onsdag, april 04, 2007

Hormatly ildeşler!

Türkmeniñ göreşjeñ ogly Nurgeldi (Hajy han) Oguzynyñ bir gyzy bilen bir ogly bolýar. Ogly dünýäden gaýytdy. Gyzy Ene käbe bolsa häzir daşary ýurtda ýaşaýar.
Golaýda «Kanunyñ» internet sitynda Ene käbäniñ ýatlama goşgusy neşir edildi. Taryhçy hökmünde goşgyda agzalan atlara käbir düşündiriş bermegi makul gördüm.
Akmyrat Gürgenli

Başlygymyz Nurymagtym[1], Gökleñi [2],
Haji han[3], Gurban han[4], ol kyýat hany[5],
Elýas [6] ballym bilen, ol Kerimjany[7],
Olary hem nejat bergin hudaýym.

¤¤¤¤¤¤

Iñ yzyndan getirdiler Nepesi [8],
Dargandyr-da garadagyñ depesi,
Ol, onda diýip hassadyr [9], oñ hemmesi,
Hassa jany nejat bergin hudaýym.

¤¤¤¤¤¤

İki Rejep[10] atdaş bolan adynyñ,
O Tagy[11], hemsaýa salnan Dawudyñ[12],
Ýykyñ kärhanasyn, için awudyñ,
Golunda ynsaby bolmaz çaýşygyñ[13].



Enekäbe ejekäniñ goşgusyndan bir küplet:

Üç ýaşymda äkitdiler atamy,

Dört ýyldan soñ ýok etdiler käbämi,

Şondan bäri meniñ çeken jepamy,

Aýdar bolsam daglar-daşlar ereýär,

Garyp başym dertler bilen ýöreýar.


2007-04-03

¤¤¤¤¤¤



[1] Nury Magtym: Ofisserlik fakultetiñ studenti (intellegent), Sapar Hatyby bilen bile tussag edilen.
[2] Täçberdi Gökleñ: intellegent. Nury Magtymyñ ýakyn dosty.
[3] Hajy han oguzy: intellegent-Hakyky ady Nurgeldi. Ýokary ylym almak üçin Türkiyä giden emma näsaglygy sebäpli yzyna gaýdyp, milletçilikde aýplanyp tussag edilen.
[4] Gurban han: Kümüşdepäñ öñde baryjy aýdyñ pikirli adamlaryndan. Tudeh partiýasynyñ belli aktivisti Araz Kyýadynyñ dädesi.
[5] Araz Kyýady.
[6] Elýas, Nury Magtymyñ dogany; Reza şanyñ döwründe tussag edilen.
[7] Kerim Nazeri: Syýasy aktivist: Tudeh partiýadan.
[8] Nepes Kemaly (Mehmiýany): Solçy topardan aktivist.
[9] Türmede hassa ýatan dädesi Nurgeldi (Hajy handan) maksat.
[10] Bir Rejep: Meşhur Ahmed Gürgenliniñ dädesi Rejep ahun; ol-da öz döwründe syýasy hereketlere gatnaşan
[11] Tagy Mehmiýany: öz wagtynda Osman ahunyñ hereketinde aktiv rol oýnan adam.
[12] Erjomentlerden.
[13] Reza şa-dan maksat

Inga kommentarer: