Yglan etmäge degişli däl.
Gürgen ekspedisiýon otrýady boýunça buýruk № 15
Kümmetgowuz şäheri. 1917-nji ýylyñ 4-nji ýanwary
§1.
Pitneçileriñ elinden alnan mallary kabul etmek we gowşurmaly ýerine tabşyrmak üçin hem-de ýomutlaryñ ähli ýabylaryny, mallarynyñ ýarysyny we öýleriniñ ýarysyny rekviziýalamak (garamat alamak) üçin general-maýor Volkovnikowyñ başlyklygynda we çlenler: polkovnikler Stržalkowskiden, Mihaýlowdan, goşun starşinasy Zaýjewden, podpolkovnik Derfeldinden we otrýad kontrolýory jenap Bažinden ybarat düzümde bellenilýän komissiýa 3 komissiýa bölünip, ýagny 2 ýerli (Kümmetde we Garasuwda) we göçme komissiýa bolup hereket etmelidir.
General-maýor Volkownikow şu ýylyñ 6-njy ýanwaryna çenli iş planyny işläp düzmelidir we tassyklamaga bermelidir.
§2.
Degişli ýerine tabşyrmak üçin ähli düýeleri we türkmen arabalaryny goşun bölümleriniñ we edaralarynyñ naçalnikleri iki hepdelik möhlet içinde Kümmet şäherindäki komendanta tabşyrmalydyrlar. Şu buýrugyñ ýerine ýetirilişi hakynda habar bermelidirler.
Vosstanie 1916 e. v Turkmenii... — S, 179—180.
Gürgen ekspedisiýon otrýadynyñ naçalnigi general-maýor Madritow.
№ 117
Zakaspi oblastynyñ naçalnigine Orsýetiñ
Eýrandaky serhet komissary Mihaýlowyñ
1917-nji ýylyn 6-njy fewralyndaky № 268 raporty
Komissarlygyñ sebitlerinde pitne turzan ilatyñ hem-de oña kömek beren ilatyñ ýaragyny, malyny we öýlerini rekvizijiýalamak üçin meniñ başlyklygym astynda ilkibada bir komissiýa döredildi, emma general Madritowyñ otrýadynyñ bu ýere gelmegi bilen, jezalandyryjy otrýadlar tarapyndan zor edilip alynýan ýaragyñ, malyñ we emläkleriñ gelmegi örän köpelip başlady, şoña görä-de Gürgen otrýadynyñ buýrugy boýunça dört kommissiýa: Garasuwda bir, Akgalada bir we Kümmetgowuzda hem bir komissiýa döredildi, özünem olaryñ, biri ýaragyñ, eýleriñ hem-de emläkleriñ rekviziýa edilmegine, beýlekisi malyñ rekviziýa edilmegine ygtyýar edýärdi, şol komissiýalaryñ iñ soñkusy meniñ başlyklygym astyndady.
Soñra mallaryñ we ýabylaryñ köp gelýändigine görä, ýabylary rekvizijiýalamak üçin ýörite komissiýa bellenildi, Meniñ başlyklygym astyndaky komissiýa şu wagta çenli goşunlardan we ilatdan segsen bäş müñe çenli goýun, dört mün dokuz ýüz düýe, iki mün, bir ýüz otuz sygyr we bir ýüz alty sany gäwmiş kabul etdi, general Madritowyñ buýrugy boýunça sygyrlaryñ we goýunlaryñ bir bölegi göçürilip getirilen rus ilatynyñ, posýoloklary pitneçiler tarapyndan talanan watgynda olaryñ çeken zyýanynyñ öwezini dolmak üçin şolara berildi. Galan sygyrlaryñ hemmesi we goýunlaryñ kyrk dört müñe golaýy Esengula iberildi hem-de duzlamak we hereket edýän goşuna ibermek üçin Bütinrussiýa zemstvo soýuzynyñ upolno-moçennysyna tabşyryldy. Rekvizirleneñ düýeleriñ iñ güýçlülerinden bir müñ bäş ýüz altmyşysyny transportlary Döretmek üçin intendant gullugyna berilmeli edildi, bu iş häzirki wagtda gutaryp barýar. Düýeleriñ bir bölegi Gürgen otrýadynyñ bölümlerine agyr ýükleri daşamak üçin wagtlaýyn peýdalanmaga berildi, galanlary Zakaspi oblastynyñ admnistrasiýasyna tabşyrmak üçin ýakyn günlerde Beum-Başiýä(?) iberilýär.
