tisdag, april 03, 2007

Yatdan çykmaýan setirler!

Aşakdaky goşgy 1316-njy ýyllarda Eýranyñ ylmy merkezlerinde,hasam afisserler okuw jaýynda söweşjeñ we aýdyñ pikirli türkmenleriñ birnäçesini ele salanlaryndan soñ, türkmensährada, ylaytada kümüşdepe-de bolanlaryñ arasynda uzak wagtlap dilleriniñ senasy bolupdyr.
Gynansakda goşgynyñ şahyry ýada ýazyjylary şu çaka deñiç bize näbelli. Dogrusynda bu goşgy, Rezahanyñ türmelerinde şehit bolan Hajyhan oguzynyñ ýadigär ýeke perzendi Enekäbe oguzynyñ tarapyndan bize ýetişdi.
Biz Enekäbe ejekeden bu goşgyny indiki nesillere ýetirmek üçin uzak möhletiñ dowamynda öz ýiti zehininde saklany barada minnetdarlyk bildirmek bilen oña uzak ömür we berk jan saglyk arzuw edýäris.

¤¤¤¤¤¤

Başlygymyz Nurymagtym Gökleñi,
Hajihan,Gurbanhan, ol kyýathany,
Elýas ballym bilen,ol Kerimjany,
Olary hem nejat bergin hudaýym.

¤¤¤¤¤¤

Iñ-yzyndan getirdiler Nepesi,
Dargandyrda garadagyñ depesi,
Ol,onda diýip hassadyr oñ hemmesi,
Hassa jany nejat bergin hudaýym.

¤¤¤¤¤¤

Iki Rejep atdaş bolan adynyñ
Otagy,hemsaýa salnan Dawudyñ,
Yykyñ kärhanasyn, için awudyñ,
Golunda ynsaby bolmaz çaýşygyñ.


Enekäbe ejekäniñ goşgusyndan bir küplet.

Üç ýaşymda äkitdiler atamy,
Dört ýyldan soñ ýok etdiler käbämi,
Şondan bäri meniñ çeken jepamy,
Aýdar bolsam daglar-daşlar ereýär,
Garyp başym dertler bilen ýöreýar,

2007-04-03

Inga kommentarer: