak asanoklar, goý, pälleri ýoldaşlary bolsun» diýesiñ gelýär, aýry tarapdan internet ýaly serişdelerden giýñ köpçülige ýüzlenýändigini nazara alyp, olaryñ ile-güne hyzmat etmeýändiklerini görüp sesiñi çykarmanam bolanok.
Golaýda Kümmetgowuzda «Türk-Türkmen» dili konferensiýada çykyş eden Ýüsüp S, pars dili we medeniýetiniñ agalyk edýän atmosferasynda Türkmen dilinde çykyş edip, ene mähri bilen badaşan ene dilimize abanýan apatlary hakyndan gyzykly gürrüñ berdi. Ýüsüp S. çykyşynda Şvetsiýada ene dilinde okajak bosgunlara şol döwletiñ mümkinçilik berýändigini jaý ýerinde belleýär, ýöne edil şeýle açyk jemgiýetlerde, Ýevropanyñ dürli döwletlerinde öz ene dillerine buýsanyp, ene dilinde ýazmaga mümkinçiligiñ bar bolan döwletlerde ýaşaýan we özlerini «Türkmen halkynyñ milli hak-hukuklaryny goýajylary» hökmünde agyzlarynda aş gatykladýanlar, dermanlyk üçin ene dillerinde ýekeje gezek-de çykyş edmän gelýärler. Belki olar başarýandyr däldirler?! Pars dili bilen alynjak gala bar bolsa alynardy. Biziñ çorba çykan syýasatçylarymyz baryp 40-50 ýyldan bäri pars dilinde nutuk edip, märeke-meýlisde bu dilde doklad edip geldiler we gelýärler. İndi ýeter, has bolmanda halkara dillerde inglisçe, almança, fransuzça çykyş ediñ. Aý howa-da pars diline gulluk edip, başga dilleri öwrenmäge elleri ýeten däldir-dä.
Günä kimde?
Biziñ intellegentsiýamiz öz ene dilinde okap, ýazyp bilmeseler, «gara maýak» halkdan nämä garaşmaly diýýänler-de bar. Men bu mesele-de başgaça oýlanýaryn, oba ýerlerine baryp görüñ, ol ýerde “pars medeniýeti” diýen mikroba ýokaşmadyk, ýugrulmadyk, ene-atalarymyz arassa Türkmençe gürläp, bir topar men diýen intellektuallarymyzy gaýra oturdýarlar, sag bolsunlar, uzak ýaşasynlar.
Biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ ata-baba medeniýetlerinden daşlaşyp, hatta Türkmençe ýazyp ýa-da okap bilmeýäniniñ sebäbi näme, munuñ günäkäri kim? Agalyk ediji pars dilinde hatly-sowatly bokandyklary üçin, ene dilden mahrum galandyklaryny öñe sürmekleri mümkin. Meniñ pikrimçe bu hakykatyñ barysy däl-de, ýarysy. Sebäbi öwrenmäge hemişe pursat bar. Pars mekdebine gitmän, Türkmençe goşgy-gazallary düzen şahyrlarymyz azmy? Bagşy Annamuhammet Kötügi ýakeje klasda parsça okamandy emma onuñ batly sesi bilen aýdan «Dostlar! biziñ illerimiziñ merdanadar ýigitleri», «Daglar gümmürlendi» diýen aýdymlaryny eşideñde, şeýle bir ruhlanýarsyñ, arzu-hyýallaryñ şeýle bir ganatlanýar welin, añyrsy ýok. Müñ sany syýasy propagandany ündeýän makaladan güýçli bu jadyly sesler. Halypa Gazak Pañ, Nazarly Mehjuby ýalylar, öz döwründe ol ýa-da bu syýasy partiýanyñ- has dogrusy gula öwrürýän pars guramalrynyñ hatarynda göreşen Türkmenlerden kän-kän, öz halkyna hyzmat etdiler we myras galdyran ajaýyp eserleri, simfoniýalary bilen bizi jadylap gelýärler. Emma mysal üçin “Tuda” partiýasynyñ hatarynda göreşen, heniz aramyzda ýaşap ýören ýa-da dünýälerini täzelän bir topar ýaşullarymyz, ýaş nesile haýsy bir buýsandyryjy zady miras galdyrdylar, ilimizi galkyndyryp biljek haýsy hyzmaty etdiler, haýsy zady ýadigär galdyrdylar?
Kämahal gaharymyz gelip: «30 ýyllap Türkenistanda bolup geldiler, kelam agyz şol ýerdäki hakykatlar barada dil ýarmadylar, ýaş nesiliñ SSSR baradaky hyýalbentliginden halas bolmaga damja kömek etmediler» diýip, ozalky bosgunlara, ýaşullarymyza ýüzlenýäris.
Ýene-de agzap geçmeli esasy bir mesele-de syýasy hereketlere ýolbaşçylyk edýän käbirleriñ gypynç edmän özlerini «eýran Türkmenleriniñ ... guramasy», «eýranly Türkmenler» diýmekleri. Bular nädip öz topraklaryny, öz halkyny eýranyky diýip bilýärlerkä?! Has üwläp-çydap bilmeseñiz «İlerki Türkmenistan», bolmanda häzirlikçe «Türkmensähra» diýiñ bir ahyry.
Öz halkynyñ medeniýetinden daşlaşan, öz ene dilinde gürläp bilmeýän, Türkmençe ýazyp bilmeýän “intellegentlere”-de şeýle ajy ykbalyñ garşýanlygy iküjsizdyr.
Hiçden giç ýagşy !
Daşary ýurtlarda Türkmenler tarapyndan ýola goýlan internet site-larda ýerleşdirilýän materiallarynyñ 95%-den gowragy pars dilinde, ýurduñ içinde bolsa tas 100% şeýleräk. Ýurduñ içindäkilere diñe bir zat diýesim gelýär: «Eger ene diliñde ýazyp bilmeýän bolsañyz, ýa-da ýazdyrmaýan bolsalar, onda pars dilinde ýazyp, bu dile hyzmat etmeñizi bes ediñ. Siziñ pars dilini reklama etmegiñiz halkymyza zyýan bermekden başga zat däl. Siziñ pars dilinde azap edip taýýarlaýan we pars dilinde neşir edýän maglumatlary parslar okaýandyr oýdýäñizmi? Käşki maglumatlaryñyzy mysal üçin inglis dilinde taýýarlasadyñyz, şonda rejimiñ Türkmenleri ezip horlap gelişi barada halkara hukuk goraýjy guramlar habarly bolardy, belki ile-güne peýdasy ýeterdi.
Ýurt daşynda internet ýa-da weblag-lar arkaly halkymyzyñ beýnisini zäherleýänleriñ günäsi, ýurduñ içindäkilerden köp bolsa köpdür, az däldir, sebäbi bular özlerini syýasy aktivistler, polit/syýasy emigrantlar diýip her iki sözde döşlerine kakyp, tumşuklaryny depä tutýarlar. Şoña görä bularyñ bizi ezip aýak astynda alyp gelýän pars diline we medeniýetine bile-bile edýän “hyzmatlaryna” halkymyz öz wagtynda gerekli jogaby berer diýen tama hem-de dogrudanam balyk başyndan porsaýan eken diýmek bilen sözümi jemleýärin.
Parag şäheri
1-nji maý 2007.ý
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Inga kommentarer:
Skicka en kommentar