Pitnäni köşeşdirmek boýunça goşunlaryñ öñünde goýlan wezipäniñ çözülendigine görä, gözegçilik ýerlerine we obalara aýlanyp, bar bolan mallaryñ hem-de öýleriñ sanyny, jezalandyryş ekspedisiýalary wagtynda goşunlar tarapyndan eýýäm alnan mallaryñ we öýleriñ sanyny aýdyñlaşdyrmak arkaly mundan beýläkki rekvizisiýany/urş jerimesi/ komissiýalaryñ özleri geçireler, berilmeli mallaryñ we öýleriñ berilmedik bölegini zor edip almak baradaky işi gözegçilik ýerlerinde geçirmeli bolar, sebäbi öýleriñ we malyñ sany hakynda bizde barlanylan hiç hili maglumat ýok diýen ýalydyr, şonun ýaly-da bu zatlary goşunlaryñ haýsy obalardan we näçe alandygy belli däl.
Bu hakyky barlagy geçirmek üçin men komissiýanyñ ygtyýaryna berlen ofiserleri we meniñ ygtyýaryma iberilen 3-nji “Teke” işçi sotnýasyny(100-lik topary) peýdalanmak isleýärin, bu sotnýany ýomutlardan alnan ýabylaryn hasabyna atly sotnýa etmek zerur, muña şu wagta çenli rugsat ýok, bu bolsa işi bökdeýär, Kümmetgowzuñ töweregindäki çomur, ganýokmaz, tatar, salak we gojuk taýpalaryndan başga, gozgalañ wagtynda bu ýerde bolan ähli ýomutlar Madritowyñ, buýrugy boýunça rekvizisiýa degişlidir.
Sarysuw derýajygynyñ we Garnawa suwuñ boýunda ýaşaýan obalardan başga, Gökleñler hem rekviziýadan boşadyldy. Ol obalardan bolsa özleriniñ pitneçilere azyk we mal iýmini berendikleri üçin topalañçylardan alynýanynyñ diñe ýarysy möçberinde rekvizijiýa almak buýruk edildi.
Sarysuwuñ ýakasynda ýaşaýan obalardan goşunlara yhlas bilen kömek berendikleri üçin Işan obasy we Baýandar obasy rekvizisiýadan boşadylýar.
Diñe bir Işan obasyndan başga, rekvizisiýadan boşadylanlary-da aradan aýyrman, hemme ýomutlaryñ we gökleñleriñ ähli ýabylaryny hem-de eşeklerini almak buýruldy, bu soñky buýruk ekerançy ýomutlar we gökleñler üçin has agyr bolar, çünki olaryñ düýeleri ýok hem-de olar özleriniñ ýaşamagy üçin zerur ýük daşaýyş serişdelerinden bütinleý mahrum bolarlar, sebäbi bu taýpalaryñ ýabylarynyñ aglaba köpüsi ýomut tohumyna degişli däl-de, ýabylaryñ işçi tipine degişlidir, men iş ýabylarynyñ we eşekleriñ olara galdyrylyp, diñe ýomut tohum atlaryny almagy ülkäniñ naçalniginden haýyş ederdim, ähli gökleñleriñ hem-de parahat bolup galan ýomutlaryñ gozgalaña gatnaşmandygy we azyk önümleri, ot-iým, öý hem-de ýük daşaýyş serişdeleri bilen üpjün etmekde rus goşunlaryna yhlasly kömek berendikleri üçin munuñ özi has hem adalatly bolardy.
Mende bar bolan maglumatlara görä, ozalky arçyn Mergeniñ obasyndan başga, gozgalañyñ esasy günäkärleri bolan rus raýatlygyndaky göçegçi ýomutlaryñ hemmesiniñ öz bermeli işçileriniñ degişli sanyny bermän, şonuñ ýaly-da ýaraglary, eýleri we özlerinden kontribusiýa/jerime görnüşde almaga degişli mallary tabşyrman, Zakaspi oblastyna göçüp gitmäge ýetişendiklerini munuñ üstüne goşup aýtmagy öz borjum diýip hasap edýärin. Adalatlylyk bu zatlaryñ hemmesini olardan zor edip almagy hem-de olaryñ çäre görülmän galdyrylmazlygyny talap edýär.
Şu ýokarda beýan edilenleri Siziñ alyhezretiñiziñ dykgatyna ýetirýärin.
Gol çeken: komissaryñ wezipesini ýerine ýetiriji, polkovnik Mihaýlow. Gol dogry: iş dolandyryjynyñ deregine, praporçik (gol düşnükli däl).
Vosstanie 1916 g. v Turkmenii... — S. 205—207.
№ 118
Polkovnik Han Ýomudskiniñ telegrammasy
Asgabat oblast komissary Dorrere, Krasnowodskiden
№ 90. Kabul edildi 3-1U-1917 ý. 90/1077
Gürgeniñ tozdurylan ilaty ilatdan zor bilen alnan ähli mallaryñ martyñ dowamynda ilata gaýtarylyp berilmegini buýrmagyñyzy haýyş edýär. Kvitansiýa (kagyz-resid) berilmän alnan öýler hem ilata gaýtarylyp berilmeln, kvitansiýa- berlip ilatdan alnan öýler üçin bolsa pul tölenmeli, goşunyñ hajatlary üçin ilatdan alnan öýler gaýtarylyp berilmeli we galyberse-de, ilatdan alynýan her hili täze rikvizisiýalar/urş jerimesi/ bes edilmeli, çünki ilat halys tozduryldy we oña açlyk howpy abanýar. Birnäçe gün mundan öñ söwda etmek we gaýyklarda harytlary getirmek türkmenlere gadagan edildi, bu gadagan etmäni ýatyrmagy haýyş edýärler.
Bu buýruklary komissaryñ we Gürgendäki- goşunlaryñ naçalnigi/başlygy/ arkaly amala aşyrmak zerur.
Türkmenleriñ wekil bellemegi boýunça Han Ýomudskiý.
Vosstanie 1916 g.v Turkmenii... — S, 241—242.
№ 119
Harby ministre general-adýutant
Kuropatkiniñ dokladyndan göçürme
... İlkinji tertipsizlikler awgustyn ortalarynda Etrek derýasynyñ etraplarynda ýüze çykdy, awgustyñ ortalarynda, şu aýyn 15 we 16-njy günlerinde türkmenler garawullarynyñ sanawyny düzmek üçin Çekişlere gelenlere ýaragly garşylyk görkezdiler... Aýyñ ikinji ýarymynda ýomutlaryñ uly märekeleri rus çäklerinden pars şäherlerine göçüp başladylar. Bu göçhä-göçlük sentýabrda hem dowam etdi, özünem Krasnowodsk uýezdinden ýomutlar 2000-den-de köp öýlüsi Eýrana göçüp, japarbaýlar we ak Atabaýlar taýpalarynyñ örän köp bölegini öz tarapyna çekdiler...
Sentýabryñ 25-nden 29-a çenli türkmen taýpalary Gürgen derýasynyñ etraplarynda rus mülkleriniñ, 3-sini derbi-dagyn etdiler we biziñ obalarymyzyñ üstüne ençeme gezek çozdular, şonda 4 oba weýran edildi we 2 oba uly zyýan ýetirildi, bu obalaryñ ýaşaýjylary rus goşunlarynyñ goragy astynda Kümmetgowuzyñ ýanyndaky obalary äkidildi.
Biziñ araba kerwenini hem-de azyk transportyny goramak uçin 100 naýzaly we 150 gylyçly, üç pulemýotly/moselsel/ iki toply 30-njy sentýabrda Çatly/Çat/ galasyndan Kümmetgowza ugran otrýadymyz ýolda barýarka pitneçileriñ çalt atýan tüpeñler bilen ýaraglanan uly toparynyñ çozuşyna 2 gezek sezewar boldy...
Etrek we Gürgen etraplarynda bolup geçen wakalar oktýabr aýynda Zakaspi oblastynyñ Astrabadyñ ýakynyndaky başga ýerlerine-de öz täsirini ýetirdi, bu wakalar biziñ Tejen sebitindäki demirýol desgalarymyza, stansiýalarymyza talañçylykly çozmak hem-de demirýol relslerini, köprüleri haraplamaga synanyşmak formalarynda ýüze çykýardy. 6-njy oktýabrda Tejen şäherine duýdansyz çozmaga edilen synanyşygyñ öz wagtynda öñi alnyp, ol yzyna serpikdirildi, şonda atyşyk wagtynda biziñkilerden aşaky çinlileriñ 8-si öldürildi we Köpri sakçysy agyr ýaralandy. İlat tarapyndan berlen garawullardan Saragt şäheriniñ ýakynynda toparlar düzülende bu topary zorluk arkaly almak maksady bilen üstümize çozuş edildi, emma ol Tejene sag-aman geldi...
Ýomutlara garşy hereket etmek üçin dekabryñ başlarynda general Madritowyñ umumy naçalniklkgi/baş bolmagy/ astynda Gürgen otrýadyny/toparyny/ emele getiren, aziýa möçberi boýunça örän uly guýç (6 batalon,-gordan 15 sotnýa-guruhan, 18 top we 17 pulemýot) toplanyldy...
Dekabryñ dowamynda general-leýtenant Madridowyñ ekspedisiýasy/ýörişi/ wagtynda biziñ ýitgilerimiz şu aşakdakylardan ybarat boldy: ofiserleriñ 2-si we aşaky çinlileriñ/rutbe-dereje/ 30-sy öldürildi, aşaky çinlileriñ, 28-si ýaralandy hem-de aşaky çinlileriñ 2-si dereksiz ýitdi. Ýomut pitnesiniñ bütin dowamynda bolsa ofiserleriñ 2-si we aşaky çinlileriñ 59-sy öldürildi, ofiserleriñ 2-si we aşaky çinlileriñ 59-sy ýaralandy hem-de aşaky çinlileriñ 3-si dereksiz ýitdi. Bulardan başga-da, telegraf çinovnikleriniñ/toparynyñ/ 1-i öldürildi. Göçürilip getirilen ruslaryñ arasyndaky ýitgi heniz aýdyñlaşdyrylanok, emma ujypsyz: olaryñ çeken maddy ýitgileri bolsa takmynan 300.000 manat töweregidir.
Ýomut türkmenleriniñ baştutanlarynyñ tutulyp bize berilmegi hem-de olaryñ esasy baştutany Babagylyjyñ ötünç sorap gelmegi bilen, häzir bütin Türküstan ülkesinde tertipsizlikler we gozgalañ ýatyryldy diýip ykrar etmek bolar. Harby çäreleriñ görülmegi hem-de özünden nämäniñ talap edilýändiginiñ ilata asudalyk bilen düşündirilmegi, zger talaplar ýerine ýetirilmese, özüne nämäniñ garaşýandygynyñ berk görkezilmegi ýerli ilaty akylyna aýlandyrdy. Rus häkimiýetine garşylyk görkezmäge güýjüniñ çatmajakdygyny ol ykrar etdi we işçileri bermek hakyndaky belent erk-islegi hemme ýerde ýerine ýetirýär...
Türküstan ülkesinde tertipsizlikleriñ esasy sebäpleri!
a) Türküstanyñ ýerli ilatynyñ işçi/bigari/ bermäge çagyrylmagynyñ tertipsizlikleriñ bahanasy hem-de iñ ýakyn sebäbi bolandygy gümansyzdyr. İşçileri dessine bermegi talap edip, örän howlukmaçlyk bilen berlen bu çagyryş ülkäniñ ilatyny-da, administrasiýasyny-da/edary gurluşlaryny-da/ agyr ýagdaýda goýdy. Maşgala sanawlarynyñ bolmazlygynda we ýaşlary boýunça ilatyñ registrasiýasynyñ/hasaba alynmagynyñ/ bolmazlygynda ülkäniñ 19-dan 31 ýaşa çenli erkek ilatynyñ işçilige berilmeginiñ talap edilmegi tehniki taýdan ägirt uly kynçylyk bolup durýardy we şol bir wagtyñ özünde hasyl ýygnamak boýunça işleriñ gyzgalañly döwründe esasy işçi güýjüni almak bilen, ülkäniñ ilatyny iññän agyr ýagdaýa saldy.
Her hili myş-myşlar halkyñ arasyna çalt ýaýraýardy we ony çun tolgundyrýardy. İşçileriñ ýygnalmagy ýerli ilatyñ harby borçlulyga aç-açan görnüşde çekilmegi bolup durýarmyş diýen habar örän erbet täsirli boldy. Olaryñ ýerlerini göçürilip getirilen ruslara bermek maksady bilen olary gyrmak üçin bu işçiler hakyky uruş hereketiniñ sferasynda/täsirinde/ işlediljekmiş diýen ýaly myş-myşlar hem ilaty tolgundyrýardy. Sud/dadgah/ seljermesiniñ aýdyñlaşdyryşy ýaly, ýerli ruhanylaryñ käbir wekilleriniñ gatnaşmagy bilen syýasy äheñde hem käbir halatda ýerli ilatya arasynda agitasiýa/tehrik/ ýöredilýärdi...
b) 1887-nji ýylda Türküstan ülkesiniñ dolandyrylyşy baradaky ýagdaýdan närazylyk...
Türkmen ilatynyñ esasy köpçüligi bolan tekeler asuda boldular.
Bu ilat tarapyndan doly suratda diýen ýaly berlen teke polky biziñ şöhratly goşunmyzyñ hatarlarynda edermenlik bilen söweşdi...
Hywa hanynyñ tabynlygyndaky ýomutlaryñ beýleki topary Hywa hanlygynyñ ilatynyñ ýaşaýşynyñ asuda geçmegine häzire çenli hem uly wehim bolup durýar...!
Soralýar
Türkustandan işçileri ibermek boýunça we belent erk-islegiñ ýerine ýetirilmegine garşylyk görkezenleri köşeşdirmek boýunça Siziñ imperator aly-hezretiñiziñ erk-islegini ýerine ýetirmek mynasybetli özümiñ geçiren ähli çärelerimiñ arasynda men döwlet tertip-düzgünini goramak hem-de saklamak uçin harby ýagdaý boýunça şu aşakdakylary amala aşyrdym:
...8. Gürgen derýasynyñ akymynda ýomut türkmenleri köşeşdirilenden soñ özümiziñ ýarag güýji bilen eýelän territoriýamyz bolan Astrabat welaýatynda galmagy dowam etdirmek...
9. Gürgeniñ, Garasuwuñ we Etregiñ jülgelerinde eýelän meýdanymyzyñ mümkin boldugyça köp böleginiñ köplenç uruşda tapawutlanan aşaky çinli urşujylara rus kolonizasiýasy bolup hyzmat etmegi üçin aýratyn aladalanmak...
Göçürmä gol çeken: Türküstan harby okrugynyñ ştab naçalnigi general-maýor Sivers.
1917-nji ýylyñ 28-nji fewraly № 587 Daşkent şäheri
Vosstanie 1916 g. e Turkmenii,,. — S. 210—227.
******************************
Howa! Ýokardaky taryhy faktlardan-da mälim boluşy ýaly ruslaryñ basybaljylykly ýörişi topragymyzyñ bölünip aýrylan demirgazygynda däl, eýsen, Eýranyñ çägine düşen ýerlerde-de dowam edip geldi. Gerek mahaly öz raýatlary hasaplap olardan salgyt ýygnaýan pars emeldarlary-da bu ýörişe göz ýummak bilen ony makulladylar we türkmenleriñ gyrylmagyndan we talanmagyndan şatdygyny aýan etdiler.
Bu taryhy waklaryñ dowamynda siz Jemhuriýet düzgünini ýola goýmak ugrundaky göreşler bilen tanyş bolup bilersiñiz.
Ýörite:
“Eýran Türkmenleriniñ Medeni-Syýasy ojagy” üçin
Prag şäheri
15.05.2008
[1] Kuropatkin Aleksey Nikolaýeviç 1848-nji ýylda Pskov oblastynyñ Şeşurino obasynda dogulyp, 1925-nji ýylda şol ýerde hem aradan çykýar. Kadet korpusyny gutaryp, Pavlov harby uçileşisinde okaýar. Uçilişani 1866-njy tamamlap, Türküstana iberilýär. 1866-1871-nji ýyllarda Orta Aziýany basyp almaga gatnaşýar. Hokant hanlygyny basyp almaga gatnaşýar, M.D. Skobleviñ ýakyn soweşjeñ işgäri bolýar. Skoblevin: "Ol uçursyz diýen ediji we adatdan daşary batyr ofiser" diýen bahasyna mynasyp bolýar. "Ol ölümden gorkmazak, emma bir işiñ başyna barsa, ol işi öz başyna almazak" diýip, Skoblev Kuropatkin hada kesgitleme berýär. 1916-njy ýylyñ iýulyndan 1917-nji ýylyn mart aralygynda Kuropatkin Türkistanyñ general-gubernatory wezipesini eýeledi we 1916-njy ýylda Orta Aziýa gozgalañyn basylyp ýatyrylmagyna ýolbaşçylyk etdi. 1917-nji ýylyñ Fevral revolusiýasyndan soñ general Kuropatkin wezipesinden çetleşdirildi we gullukdan boşadyldy. A.P. Şikman-yñ materiallaryndan. http://historydoc.edu.ru/ [2] Turkmenovedeniya jurnalı. Aşgabat 1927. Nr.1. s.15